O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 9.6. Sertifikatlaşdyrmak önümiň hilini üpjün etmegiň guraly hökmünde
Sorag we ýumuşlar
1. Standartlaşdyrmagyň nämedigini we onuň maksatlarynyň hem-de wezipele riniň nämeden ybaratdygyny düşündiriň. 2. Standartlaşdyrmagyň esasy ýörelgelerini we wezipelerini açyp görkeziň. 133 3. Standartlaşdyrmak boýunça iş haýsy resminamalar bilen tertipleşdirilýär? 4. Standartlaşdyrylýan obýekte we onuň aýratynlygyna baglylykda standartlaryň görnüşlerini aýdyp beriň. 9.6. Sertifikatlaşdyrmak önümiň hilini üpjün etmegiň guraly hökmünde Haryt bazarlarynda baha däl bäsdeşligiň rolunyň barha ýokarlanýan, mümkin bolan sarp edijileriň önümiň we hyzmatlaryň hili babatynda barha talabediji bolýan şertlerinde olar baradaky maglumatlar obýektiw hemde dogry bolmalydyr. Önümi sertifikatlaşdyr mak onuň hili babatynda sarp edijä bellibir kepillendirmeleri berýär. Çilide kiçi we orta telekeçilik kärhanalaryny ISO 9000 standartynyň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmaga ýardam etmek boýunça döwlet maksatnamasy hereket edýär. Şu maksatnama laýyklykda Çiliniň 100 müň töweregi orta kärhanalarynyň 25 müňe golaýy halkara sertifikatyny aldy. Hökümet sertifikat almak üçin çykdajylaryň 50%ini maliýeleşdirdi, galan 50%ini kompaniýanyň özi töledi. Şunda býujet serişdeleri ýüz tu tan kompaniýanyň özüne dälde, sertifikasiýa geçirýän halkara agentliginiň gönüdengöni özüne tölendi. Sertifikatlaşdyrmak sertifikasiýa geçirýän edara tarapyndan ob ýek tiň tehniki tertip leriň talaplaryna, standartlaryň düzgünlerine ýada şertnamalaryň şertlerine laýyklygyny tassyklamak görnüşi hökmünde amala aşyrylýar. Laýyklygy tassyklamak şu maksatlarda geçirilýär: – önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň we beýleki obýektleriň), önümçilik prosesleriniň, ulanmagyň, saklamagyň, daşamagyň, ýerlemegiň we gaýtadan peýdalanmagyň tehniki ter tiplere, standartlara, şertnamalaryň şertlerine laýyklygyny tassyklamak; – sarp edijileriň önümleri (işleri, hyzmatlary) saýlap almagyna ýardam etmek; – bazarlarda önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlan dyrmak; – harytlaryň ýurduň çägi boýunça erkin ondanoňa geçirilmegini üpjün etmek üçin, şeýle hem halkara ykdysady, ylmytehniki hyzmatdaşlygy we halkara söwdasyny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek. Halkara tejribesinde laýyklygy tassyklamak hökmünde sertifikatlaşdyrmak meýletin ýada hökmany häsiýetde bolýar we şu gör nüşlerde amala aşyrylýar: Özözüňi sertifikasiýa etmek (birinji tarapyň sertifikasiýasy). Taýýarlaýjy (satyjy) önümiň hili üçin jogapkärçiligi doly öz üstüne alýar. Şunda beýannama doldurylýar we onda önümiň we hil menej menti ulgamynyň ölçegleriň (standartlaryň, tehniki şertleriň, ka dalaryň, spesifikasiýalaryň we ş.m.) talaplaryny kanagatlandyrýandygy beýan edilýär. Sarp edijiler ýada üçünji tarap tarapyndan mümkin bolan seljermeler üçin degişli resminamalar goşulýar. Ikinji tarapyň sertifikasiýasy. Satyn alyjy, buýrujy tarapyndan, şeýle hem ahyrky önümi öndürýän kärhana tarapyndan özüniň üpjün edijilerinde geçirilýär. Köplenç, uly göwrümli, daşamasy kyn bolan önümler üçin we üpjün ediji kärhanalaryň hil menejmenti ulgamy sertifikatlaşdyrylanda ulanylýar. 134 Üçünji tarapyň sertifikasiýasy. Şunuň ýaly baha bermek hukugy bolan garaşsyz eda ralar tarapyndan amala aşyrylýar. Sertifikasiýanyň görnüşini saýlap almak onuň hökmanylygyna baglydyr. Halkara tej ribesinde hökmany sertifikasiýa, düzgün bolşy ýaly, üçünji tarap tarapyndan geçirilýär, meýletin sertifikasiýada onuň dürli görnüşleri ulanylyp bilner. Laýyklygy meýletin tassyklamak degişlilikde, meýletin sertifikasiýany talap edýär. Olar babatynda standartlarda, meýletin sertifikasiýa ulgamlarynda we şertnamalaryn da bellibir talaplar bellenilýän önümler (işler, hyzmatlar), olary öndürmek, ulanmak, sakla mak, daşamak, ýerlemek we gaýtadan peýdalanmak prosesleri laýyklygy meýletin tassyk lanýan obýektler bolup durýarlar. Laýyklygy hökmany tassyklamak laýyklyk hakynda beýannamany kabul etmek (mun dan beýläk, laýyklyk hakynda beýannama) we hökmany sertifikatlaşdyrmak görnüşlerinde amala aşyrylýar. Laýyklygy hökmany tassyklamak diňe degişli tehniki tertiplerde bellenilen halat larynda we diňe tehniki tertibiň talaplaryna laýyklyk babatynda geçirilýär. Diňe ýurduň çäklerinde dolanyşyga çykarylýan önümler laýyklygy hökmany tassyklanýan obýekt bolup biler. Laýyklygy hökmany tassyklamagyň görnüşi we nusgalary, eger tehniki tertibiň maksatlaryna ýetip bolmaýan bolsa, töwekgelçilik derejesini hasaba almak bilen, diňe teh niki tertip bilen bellenilip bilner. Laýyklyk hakynda beýannamanyň we laýyklyk sertifikatynyň laýyklygy hökmany tassyklamak nusgalaryna garamazdan, deň hu kuk güýji bolýar we ýurduň ähli ýerlerinde hereket edýär. Hökmany sertifikasiýa hökümet tarapyndan bellenen tertipde akkreditasiýa edilen sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň ýüz tutýan tarap bilen baglaşan şertnamasynyň esa synda amala aşyrylýar. Önümleriň bellibir görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak üçin ula nylýan sertifikatlaşdyrma nusgalary degişli tehniki tertipde bellenilýär. Tehniki taýdan düzgünleşdirmek edarasy tehniki tertipleriň ta lap laryna laýyk gelýän digi kanunda bellenen tertipde tassyklanan, bazarda dolanyşyk nyşany bilen belgilenýän önümlere berlen sertifikatlaryň sanawyny alyp barýar. Milli standartyň esasyny birmeňzeş önümiň bellibir görnüşi üçin döredilýän serti fikatlaşdyryş ulgamy emele getirýär. Bu görnüşler bir funk sional bellenilen maksady, iş (ulanyş) ýörelgeleri, gözegçilik we sy nag usul lary we ş.m. bolan harytlaryň (hyzmatlaryň) uly toparyny öz içine al ýar. Ýurtda önümleri we hil menejmenti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmak umumy kada laryň we ony geçirmegiň tassyklanan tertibiniň esa synda geçirilýär. Käbir ýurtlarda hil menejmenti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmak meýletin häsiýetde bolýar. Onuň kadalaýyn esasyny ISO 9000, ISO 14000 halkara standartlary we hil menej menti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmak boýunça resminamalar toplumy düzýär. Hil menejmenti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmagyň esasy ýörelgelerine şular degişlidir: – meýletinlik; 135 – baha bermegiň obýektiwligi, bu sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň garaşsyzlygy we bilermenleriň – auditorlaryň düşünjelilik derejesi bilen gazanylýar; – berilýän bahalaryň netijeleriniň beýan edijiligi, ol baha bermeleri geçirmäge bildi rilýän ýeketäk talaplara esaslanýan usullary ulanmak bilen üpjün edilýär; – gizlinlik, ol hil menejmenti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmagyň we önümçiligiň barşynda kepillendirilýär; – maglumatlylyk, ol sertifikatlaşdyrylýan edaralar we sertifikatlaşdyrylýan hil ul gamlary barada maglumat bilen üpjün edilýär. Hil menejmenti ulgamlary sertifikatlaşdyrylanda şular barlag we baha beriş obýektleri bo lup durýar: hili dolandyrmak we üpjün etmek boýunça iş, önümçilik ulgamy we önümiň hili. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling