O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 11.5. Maýa goýum çözgütleri kabul edilende töwekgelçilik we näbellilik
Soraglar we ýumuş
1. Maýa goýum taslamasy nämeden ybarat? 2. Maýa goýum taslamasynyň ýaşaýyş sikliniň emele getirilişini teswirläň. 3. Maýa goýum taslamasynyň ýaşaýşa ukyplylygy nämeden ybarat? 4. Gymmaty we girdejileri diskontirlemek näme? 5. Arassa gündelik gymmat görkezijisi nähili hasaplanýar? 6. Özüni ödemegiň içerki ölçegi nähili hasaplanyp çykarylýar? 7. Maýa goýumlaryň özüni ödeýiş koeffisiýenti we taslamanyň özüni ödeýän möhleti nähili hasaplanyp çykarylýar? 8. Taslamanyň bergini üzmek boýunça mümkinçiliklerine nähili baha berilýär? 11.5. Maýa goýum çözgütleri kabul edilende töwekgelçilik we näbellilik Maýa goýum işi onuň ähli görnüşlerinde töwekgelçilik bilen bag lanyşyklydyr. Maýa goýum töwekgelçiligi – maýa goýum şertleriniň näbellilik ýagdaýynda öňünden görülme dik maliýe ýitgileriniň ýüze çykmak ähtimallygydyr. Bitindünýä bankynyň bilermenleriniň berýän bahalaryna görä, ähli töwekgelçilikleriň arasynda ýurtda alnyp barylýan syýasat bilen bagly töwekgelçilikler maýa goýumçylarda aýratyn wehim döredýär. Makroykdysady durnuklylyk ikinji ýerde durýar. Üçünji ýerde 166 salgyt syýasaty durýar. Meselem, diňe syýasaty öňünden çaklama derejesiniň ýokarlanma gy maýa goýumlaryň ähtimallygyny 30%den gowrak artdyryp biler. Maýa goýum töwekgelçiliklerini şu alamatlar boýunça topara bölüp bolar: 1. Ýüze çykýan ugurlary: ykdysady; syýasy; durmuş; ekologiýa we ş.m. 2. Maýa goýmagyň görnüşleri. Hakyky maýa goýum töwekgelçilikleri şu faktorlar bilen kesgitlenip biler: – gurulýan desgalaryň ýerleşýän ýeriniň şowsuz saýlanyp alynmagy; – materiallar we enjamlar bilen üpjün etmekdäki bökdençlikler; – maýa goýum harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy; – başarnyksyz we ynsapsyz potratçylaryň saýlanyp alynmagy hemde desganyň ulan maga berilmegini bökdeýän ýada ulanmagyň barşynda girdejini azaldýan beýleki ýagdaýlar. Maliýe maýa goýum töwekgelçilikleri şu ýagdaýlar bilen baglydyr: – maliýe gurallarynyň oýlanyşyksyz saýlanyp alynmagy; – maýa goýum şertleriniň garaşylmadyk ýerden üýtgemegi we ş.m. 3. Ýüze çykýan çeşmeleri. Ulgamlaýyn töwekgelçilik (bazar, diwersifikasiýa edilmeýän). Maýa goýum işine ähli gatnaşyjylar we maýa goýmagyň ähli görnüşleri üçin ýüze çykýar. Ykdysady sikliň tapgyr larynyň çalyşmagy, salgyt kanunçylygynyň üýtgemegi we maýa goýum obýekti saýlanyp alnanda maýa goýumçynyň täsir edip bilmeýän beýleki faktorlary bilen kesgitlenýär. Ulgamlaýyn däl töwekgelçilik (mahsus, diwersifisirlenýän). Maýa goýulýan anyk desga ýada anyk maýa goýumçynyň işine mahsusdyr. Ol kärhana başarnyksyz ýolbaş çylyk, bazaryň şu tekçesinde bäsdeşligiň güýçlenmegi, maýanyň oýlanyşyksyz gurluşy bi len bagly bolup biler. Taslamany netijeli dolandyrmagyň hasabyna ulgamlaýyn däl töwek gelçiligiň öňüni alnyp biler. Maýa goýum töwekgelçiliginiň öňünden görülmedik maliýe ýitgileriniň ýüze çykmak ähtimallygyny häsiýetlendirýändigi sebäpli, baha berlen mahalynda onuň derejesi taslama boýunça garaşylýan girdejileriň ortaça ýada bellenilen ululykdan gyşarmasy hökmünde kesgitlenýär. Şonuň üçin hem maýa goýum töwekgelçiligine baha bermek hemişe ga raşylýan girdejiler we olary ýitirmek ähtimallygy bilen baglydyr. Maliýe ýitgilerine baha bermek üçin absolýut we otnositel görke zijiler peýdalanylýar. Maýa goýum töwekgelçiligi bilen baglanyşykly maliýe ýitgileriniň absolýut möçberi – töwekgelçiligiň şu görnüşi üçin häsiýetli amatsyz ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen bagly maýa goýumça ýetirilen ýada ýetirilmegi mümkin bolan zyýanyň (zeleliň) pul möçberidir. Maliýe ýitgileriniň otnositel möçberi – ýetirilen zyýanyň (zeleliň) saýlanyp alnan binýatlyk görkezijä (garaşylýan girdejiniň pul möç berine, goýulýan maýanyň möçberine we ş.m.) bolan gatnaşygy. Maýa goýumçylarda habar ýada statistika maglumatlary ýok wagtynda we şoňa meňzeş taslamanyň bolmadyk mahalynda töwekgelçilige baha bermek bilermenler tara pyndan berilýän bahalar usulynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Ol hünärmenlerden so raşmalara we soraşmalaryň netijesini statistika taýdan işläp geçmäge esaslanýar. Aýratyn alnan maýa goýum taslamasyna mukdar taýdan baha bermek üçin şu topar lanmadan peýdalanyp bolar: – töwekgelçiliksiz maýa goýumlar (döwlet obligasiýalary); 167 – töwekgelçiligiň ýol bererlik derejesi bolan maýa goýumlar (taslama boýunça arassa hasaplama peýdanyň ählisini ýitirmek mümkinçiligi); – töwekgelçiligiň howply derejesi bolan maýa goýumlar (diňe bir peýdany däl, eýsem taslama boýunça jemi hasaplama girdejiniň ähli möçberini ýitirmek mümkinçiligi); – töwekgelçiligiň katastrofik (agyr) derejesi bolan maýa goýumlar (batmagyň netije sinde maýa goýumçynyň ähli aktiwleriniň ýitirilmek mümkinçiligi). Maliýe ýitgileriniň ähtimallygynyň aňrybaş ähmiýetleri: – ýol berilýän töwekgelçilik – 0,1; – howply töwekgelçilik – 0.01; – katastrofik (agyr) töwekgelçilik – 0,001. Bu degişli aktiwleriň ýitirilmek ähtimally gy aňryçäk ähmiýetlerden ýokary bolsa, taslamadan ýüz öwrülmelidigini aňladýar. Maýa goýum taslamalarynyň töwekgelçiliklerini seljermegiň usuly hökmünde şular peýdalanylyp bilner: 1. Taslamanyň duýgurlygyny seljermek. Islendik maýa goýum taslamasy pul akymlarynyň yzygiderliligi hökmünde görkezilip bilner. Maýa goýum taslamasyna seljerme geçirmegiň maksady onuň netijeliligini kesgitle mek bolup durýar, netijelilige arassa diskontirlenen gymmat görkezijisi (NPV) bilen ba ha be rilýär, ol taslamanyň üstünlikli bolan ýagdaýynda bazar gymma tynyň üýtgeýşini görkezýär. Maýa goýum çözgüdiniň näbellilik şertlerinde kabul edilýän ma ha lynda pul akymlary köp sanly saýlaw görnüşleriniň birine laýyklykda ýüze çykyp biler. Nazaryýet taýdan mümkin bolan ähli hereketiň meýilnamalaryna seredilmelidir. Emma iş ýüzünde şeýle etmek örän kyn dyr, şol sebäbe görä, bellibir çäklendirmeleri ýada ýol bermeleri peýdalanmaly bolýar. Taslamanyň töwekgelçilik derejesi barada ýörite usullara gol lan mazdan hem netije çykaryp bolar, şonda şu görkezijiler peýdalanylýar: – girdejiligiň içki ölçegi; – özüni ödemeli döwri; – ýitgisizlik nokady. Taslamanyň töwekgelçiligi seljerilende üç görkezijä üns bermek zerurdyr: satuwlardan gelip gowuşmalar, satylan önüm üçin çykdajylar we maýa goýum çykdajylary. Olaryň ählisi her biri taslamanyň netijeliligine aýgytly täsir edip biljek birnäçe maddalary öz içine alýar. Şu howply elementleri kesgitlemek gerek. Şunuň ýaly seljerme geçirmek üçin has laýyk gelýän usul – duýgurlygy seljermek usulydyr, ol taslamalara baha berlende giňden ulanylýar. Onuň düýp manysy taslamanyň netijeliligine täsir edip biljek faktorlary kesgitlemekden ybaratdyr. Her faktor üçin has ähtimal bolan optimistik we pessimistik bahalar emele getirilýär. Soňra her bir parametr boýunça NPV ähmiýeti kesgitlenýär. Her gezek diňe bir parametrde gyşar ma seredilmegi, beýlekileriniň bolsa üýtgewsiz diýip ykrar edilmegi duýgurlyga geçirilýän seljermede möhüm çäklendirme bolup durýar. Şundan parametrleriň, mümkin bolşuna görä, biribirine aňrybaş derejede garaşsyz bolmalydygy gelip çykýar. 2. Hereketiň meýilnamalar (ssenariler) usuly. Hereketiň meýilnamalar usuly göni döwlet tarapyndan ýada munisipal maliýeleşdiril megi göz öňünde tutulýan taslamalaryň tehnikiykdysady esaslandyr malary düzülende hök many usul hökmünde maslahat berilýär. 168 Hereketiň meýilnamalar usuly taslamanyň duýgurlygyny seljermegiň usulýetini ös dürmek bolup durýar: faktorlaryň ähli topary birwagtlaýyn gapmagarşy däl (hakyky) üýt gemeler babatynda barlanýar. Şeýlelikde, taslamanyň pul akymlaryny häsiýetlendirýän es asy üýtgeýän ululyklarynyň ählisiniň birwagtlaýyn üýtgeme täsiri kesgitleýär. Hereketiň meýilnamalar bilermenlik ýoly bilen emele getirilýär, şunda ýeterlik dere jede ähtimal bolan, birwagtda taslamanyň birnäçe parametrlerine düýpli täsir edýän islen dik waka ýada ýagdaý ssenariý bolup biler. Hereketiň meýilnamalary seljerme geçirmek maýa goýumçylara aýryaýry parame trleriň üýtgeme ähtimallygyna we onuň bilen baglanyşykly töwekgelçilige baha bermäge mümkinçilik berýär. Şu usulyň kömegi bilen mümkin bolan hereketiň meýilnamalarynyň her biri boýunça girdejililige we wakalaryň ösüş ähtimallygyna baha berilýär. Iň ýönekeý ýagdaýda wakalaryň ösüşiniň diňe iň gowy (optimistik) we iň ýaramaz (pessimistik) ssena rileri alynýar. Bu hereketiň meýilnamalary üçin arassa diskontirlenen gymmat hasaplanyp çykarylýar we taslamanyň binýatlyk NPV ähmiýeti bilen deňeşdirilýär. Düzgün bolşy ýaly, hereketiň meýilnamalar usuly bilen seljerme geçirmek üçin dürli programma önümleri (ýönekeý görnüşde Exsel elektron tablisasyny) peýdalanmak maksada laýyk bolar, bu işi epesli ýeňilleşdirýär. Alnan hereketiň meýilnamalarynyň esasynda taslama baha bermek boýunça bel libir maslahatlar berilýär. Maslahatlaryň esasynda bellibir «kada» ýatýar: hatda optimistik görnüşinde hem, eger şunuň ýaly taslamanyň NPV görkezijisi ýaramaz bolsa, taslamany mundan beýläk seretmek üçin goýmaga mümkinçilik bolmaýar we tersine, NPV görkezi jisiniň ähmiýetiniň oňyn bolan ýagdaýynda pessimistik hereketiň meýilnamalar bilerme ne ýaramaz garaşmalaryň bardygyna garamazdan, şu taslamanyň kabul ederlikdigi barada pikir etmäge mümkinçilik berýär. Hereketiň meýilnamalar usulynyň berk ulanylmagy pul akymlaryny emele getirýän aýryaýry görkezijiler ýüze çykanda dürli netijeleriň ähtimal lygy barada ýeterlik derejede köp maglumatlaryň bolmagyny talap edýär. Hereketiň meýilnamalar usulynyň esasy artykmaçlygy onuň esasy faktorlar üçin üýt gemeler ähtimallyklaryny paýlamak kanuny bilmegi talap etmeýändigi bolup durýar, emma ssenarileriň bahalary subýektiw bahalardyr, bu bolsa seljerme işleriniň dogrulygyny peseldýär. Hereketiň meýilnamalar usulynyň ulanylmagy arassa diskontirlenen gymmatyň mümkin bolan ähmiýetleriniň sany gutarnykly (çäkli) bolan ýagdaýynda has netijeli bolýar. Eger wakalaryň ösüşiniň mümkin bo lan wariantlarynyň sany çäksiz bolsa, onda başga usulýetlerden, my sal üçin, imitasion modelleşdirmeden peýdalanylýar. 3. Monte Karlo usuly. Monte Karlo usuly (Monte Karlo Simulation) boýunça model leşdirmek parametrleriň näbelli ähmiýeti bolan taslama üçin matematiki nusgawy gurmaga we taslamanyň para metrleri üçin ähmiýetleri paýlamagyň wezipeleri bilinýän wagtynda, şeýle hem parametr leriň arasynda korrelýasiýa geçirmek bilen, taslamanyň girdejililiginiň paýlanyşyny almaga mümkinçilik berýär. Monte Karlo usuly boýunça töwekgelçilikleri seljermegiň birleşdirilen şekili 29-njy suratda görkezilýär. 169 Taslamanyň geljekki hakyky ýagdaýyny çaklamaga ukyply nus gasyny taýýarlamak Taslamanyň esasy üýtgeýän ululyklaryny seçip almak Üýtgeýän ululyklaryň ähmiýetleriniň çäklendirmelerini kesgitlemek Ähtimallyklar agram laryny ähmiýetleriň çäkleri boýunça ýer leşdirmek Imitasiýalaryň netijelerine statistik seljerme geçirmek Korrelýasiýa geçirilýän üýtgeýän ululyklaryny bellemek Ýol bermeleri saýlap almaga esaslanýan tötänleýin ssenarilerini emele getirmek Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling