O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Maýa goýumlaryň toparlanmasy


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet69/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

9-njy tablisa
Maýa goýumlaryň toparlanmasy
Toparlanmanyň ala-
matlary
Maýa goýumlaryň 
görnüşleri
Toparlamanyň maksat-
lary
1
2
3
Maýa goýum obýekti
1. Önümçilik:
– esasy gaznalara goýumlar;
– haryt­maddy gymmatlyk­
laryň ätiýaçlyklaryna maýa 
goýumlar.
2. Maliýe goýumlary:
– amanat banklaryna 
goýumlar;
– obligasiýalar, paýnamalar 
we beýleki gymmatly ka­
gyzlar.
3. Adam maýasyna goýumlar:
– bilim;
– hünäri ýokarlandyrmak;
– durmuş ulgam;
– tehniki howpsuzlygy üpjün 
etmek we zähmet serişdeleri­
ni gowulandyr mak;
– saglygy goraýyş.
Maýa goýumçynyň ileri 
tutmalaryny kesgitlemek 
we teklipleriň degişli 
bazaryny emele getirmek 
mümkinçiligi


149
1
2
3
Maýa goýum döwrüniň 
tapgyry
Başlangç
Gündelik
Goşmaça
Kärhananyň ýaşaýyş 
döwrüniň maýa goýum 
goýulýan tapgyrlaryny 
kesgitlemek: döretmek, 
gündelik iş, ösüş,
Maýa goýum ugry
Üpjünçilik
Önümçilik
Ýerleme
Dolandyryş
Önümçilik­ýerleme döwrü­
niň dürli tapgyrlarynda 
maýa goýumlary guramak
Eýeçilik görnüşi
Döwlet
Hususy
Daşary ýurt
Bilelikdäki
Bazar gatnaşyklarynyň ösüş 
derejesini (döwlet ýa­da 
sebit derejesinde) ýa­da 
obýektiň maýa goýum özüne 
çekijiligini (kärhana dereje­
sinde) kesgitlemek
Maýa goýumlaryň sebit­
leýin jähti
Içki
Sebit
Daşary ýurt
Beýleki maýa 
goýumlaryň täsirine 
düşme derejesi
Garaşsyz
Ugurdaş maýa goýumlary 
talap edýänler
Bäsdeş maýa goýum çöz­
gütleriniň kabul edilmegine 
duýgur
Kärhananyň maýa goýum 
strategiýasyna baha bermek 
mümkinçiligi
Netije (täsir) görnüşi
Ykdysady
Durmuş
Tehniki
Alnan netijäniň (täsiriň) 
görnüşleriniň maýa goýum 
maksatlaryna laýyklygy
Maliýeleşdiriş çeşmeleri Öz serişdeleri
Çekilen serişdeler
Kärhananyň öz serişdeleri­
niň hasabyna maýa goý­
mak mümikinçiligine baha 
bermek
3. Bukja goýumçylar – bir ýa­da birnäçe kärhanalaryň gymmatly kagyzlaryna maýa 
goýmagy amala aşyrýan we şeýlelikde, dürli gymmatly kagyzlaryň «bukjasyny» ýygnaýan 
(toplaýan), şunda kärhananyň işini dolulygyna dolandyrmagy talap etmeýän maýa goýum­
çylar. Bukja maýa goýumçysynyň maksady köplenç halatda maýa goýum goýulýan kärha­
nalaryň gymmatly kagyzlaryny soňundan satmak (mysal üçin, strategik maýa goýumçy) 
bolup durýar. 
9-njy tablisanyň dowamy


150
Bukja maýa goýumçylarynyň strategiýalaryna baglylykda olaryň şu görnüşlerini 
görkezip bolar:
– işjeň (agressiw) goýumçy, öz işinde ýokary töwekgelçiligiň boljakdygyna ýol 
berýär, ýöne geljekde ýokary girdeji almaga garaşýar. Uzak möhletli, şeýle hem gysga 
möhletli maýa goýumlara meýilli we gündelik ýokary girdejileri talap etmeýär;
– konserwatiw (passiw) goýumçy, töwekgelçiligiň ýokary bolmadyk ýagdaýynda 
durnukly gündelik girdejä garaşýar. Adatça bu girdejiler işjeň maýa goýumçynyňkydan 
pes bolýar, ýöne ol öňünden bilinýär we ol yzygiderli häsiýetde bolýar;
– aralyk konserwatiw goýumçy, maýanyň artmagyna we gözeg çilik edilýän töwekgel­
çilikde gündelik girdejileri almaga garaşýar.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling