O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet74/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Lizing düşünjesini we onuň kärendeden tapawudyny açyp görkeziň.
2. Kim lizinge beriji bolup biler?
3. Lizing tölegleriniň düzümine haýsy çykdajy maddalary girýär?
4. Maýa goýumyň beýleki görnüşlerine garanyňda lizingiň lizing alyjy üçin artykmaçlyklary 
barada gürrüň beriň.
5. Lizingiň haýsy görnüşlerini we olaryň aýratynlyklaryny bilýärsiňiz?
 11.4.
Maýa goýum taslamasyny
işläp taýýarlamak
we durmuşa geçirmek 
Maýa goýum taslamasy diýip olary amala aşyrmak üçin fiziki obýektleriň (jaýlar, 
desgalar, önümçilik toplumlary), tehniki prosesleriň, tehniki we guramaçylyk resmina­
malarynyň, maddy, maliýe, zähmet we beýleki serişdeleriň, şeýle hem dolandyryş çöz­
gütleriniň we olary durmuşa geçirmek üçin çäreleriň döredilýän maksatlar ulgamyna 
düşünilýär.
Olaryň aýratynlygy ýokary derejede çylşyrymly bolan obýektleri döretmegi talap 
edýän pudaklaryň birnäçesinde öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin toplumlaýyn maýa 
goýumlar hökmünde bilelikdäki özbaşdak taslamalar durmuşa geçirilýär.
«Maýa goýum taslamasy» düşünjesine, bir tarapdan, taslamada goýlan maksatlara ýet­
mäge gönükdirilen çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýan iş hökmün­
de, beýleki tarapdan, taslamany durmuşa geçirmek mümkinçiliginiň we onuň netijeliliginiň 
esaslandyrmasyny we taslamada goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilen çäreler toplumyny 
amala aşyrmak üçin zerur bolan guramaçylyk­hukuk we hasaplama­maliýe resminama­
larynyň ulgamy hökmünde seredilýär.
Birnäçe toparlara bölme alamatlary bolup, olaryň esasynda ähli taslamalary ulgamlaş­
dyrmak amala aşyrylýar.
1. Gerimi boýunça taslamalar kiçi, orta we mega taslamalara bölünýär. Olary topar­
laryň birine degişli etmek üçin şu häsiýetnamalar peýdalanylýar:


159
– düýpli goýumlaryň möçberi;
– zähmet harajatlary;
– durmuşa geçirmegiň uzaklygy;
– dolandyryş ulgamynyň çylşyrymlylygy;
– daşary ýurtly gatnaşyjylary çekmek;
– ýurduň, sebitiň we ş.m. durmuş­ykdysady gurşawyna edýän täsiri.
2. Durmuşa geçirmegiň möhletleri boýunça taslamalary gysga möhletli (1 ýyla çenli), 
orta möhletli (1 ýyldan 5 ýyla çenli) we uzak möhletli (5 ýyldan ýokary) taslamalara böl­
mek kabul edilendir. Gysga möhletli taslamalar, düzgün bolşy ýaly, önümleriniň görnüşi tiz 
täzelenýän kärhanalar üçin, aýry­aýry enjamlary ýa­da işleri döwrebaplaşdyrmak, tejribe 
enjamlaryny döretmek we ş.m. üçin häsiýetlidir. Şunuň ýaly taslamalary durmuşa geçir­
megiň barşynda wagt faktory esasy bolup durýar ýa­da maýa goýum goýulýan obýektiň 
häsiýeti bilen kesgitlenýär.
3. Hili boýunça taslamalary adaty we kemçiliksiz taslamalara bölmek kabul edilendir. 
Kemçiliksiz taslamalar üçin olary durmuşa geçirmekde agdyklyk edýän şert maýa goýumlar 
bolup durýar, şolaryň netijesinde ýetip bolýan sepgitleriň iň ýokary derejesi we bellenen stan­
darta doly laýyklyk üpjün edilýär. Şular ýaly taslamalar, düzgün bolşy ýaly, gymmata düşýär we 
standartdan sähelçe gyşarylmagy ýaramaz netijelere getirmek howpy bolan pudaklara (mysal 
üçin atom energetikasy) degişlidir.
Maýa taslamasynyň başlanmagy diýip, düzgün bolşy ýaly, taslamany amala aşyrmak 
üçin serişdeleriň sarp edilip başlanan pursatyny hasap etmek kabul edilendir. Maýa goýum 
taslamasynyň tamamlanmagy obýektiň ulanmaga berlen wagty ýa­da obýektiň işiň belle­
nilen ölçeg lerine ýetmegi ýa­da taslamany maliýeleşdirmegiň bes edilmegi bilen kesgit­
lenýär.
Ýaşaýyş döwri (biri­birini yzygiderli çalyşýan, islendik taslamanyň olaryň üstünden 
geçýän tapgyrlary) üç düzüm bölegini öz içine alýar: maýa goýumynyň öň ýanyndaky, 
maýa goýum we ulanyş tapgyrlary (28-nji surat).
Maýa goýum mümkinçiliklerini seljermek
Deslapky tehniki­ykdysady esaslandyrma
Takyklanan tehniki­ykdysady esaslandyrma
Maýa goýum mümkinçilikleri barada habarnama

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling