O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 12.3. Kärhananyň daşary ykdysady işini guramak we onuň netijeliligi
Soraglar we ýumuş
1. «Daşary söwda şertnamasy» düşünjesine kesgitleme beriň. 2. Daşary söwda şertnamasynyň möhüm şertleri diýip nämä düşünilýär? 3. Daşary söwda şertnamasynyň gurluşy nähili bolýar? 4. Daşary söwda geleşikleri amala aşyrylanda hasaplaşyklaryň haýsy gör nüşleri ulanylýar? 180 12.3. Kärhananyň daşary ykdysady işini guramak we onuň netijeliligi DYI ulgamynda işleriň we wezipeleriň toplumyny amala aşyrmak, olary guramak we utgaşdyrmak üçin kärhanalarda DYI toparlary, bölümleri, gulluklary we müdirlikleri döredilýär. DYI netijeli dolandyrmak kärhananyň oňa laýyk gelýän, dolandyryş gurluşyny we inftrastrukturany öz içine alýan guramaçylyk gurluşynyň bolmagyny göz öňünde tutýar. DYI dolandyrmagyň guramaçylyk gurluşy onuň çözmeli bolýan maksatlary we wezipeleri bilen kesgitlenýär we köp sanly faktorlara bagly bolýar, olaryň arasynda has möhümleri şular bolup durýar. – şu birligiň döredilýän kärhanasynyň görnüşi; – kärhananyň gollanýan strategiýasynyň görnüşi; – utgaşykly birlikler bilen tehnologik we funksional aragatnaşyklaryň bolmagy hem de ösüşi; – çözgütleri kabul etmekde merkezleşdirme we merkezden aýrylma derejesi; – utgaşykly bölümler bilen özara hereket etmegiň barşynda birlikleriň differensirlenme giniň we integrirlenmeginiň zerur bolan derejesi. Dolandyryşyň guramaçylyk gurluşy kärhanada DYI dolandyrmagyň ähli wezipelerini durmuşa geçirýän birlikleriň jeminden ybaratdyr: – meýilnamaykdysady bölüm (DSIni meýilnamalaşdyrmak, meýilnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, DSIni seljermek we beýlekiler); – walýutamaliýe bölümi (walýutany meýilnamalaşdyrmak we bank, walýuta, karz we hasaplaşyk amallaryna gözegçilik, daşary söwda geleşiklerinde kärhananyň bähbitleri niň berjaý edilişine gözeg çilik etmek we beýlekiler); – marketing birligi. Kärhanada DYI gullugynyň infrastrukturasy, düzgün bolşy ýaly, şulary öz içine alýar: eks port etmek üçin taýýar önümler ammary, ulaglar hojalygy, söwda wekilhanalary (merkezleri) we daşary ýurtlardaky merkezler. Kärhananyň DYIniň ykdysady taýdan netijeliligine görkezijileriň topary bilen baha berilýär, bu topara ykdysady taýdan netijelilik görkezijileri, eksportyň, importyň, eks portimport amallarynyň, haryt alyşçalyş amallarynyň netijelilik görkezijileri girýär. Eksportyň ykdysady taýdan netijeliligini görkezijiler topary harytlary eksport etmek den alnan ykdysady netijäni we onuň netijeliligini öz içine alýar. Eksportyň ykdysady taýdan netijeliligi şu formula boýunça ha saplanýar: E e.eks. = O wal.man. +B man. – Z eks , bu ýerde O wal.man. – kärhana gelip gowuşýan walýutanyň ekwiwa lenti, ol walýutanyň gelip gowşan senesindäki hümmet boýunça manada gaýtadan hasaplamak (hök many suratda döwlete satylmaly bölegini aýryp) ýoly bilen hasaplanýar, manat; B man. – walýutanyň bir bölegini döwlete hökmany satmakdan alnan düşewünt, manat; Z eks – – kärhananyň eksport üçin doly harajatlary, olar harytlary öndürmek we ýerlemek üçin harajatlary (mahabat, marketing, ätiýaçlandyryş, paçlar, ýygymlar we beýlekiler) öz içine alýar, manat. 181 Ykdysady mazmuny boýunça eksportdan alnan ykdysady netijäniň görkezijisi eksport dan alnan peýda görkezijisine laýyk gelýär. Eksportyň ykdysady netijeliligi şularyň gatnaşygy hökmünde kesgitlenýär: e eks = (O wm + B m ) / Z eks . Eksportyň ykdysady netijeliliginiň görkezijisi eksport üçin harajatlaryň 1 manadyna düşýän eksportdan alnan peýdanyň ululygyny görkezýär. Bu görkezijiniň ähmiýetiniň birden köp bolmagy zerur görkeziji bolup durýar. Bazarda ornaşmak, önümçiligiň möçberlerini giňelt mek we soňundan gerim täsiriniň hasabyna özüne düşýän gymmaty peseltmek maksady bilen, önümi daşary ýurtlarda özüne düşýän gymmatyndan wagtlaýynça pes baha boýunça ýerle mek görnüşi bolup biler. Eksportyň ykdysady netijeliligine geçirilen seljermäniň üstüni Q eks görkezijisini önüm öndürmegiň we ony içki bazarda ýerlemegiň netijeliliginiň görkezijisi bilen deňeşdirmek bilen ýetirip bolar: e iç = Q eks / (Z ön.eks + Z ýer.iç ), bu ýerde Q eks – içki bahalar boýunça eksportyň möçberi, manat; Z ön.eks – eksport harytlaryny öndürmek üçin harajatlar (önümçiligiň özüne düşýän gymmaty), manat; Z ýer.iç – eksport harytlaryny önümini içki bazarda ýerlemek üçin harajatlar, manat. Importyň ykdysady netijeliliginiň görkezijiler topary şulary öz içine alýar: – import edilýän önümleri özüniň peýdalanmagyndan alnan ykdysady netije; – özüniň peýdalanmagy üçin import önüminiň ykdysady netijeliligi; – içki bazarda import edilýän harydy satmak maksady bilen, importyň ykdysady ne tijesi; – importyň we harydy içki bazarda ýerlemegiň ykdysady netijeliligi. Import edilýän önümleri özüniň peýdalanmagyndan alnan ykdysady netije şunuň ýaly hasaplanýar: E imp = Z imp – C imp.sarp , bu ýerde Z imp – import edilýän önüme alternatiw bolan önümi satyn almak (taýýarlamak) we peýdalanmak üçin doly harajatlar, manat; C imp.sarp – import edilen önümi sarp etmegiň bahasy (ulanylýan döwrüniň bitin dowamynda gündelik harajatlar), manat. Import edilýän önüme alternatiw bolan önümi satyn almak (taý ýarlamak) we peýda lanmak üçin doly harajatlar şu formula boýunça kesgitlenýär: Z imp = C sat + M ul.çyk , bu ýerde C sat – binýatlyk görnüş boýunça önümi (import edilýän önüme alternatiw ýa da şonuň ýaly önümi) satyn alnan bahasy (taýýarlamak üçin harajatlar), ony satyn almak (taýýarlamak) bilen bagly ähli çykdajylary goşmak bilen, manat; M ul.çyk – önümiň (im port edilýän önüme alternatiw ýada şonuň ýaly önüm) ulanylýan döwrüniň bitin dowamynda ulanyş çykdajylary, ol sarp edilýän çig malyň, material laryň, ýangyjyň we energiýanyň, ätiýaçlyk şaýlaryň gymmatyny, oňa hasaplanyp ýazylýan ähli serişdeler bilen bilelikde, hyzmat etmek we abatlamak işlerini ýerine ýetirýän işçileriň zähmet hakyny we beýleki çykdajylary öz içine alýar, manat. Sarp edilen import önüminiň bahasy şuňa deňdir: 182 C imp.sarp = C imp. sat + M ul.çyk , bu ýerde C imp. sat – daşky bazarda import önümini satyn almagyň bahasy, ol şertnamanyň bahasyny, paçlary, ýygymlary, ulag çykdajylaryny, ätiýaçlandyryşy, araçylaryň hyzmaty üçin tölegleri we beýlekileri öz içine alýar, manat; M ul.çyk – import önüminiň ulanylýan döwrüniň bitin dowamyndaky ulanyş çykdajylary, onuň düzümine sarp edilýän çig malyň, materiallaryň, ýangyjyň we energiýanyň gymmaty, abatlamagyň, ätiýaçlyk şaýlaryň gym matyny, oňa hasaplanyp ýazylýan ähli serişdeler bilen bilelikde, hyzmat etmek we abat lamak işlerini ýerine ýetirýän işçileriň zähmet hakyny hemde import önümini ulanmak bilen bagly beýleki çykdajylary öz içine alýar. Ýurdyň içinde sarp edilýän import önüminiň ykdysady netijesiniň ykdysady manysy onuň ähmiýetiniň önümi import edýän tarapyň ony taýýarlamagyň ýada alternatiw import we ýurtda öndürilen önümi satyn almagyň ýerine şol önümi satyn alan halatynda nähili peýda alyp biljekdigini görkezýär. C imp. sat > Z imp bolan ýagdaýynda import edýän import edilýän meňzeş önümi satyn almagyň (taýýarlamagyň) ýerine import önümini satyn almak bilen ýitgi çekýär. Özüniň peýdalanmagy üçin önümi import etmegiň ykdysady netijeliligi: e imp = Z imp / C imp. sat , Şu gatnaşygyň esasynda alternatiw önümi peýdalanmak üçin harajatlaryň import önü mini sarp etmegiň bahasynda näçe esse ýokarydygy anyklanýar. Şunda netijeli importyň zerur bolan şerti e imp > 1 bolup durýar. Import edilen harydy içki bazarda ýerlemek maksady bilen, importyň ykdysady ne tijesiniň görkezijisi import edýäniň import edilen harydy içki bazarda ýerlemekden alan peýdasyny häsiýetlendirýär we şu formula boýunça kesgitlenýär: E imp = C imp.ýer – C imp. sat , bu ýerde – ýerlemek bilen bagly çykdajylar (mahabat, marketing, ulag we beýlekiler) aýyrmak bilen, import harytlarynyň ýerlenen bahasy, manat; – satyn almak üçin çykdajylary (şertna manyň bahasy, paçlar, ulag çykdajylary, ätiýaçlandyryş, saklamak çykdajylary we beýlekiler) goşmak bilen, import harytlarynyň satyn alnan bahasy, manat. Importyň we harydy içki bazarda ýerlemegiň ykdysady netijeliliginiň görkezijisi şu laryň gatnaşygy hökmünde kesgitlenýär: e imp = C imp.ýer / C imp . Eksportimport amallarynyň ykdysady netijeliliginiň görkezijiler topary şulary öz içine alýar: – eksportimport amallaryndan alnan ykdysady netijäniň integral görkezijisi; – eksportimport amallaryndan alnan ykdysady netijeliligiň in teg ral görkezijisi; Eger kärhananyň DYI şol bir wagtyň özünde eksport hemde import amallaryny ama la aşyrmaga gönükdirilen bolsa, onda işiň şu görnüşine baha bermek üçin ykdysady netijä niň we ykdysady netijeliligiň integral görkezijileri ulanylýar. Eksportimport amallaryndan alnan ykdysady netijäniň integral görkezijisi wagtyň be llibir döwründe kärhana tarapyndan DYIden alnan peýdanyň möçberini häsiýetlendirýär: E eks / imp = E eks + E imp , 183 bu ýerde E eks – bellibir döwürde (aý, çärýek, ýyl) eksportdan alnan jemi ykdysady netije, manat; E imp – bellibir döwürde (aý, çärýek, ýyl) eksportdan alnan jemi ykdysady netije, manat. Eksportimport amallarynyň ykdysady netijeliliginiň integral görkezijisi eks portimport amallaryny amala aşyrmak bilen bagly harajatlaryň 1 manadyna kärha nanyň näçe peýda alýandygyny kesgitlemäge ýada olaryň düşewüntliliginiň nähilidi gini kesgitlemäge mümkinçilik berýär, ol şularyň gatnaşygy hökmünde kesgitlenýär: e eks/imp = E eks/imp /(Z eks dol + Z imp doly ), bu ýerde Z eks dol – bellibir döwürde (aý, çärýek, ýyl) eksport üçin doly harajatlar, manat; Z imp doly – bellibir döwürde (aý, çärýek, ýyl) import üçin doly harajatlar, manat. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling