O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet55/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. «Önümiň bäsdeşlige ukyplylygy» düşünjesine kesgitleme beriň.
2. Önümiň hiline kesgitleme beriň, önümiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde ol nähili 
rol oýnaýar?
3. Hil görkezijileriniň esasy toparlaryny aýdyp beriň.
4. Aýratyn hil görkezijilerini aýdyp beriň we olaryň mazmunyna kesgitleme beriň.
5. Önümiň bäsdeşlige ukyplylygyna nähili baha bermeli?
 9.2.
Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygy
Önümiň we harydyň bäsdeşlige ukyplylygy düşünjesi bilen kärhananyň bäsdeşli­
ge ukyplylygy kategoriýasy ýakyn baglanyşyklydyr. Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygy 
daşky gurşawyň üýtgeýän şertlerinde onuň kärhananyň işine gözegçilik edýän toparyň 
(adamlaryň, guramalaryň) bähbidine laýyk gelýän orny üpjün etmek we goýlan maksatlara 
ýetmäge ýardam bermek ukybyny aňladýar.
Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny emele getirmegiň esasy şular bolup durýar:
– harytlar bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk, ýagny sarp edijiler (müşderiler) üçin kabul 
ederlikli hili bolan we kabul ederlikli bahalardan harytlary öndürmek ýa­da hyzmat etmek 
ukyby;
– zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk – zerur hünär derejesi bolan işgärleri çek­
mek we saklamak ukyby;
– maýa bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk – maýa bazarlarynda zerur bolan maliýe 
serişdelerini çekmek ukyby;
Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygy onuň hereket edýän daşky we içki gurşawynyň 
faktorlarynyň toplumynyň hereketi bilen kesgitlenilýär.
Daşky gurşawyň faktorlaryna birikdirilen görnüşe şular degişli edilip bilner:


122
– pudagyň bäsdeşlige ukyplylygy, sebitiň bäsdeşlige ukyplylygy, kärhananyň ýer­
leşýän ýurdunyň bäsdeşlige ukyplylygy (milli bäsdeşlige ukyplylyk);
– materiallaryň, maliýe we maglumat serişdeleriniň gelýän akymlaryny guramak;
– bäsdeşikli bazaryň şertleri: ýagdaýy, gurluşy we sygymy, haryt teklibiniň şertleri, 
sarp edijiniň önüme bildirýän talaplary we ş.m.
Pudagyň bäsdeşlige ukyplylygy diýip kärhanalaryň ýurduň içki we daşky bazarlaryn­
da bäsdeşlige jemi taýýarlyk derejesine düşünilýär; ol ýurduň ykdysady ösüşini we dünýä 
ykdysadyýetiniň ösüşini çaklamagyň dürli görnüşlerinde pudagyň bazardaky potensial pa­
ýy nyň ululygy bilen kesgitlenýär.
Sebitiň bäsdeşlige ukyplylygyna sebitleriň dolandyryş edaralarynyň sebitiň ilatynyň, 
öz çäginde ýerleşen kärhanalaryň we guramalaryň barha artýan isleglerini has doly kana­
gatlandyrmak mak sady bilen, çägiň (sebitiň) ykdysady mümkinçiligini oýlanyşykly peý­
dalanmak üçin şertleri döretmek ukyby bilen baha berilýär. 
Ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyna (milli bäsdeşlige ukyplylyga) hem şunuň ýaly 
görnüşde baha berip bolar.
Içki gurşaw faktorlaryna kärhananyň ykdysady mümkinçiliginiň elementleri degişli­
dir, olar binýatlyk serişdeleriň möçberine we hiline hem­de olary netijeli peýdalanmak 
mümkinçiligine baglydyr.
Haryt bazarynda kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygy onuň ab ra ýynyň, ýagny satyn 
alyjylaryň (sarp edijileriň) kärhana ba radaky pikirleriniň netijesinde ýüze çykýar. Ol kärha­
nanyň öndüriji we ahyrky önüm hem­de islendik tapgyrdaky aralyk önüm bilen üpjün ediji 
hökmündäki işewürlik abraýyna esaslanýar. Degişlilikde, kärhananyň at­abraýy harytlary 
ýerlemegiň barşynda olaryň bäsdeşlige ukyplylygyna täsir edýär. 
Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyna baha bermek onuň bäsdeşlik mümkinçiligini 
seljermegiň, bençmarkingiň (daýanç nokadynyň) usullaryny peýdalanmagyň we kärha­
nanyň hil boýunça baýraklar modelleriniň ölçeglerine laýyk gelşine baha bermegiň esasyn­
da geçirilip bilner.
1. Kärhananyň bäsdeşlik mümkinçiligine baha bermegiň görkezijileri şu toparlara 
jemlenip biler:
– emläk ýagdaýy;
– tölege ukyplylyk we maliýe taýdan durnuklylyk;
– işewürlik işjeňligi;
– önümçilik işiniň netijeliligi;
– harydy ýerlemegi we öňe sürmegi guramagyň netijeliligi;
– önümiň bäsdeşlige ukyplylygy.
Jemläp alanyňda, bu görkezijiler kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyna baha bermek 
üçin seljeriş binýadynyň ulgamyny emele getirýär. Soňra hasaplanan görkezijiler bäsdeş 
kärhanalaryň görkezijileri, pudak boýunça ortaça görkezijiler, baha berilýän kärhananyň 
geçen ýyl lardaky görkezijileri ýa­da kärhananyň bäsdeşlige ukyplylyk modeliniň etalon 
(ideal) modelini häsiýetlendirýän kadalaýyn görkezijiler bilen deňeşdirilmelidir. 


123
Bäsdeşlige ukyplylyga kärhananyň bäsdeşlige ukyplylyk mümkinçiligini seljermegiň 
esasynda berilýän bahanyň üsti kärhananyň da şky gurşaw faktorlaryna geçirilen marketing 
barlaglar bilen ýetirilmelidir.
2. Bençmarking (benchmarking – daýanç nokady) – baha berilýän kärhananyň işini 
üstünlikli işleýän kärhananyň işi bilen deňeşdirmek prosesidir. Şunuň esasynda ony ösdür­
megiň we kämilleşdirmegiň ugurlary kesgitlenilýär. Bençmarking barlaglarynyň obýekti 
diňe bir tutuş kärhana bolman, eýsem aýry­aýry kiçi ulgamlar, bu kiçi ulgamlary kesgit­
leýän prosesler hem seljerilip bilner.
Iş ýüzünde içki, daşky we funksional bençmarking has giň ýaý randyr.
Içki bençmarking iri kompaniýalar tarapyndan golçur firmalaryň ýa­da bölümleriň 
işini deňeşdirmek ýoly bilen bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini 
ýüze çykarmak üçin peýdala nylýar.
Daşky bençmarkingde kärhana, düzgün bolşy ýaly, bir pudagyň çäklerinde öňdebary­
jy firmalar bilen deňeşdirilýär.
Funksional bençmarkingiň barşynda kompaniýanyň bir ýa­da birnäçe wezipeleri 
(marketing, önümçilik, ýerlemek we ş.m.) şu ulgamda öňde barýan kompaniýanyň şunuň 
ýaly wezipeleri bilen de ňeşdirilýär.
3. Kärhananyň hil boýunça baýraklar modelleriniň ölçeglerine laýyk gelşine baha ber­
megi onuň bäsdeşlige ukyplylygyna baha bermäge çemeleşmelere degişli edip bolar, sebä­
bi şu hili baha bermegiň ölçegleriniň köpüsi hili dolandyryş ulgamlarynyň çäginden çykýar 
we tutuş kärhananyň işine degişli bolýar. Hil boýunça baýraklar modeli dürli derejelerde, 
ýagny halkara, sebitleýin, mil li, pudaklaýyn, korporatiw derejelerde işlenip taýýarlanylýar 
we hereket edýär. 
Hil babatynda baýraklar modelleriniň esasynda bäsdeşiň hasabatynyň çäklerinde 
kärhananyň bellenilen ölçegler boýunça öz­özüne berýän bahasy ýatýar. Gatnaşýan kärha­
nalara bilermenleriň hasabatlary berilýär, olarda kärhananyň işiniň artyk taraplary we ýet­
mezçilikleri bellenilýär. Käbir ýurtlarda hil babatynda baýraklar modelinde bäsdeşlige gat­
naşýan kärhanalara baha bermek 1000 bally ulgam boýunça alnyp barylýar, ol işiň esasy 
dokuz ölçegini öz içine alýar, olar iki topara – «Mümkinçilikler» we «Netijeler» toparlaryna 
bölünýär (21-nji surat).
Öz­özüňe baha bermegiň barşynda şu çäreler ýerine ýetirilýär:
– kärhananyň işini we onuň netijelerini ýeke­täk ölçegleriň esa synda pudagyň iň go­
wy kärhanalary bilen deňeşdirmek;
– bilermenleriň faktlara esaslanýan obýektiw bahalaryny almak;
– işgärlere hili ählumumy dolandyrmak ýörelgelerini öwretmek;
– kämilleşdirip boljak prosesleri ýüze çykarmak we seljermek;
– ozalky öz­özüňe berlen baha bilen deňeşdirilende üýtgemeleri ýüze çykarmak we 
seljermek;
– birlikleriň we işgärleriň üstünliklerini ýüze çykarmak hem­de baýrak bermek. Şeýle­
likde, hil babatynda baýraklar modelleri kärhanalaryň öz işlerine özleriniň baha bermegine 


124
we soňra bençmarkingiň kömegi bilen ony ykrar edilen iň gowy tejribe bilen deňeşdirmäge 
mümkinçilik berýär.
Işleri 
gura makda 
ýolbaşçy­ 
laryň 
wezipesi
100 ball
(10%)
Teh­
nologik 
prosesleri 
we işleri 
ýerine 
ýetirmegiň 
prosesle­ 
rini dolan­
dyrmak
130 ball
(13%)
Gura­
manyň 
işiniň 
netijeleri
120 ball
(12%)
Mümkinçilikler
550 ball (55%)
Netijeler
450 ball (45%)
Işgärleriň 
mümkinçiligini 
peýdalanmak
129 ball
(12%)
Hil babatyn­
da meýil­
namalaşdyrmak 
100 ball (10%) 
Serişdelerden 
oýlanyşykly 
peýdalanmak
120 ball
(10%)
Sarp edijileriň 
önümiň (hyzmat­
laryň) hilinden 
kanagatlanma 
derejesi
180 ball (18%)
Guramanyň 
jemgyýete täsiri
60 ball
(6%) (9%)
Işgärleriň gura­
madaky işden 
kanagatlanmagy
90 ball
(9%)

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling