O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


-nji surat. Marketingiň bazar guramaçylyk gurluşy


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet67/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

25-nji surat. Marketingiň bazar guramaçylyk gurluşy
Kärhanada marketing işini geçirmek tutuş kärhananyň işiniň bel libir derejede gaýta­
dan gözükdirilmegini talap edýär. Şunda bu işi diňe bir haryt ýerlemek boýunça bölümiň 
adyny marketing bölümi diýip üýtgetmek bilen gazanyp bolmaz. Kärhananyň özüniň gura­
maçylyk taýdan gurluşyny üýtgedip guramagy amala aşyrmak gerekdir.
Şunda birinji tapgyrda aýry­aýry marketing barlaglary we mahabat bilen meşgullan­
maly hünärmenler toparyny goşmagyň hasabyna haryt ýerleýiş bölümini güýçlendirip bo­
lar. Kärhananyň işiniň bazara gözükdirilişiniň çuňlaşyşyna görä, marketing wezipeleriniň 
ähmiýetiniň ýokarlanmagy bolup geçýär, bu bolsa, degişlilikde, mar keting toparynyň ýer­
leýiş bölüminden çykarylmagynyň we bu topary özbaşdak birlige öwürmegiň zerurlygyna 
alyp barýar. 
Soraglar
1. Kärhanada marketing işini guramagyň haýsy görnüşleri bolup biler?
2. Kärhananyň marketing birlikleriniň wezipelerine näme girýär?
3. Marketingi guramagyň haryt gurluşy diýmek näme?
XI BAP. KÄRHANANYŇ MAÝA GOÝUM IŞI
 11.1.
Maýa goýum işi we maýa goýumlaryň
topara bölünmesi
Ykdysadyýeti ösdürmek maýa goýum işini giňeltmezden müm kin däldir. Maýa goý­
magyň barşynda geljekde degişli netijäni (girdejini) almak üçin bellibir serişdeler harç­
lanýar. Eger olar şunuň ýaly ne tije getirmeýän bolsa, maýa goýumlar biderekdir.
«Maýa goýum işi hakynda» kanuna laýyklykda, peýda almak we (ýa­da) başga 
bir peýdaly netijäni gazanmak maksady bilen, telekeçilik we beýleki işiň obýektlerine 
goýulýan pul serişdeleri, gymmatly kagyzlar, beýleki emläk, şol sanda pulda baha berilýän 
emläk hukuklary maýa goýumlar bolup durýar.


145
Maýa goýumlar şu kesgitlenen kadalar boýunça toparlara bölünýär. «Maýa goýum ob­
ýekti» kesgitlenen kadalary boýunça maýa goýumlaryň şu gör nüş leri tapawutlandy rylýar:

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling