O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet63/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. «Marketing» düşünjesine kesgitleme beriň.
2. Kärhananyň bazary öwrenmek boýunça işiniň esasy tapgyrlaryny aýdyp beriň we olaryň 
düýp manysyny açyp görkeziň.
3. Harydy öwrenmek haýsy ugurlarda alnyp barylýar?
4. Kommunikasiýa syýasatyny düşündiriň?
5. Kärhananyň ýerleme syýasaty nämeden durýar?


138
 10.2.
Kärhananyň marketing işiniň
strategiýasy we taktikasy
Marketing strategiýasy kärhananyň iň ähmiýetli funksional strategiýalarynyň biridir, 
çünki marketing kärhananyň ähli ýerleme we önümçilik wezipelerini (çig maly satyn al­
makdan başlap, satyn alyja hyzmat etmäge çenli) netijeli guramaga mümkinçilik berýär.
Marketingiň strategiýasyny işläp taýýarlamagyň barşynda üç wezipe çözülýär:
– bazarda kärhananyň hereket etjek segmentini saýlap almak;
– şu segmentiň çäklerinde peýdalanylmagy zerur bolan bäsdeşlige ukyplylygyň esasy 
faktorlaryny kesgitlemek;
– şu bazardaky işiň başlanmaly we tamamlanmaly amatly möhletlerini kesgitlemek 
(önümiň ýaşaýyş döwrüne, ýagny islegiň artyşyna we peselişine baha bermegiň esasynda).
Aşakda islegiň anyk şertlerinde firmanyň strategik özüni alyp barşynyň bazar 
görnüşleriniň topara bölünmesi getirilýär:
– bazardaky orunlary marketing arkaly goramak;
– ýerlemegi çak edilýän bazar ýagdaýyna uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen marketing;
– seljeriş marketingi (ýerleme syýasatynyň dürli görnüşlerini synap görmek);
– konýunkturanyň üýtgemelerine marketing arkaly seslenmek.
Adatça önümçilik kärhanasynda marketingiň funksional strategiýasyny emele getir­
mek şu ugurlar boýunça strategiýalaryň we maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyny göz 
öňünde tutýar: önüm, nyrh emele getirmek, paýlama kanallary we harytlary öňe sürmek 
strategiýalary hem­de maksatnamalary (8-nji tablisa).
8-nji tablisa

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling