O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet50/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Kärhananyň işçi güýji üçin harajatlaryna näme girýändigini düşündiriň.
2. Zähmete hak tölemegiň esasy ýörelgelerini aýdyp beriň.
3. Senagatda zähmete hak tölemegiň haýsy görnüşleri we usul lary ulanylýar?
4. Döwlet zähmete hak tölenişini nähili düzgünleşdirýär?
VIII BAP. ÖNÜMÇILIGIŇ ÝÖRITELEŞMEGI
WE KOOPERASIÝASY
 8.1.
Önümçiligiň ýöriteleşmegi
Häzirki zaman senagatynda uniwersal we ýöriteleşdirilen kärhanalar bardyr.
Köp ugurly kärhanalar üçin her bir iş ýerinde, düzgün bolşy ýaly, gaýtalanmaýan 
şaýlary we ýygnalýan birlikleri taýýarlamak häsi ýetlidir. Şunuň ýaly kärhana giň görnüşli 
(nomenklaturaly) taýýar önüm leriň aýratyn birnäçe nusgasyny çykarýar. Köp ugurly 
önümçilikleriň bolmagy bellibir şertlerde obýektiw ykdysady zerurlyk bolup durýar – ol 
ýa­da beýleki önüme islegiň ýokary bolmazlygy ýa­da jemgyýetçilik zähmet bölünişiniň 
8. Sargyt № 996


114
ösüş derejesiniň pes bolmagy muňa sebäp bolup biler. Önümçilik we şahsy sarp edişiň 
ýokarlanmagynyň önümçiligiň iri tapgyrlaýyn we köpçülikleýin önümçilige geçmek 
mümkinçiligini üpjün edýän möçberlere ýetmegi bilen köp ugurly kärhana zerur bolma­
gyny bes edýär.
Önümçiligiň ýöriteleşmegi ýokary öndürijilikli tehnikany, önümçilikde öňdebaryjy 
tehnologiýalary we guramaçylygy ulanmagyň ykdysady taýdan maksada laýyk bolýan 
mahalynda ösýär. Diýmek, ýöriteleşme önümçiligiň degerli möçberlerinde önümçilik 
umumylygynyň ýokary derejesine eýe bolan önümleriň önümçiliginiň jemlenmegi (kon­
sentrasiýa) bilen şertlendirilendir.
Ýöriteleşen önümçilik diýip tehnologik ýa­da önümçilik babatynda meňzeş bolan, ýol 
berilýän iň pes derejeden ýokary bolan kuwwatlyga ýeten önümçilige düşünilýär. Önümçi­
ligiň ýöriteleşmeginiň netijeliligi şu faktorlaryň hasabyna emele gelýär:
– zähmet öndürijiliginiň has ýokary bolmagy (zähmet talap edijiliginiň peselmegi);
– önümçilik prosesini anyk iş ýerlerine berkidilen birnäçe aýry­aýry amallara böl­
megiň hasabyna. Amallaryň sanyny çäklendirmek önümçilik enjamyny, ýörite guraly we 
abzaly peýdalanmaga mümkinçilik berýär; 
– bar bolan enjamy has doly peýdalanmak, sebäbi tehnologiýa we konstruktiw taýdan 
birmeňzeş önümiň öndürilmegi onuň ýygy­ýygydan we uzak wagtlap gaýtadan sazlanma­
gyny talap etmeýär;
– şol bir wagtda dolandyryş işgärlerini kemeltmek bilen, kärhananyň gurluşyny 
ýönekeýleşdirmek. Çykarylýan önümiň nomenklaturasy näçe az bolsa, kärhananyň gurluş 
birlikleriniň sany hem şol derejede az bolýar;
– tehniki derejäni ýokarlandyrmak. Düzgün bolşy ýaly, köpçülikleýin önüm ön­
dürilýän kärhanalarda (mysal üçin, maşyn gurluşykda) awtomatlaşdyrylan önümçilikleriň, 
awtomatlaryň, ýarym awtomatlaryň tutýan orny tapgyrlaýyn we aýratyn önüm öndürýän 
zawodlardaka garanyňda üç essä golaý az bolýar. Tersine, çeýe awtomatlaşdyrylan enjamlar 
(ulgamlar, ýaçeýkalar, işläp bejerýän merkezler), olary täze önüm taýýarlamak üçin gaýta­
dan sazlamagyň ýeňildigi sebäpli, tapgyrlaýyn we hatda aýratyn önümçiliklerde ulanylsa 
gowy bolar. 
Önümçiligiň ýöriteleşdirilmegi şu görnüşlerde amala aşyrylýar: predmetleýin, bölek 
boýunça, tehnologik we funksional ýöriteleşmeler.
1. Predmetleýin ýöriteleşme ahyrky önümiň aýry­aýry görnüşleriniň önümçiliginiň 
ýöriteleşdirilen kärhanalarda ýa­da olaryň gurluş birliklerinde jemlenmeginde ýüze çykýar. 
Mysal üçin, kärhanalar uçarlary, awtomobilleri, traktorlary, metal işläp bejerýän stanoklary 
we ş.m. öndürmekde ýöriteleşýärler.
2. Bölekler boýunça ýöriteleşme, onda kärhana we olaryň birlikleri önümiň bölekleri­
ni we şaýlary taýýarlamakda ýöriteleşýärler. Mysal üçin, awtomobil gurluşygynda aýry­ 
­aýry kärhanalar ugruna laýyk önüm hökmünde awtomobiliň böleklerini (amortizatorlary, 
karbýuratorlary we ş.m.) çykarýarlar.
3. Tehnologik (tapgyrlaýyn) ýöriteleşme, onda kärhanalar teh nologik prosesiň bellibir 
tapgyrlaryny amala aşyrýarlar. Dokma senagatynda bu dokma kärhanalary üçin ýüplükleri 
öndürýän egirme­dokma fabrikleri, maşyn gurluşykda metal guýulýan kärhanalar, demir­
çilik­pres kärhanalary we ş.m. bolup durýar.


115
4. Funksional ýöriteleşme ýa­da kömekçi önümçilikleriň ýöriteleşmegi – kärhana ýa­
­da onuň gurluş birligi bellibir wezipeleri durmuşa geçirmekde ýöriteleşýärler, mysal üçin, 
abatlaýyş kärhanalary, ulag hyzmatlaryny edýän kärhanalar we beýlekiler.
Kärhananyň ýöriteleşme derejesiniň esasy görkezijisi kärhananyň esasy ugruna laýyk 
gelýän önümiň çykarylýan önümiň umumy möçberindäki tutýan orny bolup durýar. Önüm­
çilik ugry diýip kärhananyň önümleriň bellibir nomenklaturasyny durnukly öndürmäge uý­
gunlaşmagyna düşünilýär.
Ýöriteleşdirilen kärhananyň köp artykmaçlyklary (öňdebaryjy tehnikany we tehnolo­
giýany peýdalanmak, önümçilik siklini gysgaltmak, önümiň özüne düşýän gymmatyny pe­
seltmek, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy, 
standartlaşdyrmagyň we bir ölçege getirmegiň ösmegi, çykarylýan önümiň hiliniň ýokar­
lanmagy we diýmek, kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň güýçlenmegi) bar hem bolsa, 
ol bazar ýagdaýyna örän bagly bolýar. Ýokary derejede ýöriteleşdirilen kärhana tarapyndan 
çykarylýan önüme bolan isleg üýtgän ýagdaýynda onuň durnuklylygy ýöriteleşme derejesi 
pes bolan kärhana garanyňda pes bolýar. Öndürijileriň islegiň üýtgäp durmalaryndan we 
bahalaryň gaçmagyndan ýitgi çekmek töwekgelçiligini peseltmäge bolan isleg önümçiligiň 
diwersifikasiýa edilmegine getirýär, şunda kärhananyň önümçilikleri, düzgün bolşy ýaly, 
tehnologik we konstruktiw taýdan meňzeş önümi ýa­da umumy sarp edijisi bolan önümi 
çykarmaga geçýärler. 
Beýleki tarapdan, senagat kärhanalarynyň ösüşiniň düýp manysy häzirki zaman şert­
lerinde kärhananyň menejmentine öz tagallalaryny ýokary peýdany üpjün edýän önümde 
jemlemäge mümkinçilik bermek maksady bilen, kärhanany ugruna laýyk gelmeýän ak­
tiwlerden boşatmak prosesi giň ösüşe eýe bolýar.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling