O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Däp bolan karz bilen pul talabyny bermegiň hasabyna
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
Däp bolan karz bilen pul talabyny bermegiň hasabyna
maliýeleşdirmek şertnamasynyň (faktoring) arasyndaky tapawut Karz Faktoring 1 2 Karz banka karz alyjy tarapyndan gaýtarylýar. Faktoring maliýeleşdirmesi müşde ri niň debitory tarapyndan tölenýän pullardan üzülýär. Karz kesgitli möhlete berilýär. Faktoring maliýeleşdirmesi tölegiň hakykatdan soňa süýşürilen möhleti üçin tölenýär. Karz şertnamada görkezilen günde tölenýär. Faktoring maliýeleşdirmesi harydyň töleginiň geçirilmeli güni tölenýär. 153 1 2 Karz, düzgün bolşy ýaly, girewiň ýerine berilýär. Faktoring maliýeleşdirmesi üçin üpjün etmek talap edilmeýär. Karz öňünden şertleşilen möçberde berilýär. Hakyky maliýeleşdirmegiň möçberi çäklendirilmeýär we müşderiniň satuw larynyň möçberi niň artyşyna görä köpelip biler. Karz şertnamada öňünden şertleşilen günde üzülýär. Faktoring maliýeleşdirmesi debi tor tara pyndan iberilen harydyň töleginiň hakyky geçirilen güni üzülýär. Bir gezeklik karzyň alynmagy täze karzyň alynmagyny kepillendirmeýär. Faktoring maliýeleşdirmesi möhletsiz dowam edip biler. Bank karzy boýunça harajatlar MBnyň hasaba alyş möçberi + 3% çäklerinde özüne düşýän gymmata degişli edilýär. Faktoring komissiýa tölegini tölemek üçin harajatlar dolulygyna özüne düşýän gymmata degişli edilýär. Karzlaşdyrylan mahalynda bank puly geçirmekden başga karz alyja hiç hili hyzmat etmeýär. Faktoring maliýeleşdirmesi debitor bergi ni dolandyrmak bilen bilelikde geçirilýär. Amatly maýa goýum maksatnamasyny emele getirmek maýa goýum taslamalaryna seljerme geçirmäge we peýdalylyk ölçegi bo ýunça iň gowy utgaşygyň ýüze çykarylmagy na esaslanýar. Kärhanany uzak möhletleýin ösdürmegiň maksatlaryny kesgitlemek Uzak möhletli maýa goýumyň strategik ugurlaryny işläp düzmek Kärhananyň maýa goýum serişdelerine zerurlygyny seljermek Kärhananyň maýasynyň amatly gurluşyny kesgitlemek, uzak möhletli maliýeleşdirmek üçin peýdalanylýan maýanyň bahasyny amatly etmek 10-njy tablisanyň dowamy 154 Maýa goýumlary saýlap almaklygy işläp düzmek Uzak möhletli maýa goýumlaryň netijeliligini seljermek we baha bermek Maýa goýumlary saýlap almaklygy durmuşa geçirilmeginiň kärhananyň ýagdaýyna edip biljek täsirine seljerme geçirmek Amatly maýa goýum maksatnamasyny emele getirmek, düýpli goýumlar býujetini işläp taýýarlamak Maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine monitoring geçirmek Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling