O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet62/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar
1. «Sertifikatlaşdyrmak» düşünjesine kesgitleme beriň. Onuň maksatlary we we zipeleri näme-
den ybarat?
2. Sertifikatlaşdyrmagyň nähili görnüşleri bar?
3. Hil menejmenti ulgamlarynyň sertifikatlaşdyrylyşyna kesgitleme beriň. Olar näme üçin peý-
dalanylýar?
4. Hil menejmenti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmak haýsy ýörelgelere esaslanýar?
X BAP. KÄRHANANYŇ IŞINDE MARKETING
 10.1.
Marketing dolandyryşyň bazar konsepsiýasy 
hökmünde
Marketing (market – bazar) – kärhananyň ylmy­tehniki, tejribe­konstruktorçylyk we 
önümçilik­ýerleme işini ulgamlaýyn do lan dyr magyň bar bolan we bolup biläýjek sarp ediji­
leriň taraplaryny aň ry baş de rejede kanagatlandyrmaga gönükdirilen bazar konsepsiýa sydyr.
Marketing dolandyryş ulgamy hökmünde:
– önümçilik­ýerleme işiniň ahyrky netijesini gazanmaga – bazarda harydy netijeli 
ýerlemäge gönükdirilendir;
– kärhananyň ähli işini sarp edijileriň talaplaryna tabyn etmegi göz öňünde tutýar;
– bazary öwrenmek we şol bir wagtyň özünde bazara maksada gönükdirilen täsir et­
mek bilen, oňa işjeň uýgunlaşmak syýasatyna esas lanýar;
– marketing işinde adam faktoryny işjeňleşdirmäge ýardam ed ýär, munuň üçin işgär­
leri terbiýelemek, olaryň işewürlik işjeňligini wе başarnyklaryny, şeýle hem olaryň hüjüm 
ediş taktikasyna eýermek lerini üpjün etmek zerurdyr.
Marketingiň umumy ýörelgeleri marketing işiniň anyk ugur larynda öz beýanyny tap­
ýar. Marketingiň esasy ugurlaryna şular degişlidir: 
– bazary toplumlaýyn öwrenmek we çaklamak;
– haryt we baha syýasatyny emele getirmek hem­de amala aşyrmak;
– kommunikasiýa syýasatyny alyp barmak;


136
– satuwlar syýasatyny işläp taýýarlamak we alyp barmak;
– marketing işini dolandyrmak we onuň amala aşyrylyşyna gözeg çilik etmek.
Bazary toplumlaýyn öwrenmek we çaklamak, marketing işiniň bölegi hökmünde 
dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine, aýratyn alnan ýur duň ykdysady ýagdaýyna, önümçiligiň 
haýsydyr bir ulgamynyň ösüşine täsir edýän faktorlaryň we şertleriň jeminden ybarat bolan 
konýunkturany öwrenmäge esaslanýar. Umumy hojalyk konýunkturasy, ykdysadyýetiň pu­
daklarynyň ýa­da haryt bazarlarynyň konýunkturasy tapawutlandyrylýar.
Umumy hojalyk konýunkturasy dünýä hojalygynyň ýa­da aý ratyn alnan ykdysa­
dyýetiň bellibir döwürdäki ýagdaýyny häsiýetlendirýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň 
konýunkturasy ykdysadyýetiň anyk pudaklarynyň ýagdaýyny we ösüş depginini görkezýär. 
Haryt ba zarlarynyň konýunkturasy anyk harytlary öndürmek we ýerlemek ulgamyndaky 
gündelik üýtgemeleri öwrenmäge mümkinçilik berýär. 
Kärhananyň marketing işi şu tapgyrlary öz içine alýar:
1) bazar potensialyny (bazaryň sygymyny) öwrenmek – anyk harydyň bellibir döwrüň 
dowamynda bazarda ýerlenip biljek aňryçäk mümkin bolan mukdaryny kesgitlemek;
2) bazar segmentasiýasyny seljermek – bazary onuň saýlanyp alnan ölçeglerine (geo­
grafik, demografik, özüňi alyp baryş we ş.m.) laýyklykda bölmek. Segmentleşdirmegi sel­
jermek, soňundan sarp edi jileriň isleglerine we kärhananyň mümkinçiliklerine has laýyk 
gelýän maksatlaýyn bazarlary kesgitlemek üçin geçirilýär; 
3) bazaryň firma gurluşyny we bäsdeşleriň orunlaryny anyklamak – şu bazarda 
işleýän firmalaryň esasy toparlaryny kesgitlemäge esaslanýar: bäsdeşler, bitaraplar, hyz­
matdaşlar (satyn alyjylar). Firmanyň ol ýa­da beýleki topara degişliligine baglylykda her 
bir firma babatynda ygtybarlylyk, tölege ukyplylyk, bäsdeşlik babatda gowşak we ar­
tyk ýerleri we ş.m. öwrenilýär. Munuň üçin maglumatlary almagyň dürli ýollary peýda­
lanylýar: araçy we ýerleýiş gulluklaryndan alynýan mag lumatlar, mahabat ýollaryny, ka­
taloglary we beýleki edebiýatlary seljermek, sergilere baryp görmek. Bu maglumatlar 
bäsdeş firma tarapyndan çykarylan meňzeş önümler baradaky tehniki­ykdysady mag­ 
lumatlary, şeýle hem bäsdeş firmalaryň strategiýasy baradaky maglumatlary öz içine alýar. 
Diňe bir bäsdeşiň bazara çykarylýan önümi däl­de, eýsem bäsdeş firmalaryň täze işläp 
taýýarlamalary hem öwrenilýär, bazaryň bäsdeşleriň arasynda bölünişine baha berilýär;
4) satyn alyjylar baradaky maglumatlary öwrenmek – satyn alyjylar tarapyndan ol ýa­
da beýleki harydyň saýlanyp alnyşy bagly bolan esasy kriterileri ýüze çykarmak maksady 
bilen, satyn alyjylaryň isleglerine täsir edýän faktorlar öwrenilýär. Şonuň esasynda satyjy 
firma öz önüminiň potensial satyn alyjylaryny kesgitleýär.
Anyk bazarlaryň satyn alyjylarynyň we sarp edijileriniň durmuş­psihologik aýratyn­
lyklaryna seljerme geçirilýär, satyn almak hakynda çöz gütler kabul edilende olaryň 
nämä esaslanýandyklary, olaryň satyn almalara gatnaşygyna baglylykda satyn alyjylaryň 
görnüşleri öwrenilýär. 
Bazary öwrenmek boýunça marketing maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň netijeleri 
firmanyň satuwlaryny çaklamak üçin peýdalanylýar. Firmanyň bazardaky paýyny çakla­
magyň dürli usullary peýdalanylýar, hususan­da:
– bilermenleriň bahalary (bazaryň geljekki ösüşi barada hünärmenleriň berýän baha­
laryny we pikirlerini öwrenmek);


137
– degişli haryda bolan isleg barada söwda agentlerinden we sarp edijilerden soraşma­
lary geçirmek;
– bazaryň ozalky ösüş meýillerini peýdalanmak hem­de bölekleýin we bölekleýin däl 
faktorlary hasaba almak bilen, çaklamalary seljermek we işläp taýýarlamak. 
Bazary toplumlaýyn öwrenmek kärhananyň öndürýän önüminiň bäsdeşlige ukyplyly­
gyny ýokarlandyrmak, täze harytlary döretmek, nomenklaturany we görnüşleri amatly et­
mek boýunça çäreleri öwrenmäge we geljekde olary kesgitlemäge esaslanýan haryt syýa­
satyny amala aşyrmagyň esasy bolup durýar.
Harydy öwrenmek şu ugurlar boýunça alnyp barylýar: hil gör kezijisi, söwda nyşany, 
gaplama we belgileme, kepillendirmeler, saty landan soňky serwis.
Haryt orun eýelemek prosesiniň kömegi bilen öwrenilýär, bu proses diýip maksat­
laýyn bazarda ýa­da şu önümiň klasynda bäsdeş babatynda önüm tarapyndan eýelenýän 
ýa­da önüm bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýan ornuň kesgitlenmegine düşünilýär.
Orun eýelemegiň, bazar isleglerini öwrenmegiň we çaklamagyň esasynda marketing 
gullugy önümiň bir görnüşini önümçilikden aýyr mak, beýlekilerini döwrebaplaşdyrmak, 
täze görnüşlerini döretmek we özleşdirmek boýunça maslahatlary işläp taýýarlaýar. Kärha­
na tarapyndan innowasion syýasatyň durmuşa geçirilişine, sarp edijileriň talaplaryny hasa­
ba almak bilen, täze harytlary döretmek, täze harytlary we tehnologiýalary bazara çykar­
mak hem­de olaryň özüni alyp barşyna syn etmek işlerine uly ähmiýet berilýär. 
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde nyrh emele getirmek usulyýeti hem marketing barlag­
laryna esaslanýar. Öndüriji firmalar bazarda harydyň tutuş nomenklaturasy we her bir görnüşi 
boýunça kärhananyň baha babatda özüni alyp barşynyň strategiýasynyň saýlanyp alynmagyny 
göz öňünde tutýan baha syýasatyny amala aşyrýarlar, işläp taýýarlaýarlar we durmuşa ge­
çirýärler. Saýlanyp alnan strategiýanyň çäklerinde harydyň başlangyç bahalary we geljekde 
daşky hem­de içki faktorlary hasaba almak bilen, olara düzediş girizmek kesgitlenilýär.
Marketing diňe bir bazary öwrenmegi däl, eýsem şol bir wagtyň özünde bazara maksada 
gönükdirilen täsir etmek bilen, oňa işjeň uýgunlaşmagy göz öňünde tutýar. Şunuň bilen bag­
lylykda, öz içine islegi emele getirmek we ýerlemegi höweslendirmek boýunça çäreleri alýan 
kommunikasiýa syýasatyny emele getirmegiň hem­de durmuşa geçirmegiň uly ähmiýeti bar­
dyr. Mahabat, şahsy satuwlar, sergilere we ýarmarkalara gatnaşmak, firma stilini işläp taýýar­
lamak we önümiň ýerlenişini höweslendirmegiň beýleki çäreleri şular ýaly çärelere degişlidir. 
Marketing işinde ýerleme syýasatyna uly orun berilýär, onuň esasy maksady öndürilýän 
önümi netijeli satmak üçin ýerleme ulgamyny gurmak bolup durýar. Ýerleme syýasatynyň 
çäklerinde lomaý we bölek söwda dükanlary, harytlaryň aralyk saklanýan ammar lary, serwis 
hyzmatyny edýän nokatlar döredilýär, harydyň hereket edýän ugurlary saýlanylyp alynýar, 
önümleri daşamak guralýar, ha rytlary satmagyň şertleri emele getirilýär we ş.m.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling