O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 10.3. Kärhananyň marketing işini guramak
Soraglar we ýumuş
1. Kärhananyň marketing strategiýasyny işläp taýýarlamagyň barşynda nähili wezipeler çö- zülýär? 2. Marketing strategiýasynyň esasy elementlerini aýdyp beriň we olaryň düýp mazmunyny düşündiriň. 3. Önümiň ýaşaýyş döwri (ÖÝD) näme we onuň esasy tapgyrlary haýsylar? 4. Marketing strategiýasy emele getirilende haýsy modeller peýdalanylyp bilner? 5. Önümi ýerlemegiň esasy usullaryny aýdyp beriň. 10.3. Kärhananyň marketing işini guramak Kärhanada marketing işini guramak üçin onuň umumy maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän dolandyryş görnüşi saýlanylyp alynmalydyr. Marketing ugurlaryny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlaryna we dolulygyna baglylykda, marketing işini gurama gyň birnäçe esasy görnüşleri görkezilip bilner. Uly bolmadyk kärhanalar üçin marketing, düzgün bolşy ýaly, kärhananyň beýleki bir liginiň düzümine girýän marketing topary tarapyndan geçirilýär. Mysal üçin, şunuň ýaly topar ýerleme bölüminde ýada konýunkturany we islegi öwreniş bölüminde döredilip bil ner. Marketing boýunça hünärmenleriň baş maksady haryt ýerlenýän bazar barada mag 142 lumatlary yzygiderli seljermek we kärhananyň ýolbaşçylary üçin marketing işiniň esasy ugurlary boýunça gündelik hemde geljege niýetlenen häsiýeti bolan maslahatlary taýýarla mak bolup durýar. Kärhanada marketing bölümini guramak ähli marketing wezipeleriniň bir bölümde jemlenmegini göz öňünde tutýar. Şunuň ýaly bölümiň esasy wezipesi önümçiligi, nyrh emele getirilişini, önümi ýerlemegi meýilnamalaşdyrmak maksady bilen, kärhananyň beýleki birliklerini utgaşdyrmak bolup durýar. Diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşarky bazarda hem işlemäge gönükdirilen iri senagat kärhanalarynda ýöriteleşdirilen marketing gullugyny – kärhananyň uzak möhletli geljege niýetlenen marketing syýasatyny işläp düzýän giň gerimli birligi döretmek bolup durýar, şunuň ýaly marketing gullugynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr: – bazarlara toplumlaýyn barlaglary we çaklamalary geçirmek; – haryt, baha, ýerleme, mahabat, serwis marketing syýasatyny öz başdak emele getirmek ýoly bilen, firmanyň bazarda özüni alyp bar şynyň strategiýasyny we taktikasyny işläp taýýar lamaga yzygiderli gatnaşmak; – harytlary ýerleýiş ulgamyny guramak we netijeli peýdalanmak; – mahabat işini guramak; – sarp edijileriň talaplaryny ähli taraplaýyn hasaba almagyň esa synda kärhananyň önümleriniň netijeli serwisini üpjün etmek; – kärhananyň ähli birliklerine degişli geňeş kömegini bermek; – kärhanada marketinge seljerme geçirmek, onuň netijeliligine baha bermek. Şunuň ýaly marketing gullugy kärhananyň eksport işiniň top lumlaýyn, uzak möhletli maksatlaýyn maksatnamalary işlenip taýýarlananda esasy gulluk bolup durmalydyr. Marke ting birliginiň direktoryň marketing boýunça orunbasaryna tabyn edilmegi maksada laýyk bolar. Marketing birlikleriniň has giň ýaýran gurluşlary şulardan ybaratdyr: funksional, haryt, bazar, sebit, garyşyk gurluş. Marketing birliginiň funksional guramaçylyk gurluşy (23-nji surat) işgärleri olaryň funksional ýöriteleşen ugurlaryna baglylykda toparlara jemlemegi göz öňünde tutýar. Şunuň ýaly gurluşyň artykmaç lygy onuň ýönekeýligi we işgärleriň borçlarynyň takyk bölünmegi bolup durýar. Direktoryň marke ting boýunça orun basary Marketing barlaglary Haryt görnüşlerini emele getirmek Nyrh syýasatyny emele getirmek Mahabat we ýerlemegi höweslendirmek Täjirçilik amallary Beýlekiler Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling