O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- XIII BAP. KÄRHANANYŇ ÇYKDAJYLARY WE ÖNÜMIŇ ÖZÜNE DÜŞÝÄN GYMMATY 13.1. Gymmat, çykdajylar we önümiň özüne düşýän gymmaty
Soraglar we ýumuşlar
1. Kärhanalaryň DYI haýsy kadalaşdyryjy resminamalar bilen düzgünleşdirilýär? 2. Döwlet dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryna haýsy meseleler girýär? 3. Kärhanalary DYI-ni döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgelerini aýdyp beriň. 4. Kärhanalary DYI-ni döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň ykdysady ýörelgelerini aýdyp beriň we häsiýetlendiriň. 5. Eksport-import amallaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy gurallaryny aýdyp beriň. XIII BAP. KÄRHANANYŇ ÇYKDAJYLARY WE ÖNÜMIŇ ÖZÜNE DÜŞÝÄN GYMMATY 13.1. Gymmat, çykdajylar we önümiň özüne düşýän gymmaty Önüm öndürmek we ýerlemek natural görnüşdäki serişdeleriň, ýagny maddy, zäh met, maglumat serişdeleriniň sarp edilmegini talap edýär. Kärhananyň işiniň netijeliligine baha bermek üçin bu çykdajylary gymmat manysynda kesgitlemek gerek. Çykdajylar diýip 188 kärhananyň onuň önümçilikýerleme işini amala aşyrmak üçin zerur bolan harajatlaryň jemine düşünilýär. Degişlilikde – kärhananyň önümçiligiň barşynda sarp edýän harajatlary önümçilik çykdajylary, ýerlemek, üpjünçilik, söwdaaraçylyk harajatlary bolsa dolanyşyk çykdajylary bolup durýar. Harajatlaryň ululygy önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) özüne düşýän gymmatynyň ha saplamalarynyň – önümleri (işleri, hyzmatlary) öndürmek prosesinde tebigy serişdeleriň, çig malyň, material laryň, ýangyjyň, energiýanyň, esasy gaznalaryň, zähmet serişdeleriniň, şeýle hem ony öndürmek we ýerlemek üçin beýleki harajatlaryň gymmatlyk bahasynyň esasynda ýatýar. Kärhananyň işiniň peýda we onuň peýdasyndan alynýan salgydyň ululygy ýaly ne tijeleri önümiň özüne düşýän gymmatyna goşulýan harajatlaryň düzümine bagly bolup durýar. Kärhananyň işiniň netijeleri maliýe hasabatlylygynyň ulanylýan ulgamyna bag lylykda tapawutlanyp biler. Önümçiligiň ähli möçberiniň özüne düşýän gymmatyny hasap lamak we harajatlaryň gurluşyny seljermek üçin harajatlaryň ählisi olaryň ykdysady mazmunyna laýyklykda ele mentler boýunça toparlara jemlenýär (31-nji surat). – maddy harajatlar (gaýtarylýan galyndylaryň gymmatyny aýyr mak bilen); – zähmet haky üçin harajatlar; – durmuş zerurlyklar üçin geçirimler; – esasy gaznalardan alynýan ulanyş tutumy; – gaýry harajatlar. Energiýa göterijileriň bahasynyň degerli ýokarlanmagy bilen baglylykda olar üçin ha rajatlaryň özüne düşýän gymmatdaky paýy artýar, şonuň üçin harajatlaryň bu elementine hemişe aýratynlykda seredilýär. Harajatlaryň elementleri boýunça toparlara jemlemek önümçilik üçin harajatlaryň çykdajy sanawynyň – kärhananyň önümiň bellibir möçberini çykarmak we öz birlikleri hemde beýleki buýrujylar üçin, senagat häsiýetli işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ähli çykdajylaryny görkezýän esasy resminamanyň esasynda ýatýar. Ha rajatlaryň çykdajy sanawy önümiň anyk birliginiň özüne düşýän gymmatyny kesgitlemäge we harajatlaryň emele gelen ýerini anyklamaga mümkinçilik bermeýär. Bu meseläni çöz mek kalkulýasiýa geçirmegiň kömegi bilen amala aşyrylyp bilner. Önümiň birliginiň önümçilik we ýerlemek çykdajylaryny kesgitlemek kalkulýasiýa etmek diýlip atlandyrylýar. Kalkulýasiýa etmegiň barşynda ähli çykdajylar kalkulýasiýa maddalary boýunça topara jemlenýär. Şunuň ýaly topara jemlemegiň esasynda, bu çykda jylaryň bellenen maksadyna we olaryň ýüze çykýan ýerine baglylykda, kärhananyň önü miň birligini öndürmek üçin çykdajy maddalary ýatýar, |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling