O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 7.3. Kärhanada işgärleriň hereketi
Soraglar we ýumuş
1. Esasy işgärleriň sany haýsy usullar bilen kesgitlenýär? 2. Kömekçi işgärleriň sany nähili kesgitlenýär? 3. Iş ýerleri boýunça işgär sanyny hasaplamagyň usulyna häsiýetnama beriň we ony sena- gat-önümçilik işgärleriniň haýsy topary babatynda ulanyp bolýandygyny düşündiriň. 4. Gullukçylaryň sany nähili kesgitlenýär? 108 7.3. Kärhanada işgärleriň hereketi Kärhananyň işgärleriniň sanaw sanynda işgärleri işe kabul etmek we çykarmak bilen bagly üýtgeşmeler yzygider bolup geçýär. Işgärleri dolandyryş nukdaýnazaryndan kärha nanyň işiniň netijeliligine baha bermek zerurlygy olaryň işe gelýän çeşmelerine we olaryň işden çykyp gidýän ugurlaryna seljerme geçirmegi talap edýär. Düzgün bolşy ýaly, gurama işgärleri işe çekmegiň aşakdaky çeşmelerini peýdalanyp biler: – guramanyň öz içindäki çeşmeler; – guramanyň işgärleriniň kömegi bilen tanyşlaryň we garyndaşlaryň arasyndan; – özüni hödürleýän kandidaturalaryň arasyndan. Islendik gurama elektron poçta, poçta arkaly ýada dil üstünden iş gözleýän adamlardan teklipleri alýar. Häzirki pursatda olaryň tekliplerini kabul etmek zerurlygy ýok hem bolsa, gerek bolan halatynda peýdalan mak üçin bu kandidaturalar maglumatlar binýadyna goşul ma lydyr; – köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde – teleýaýlymda, radioda, metbugatda, ýöri te neşirlerde, şol sanda olaryň elektron görnüşlerinde bildiriş bermek; – degişli kär we hünär derejesi bolan hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdeplerine gidip görmek; – potensial kandidaturalar boýunça özlerinde ýeterlik derejede giň maglumatlar binýady bolan işe ýerleşdirmek baradaky döwlet edaralary; – işgärleri seçip almak boýunça hususy agentlikler. Işgärleri seçip almagyň amatly usulynyň ýokdugy sebäpli, işgärleri dolandyryş bölü minde kandidatlary çekmek üçin tärleriň tutuş toplumy bolmalydyr we çözülýän anyk wezipä baglylykda mümkin bolan ähli usullardan peýdalanylmalydyr. Guramanyň geljekki işgärlerini seçip almagyň algoritmi birnäçe yzygiderli tapgyrlar dan ybarat bolup biler: – ilkinji seçip alyş – boş duran wezipäni eýelemek üçin zerur bolan häsiýetnamalaryň iň pes derejesi bolmadyk kandidatlary dalaşgärleriň sanawyndan çykarmak. Häzirki wagt da anketa maglumatlaryny seljermek, test barlagyny geçirmek we hatda hat ýazyp bilşini seljermek ýaly usullar has giň ýaýrandyr; – işgärleri dolandyryş bölüminiň işgäri bilen söhbetdeşlik; – onuň öňki işlän ýerlerinden we ony tanaýan adamlardan kandidat barada maglumat lary almak; – birligiň ýolbaşçysy bilen söhbetdeşlik; – synag; – işe kabul etmek barada çözgüt. Işgärleriň işden çykyp gitmeginiň sebäpleriniň arasynda şu sebäpler görkezilýär: fi ziologik häsiýetli sebäpler (ölüm, uzak wagtlap näsaglyk, pensiýa ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy sebäpli şu kärhanada öz borçlaryny ýerine ýetirmegiň mümkin bolmazlygy); ka nun çylykda göni göz öňünde tutulan sebäpler (işçi güýjüniň ze rur bolan dolanyşygy) – gulluga çagyrylmak, önümçilik den aýrylmak şerti bilen okuwa girmek; işçi güýjüniň ar tykmaç dolanyşygy ýada işgärleriň geldigeçerligi (öz islegiň boýunça işden çykmak, işe 109 çyk mazlygy we düzgünnyzamyň beýleki bozulmalary üçin, kazyýetiň çözgüdi boýunça we ş.m. üçin işden çykarmak). Firmanyň işgärler gulluklarynyň işiniň hiline baha bermek üçin işgärleriň dolanyşy gynyň intensiwligini häsiýetlendirýän görkezijiler ulgamy peýdalanylýar: – kabul etmek boýunça dolanyşygyň intensiwliginiň koeffisiýenti – seljerilýän döwür de işe kabul edilen adamlaryň sanynyň ortaça sanaw sanyna bolan gatnaşygy; – çykyp gitmek boýunça dolanyşygyň intensiwliginiň koeffisiýenti – seljerilýän döwürde işden çykyp giden adamlaryň sanynyň ortaça sanaw sanyna bolan gatnaşygy; – işgärleriň geldigeçerliginiň koeffisiýenti – işgärleriň geldigeçerligine degişli se bäpler boýunça çykyp giden işgärleriň sanynyň şol döwürdäki işgärleriň ortaça sanaw sanyna bolan gatnaşygy. Işgärleri çalyşmak we olaryň durnuklylygy koeffisiýentleri hem peýdalanylýar. Firmanyň işgärleri bilen alnyp barylýan işiň möhüm ugurlarynyň biri hem işgärleri okatmak we gaýtadan taýýarlamak (şol sanda kärhananyň özünde) bolup durýar. Bu önüm çiligiň we tutuş firmanyň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak üçin zerur bolup, işgärleri okatmak we gaýtadan taýýarlamak zerurlygyny şertlendirýär. Kärhanada işleýän işgärler hemişe öwrenmek (okuw) prose sinde bolýarlar, sebäbi täze enjamlar peýda bolýar, täze teh nologik prossesler ulanylýar, dolandyryşy, önümçiligi we zähmeti guramagyň ýörel geleri üýtgeýär, ozal bol madyk täze wezipeler (mysal üçin, marketing) ýüze çykýar. Soňky ýyllarda işgärler bilen iş alyp barmagyň täze görnüşleri peýda boldy. Gürrüň, birinji nobatda, işgärleriň lizingi barada gidýär. Işgärleriň lizingi (staff leasing) işgärleri daşyndan wagtlaýyn ýada möhletli çekmegiň bir görnüşi bolup durýar. Wagtlaýyn işgär leriň hyzmatlaryndan adatça şu ýagdaýlarda peýdalanýarlar: – gyssagly işler döwründe we möwsümleýin işlerde; – ýerini çalşyp bolmaýan hemişelik hünärmeniň işde bolmaýan wagtynda (rugsat, dekret we ş.m.); – guramanyň esasy iş ugry bilen bagly bolmadyk ýörite işleri ýerine ýetirmek üçin; – hemişelik işgär düzümine täze işgärleri girizmek mümkinçiligi ýok bolanda. Köp ýurtlaryň kanunçylygynda [«lizing»] düşünjesiniň işgärlere degişli däldigi se bäpli, arassa hukuk babatynda degişli hyzmatlary etmek barada gürrüň edilip bilner. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling