O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 13.2. Meýilnamalaşdyrmak we önümiň özüne düşýän gymmatyny kalkulýasiýa etmek
Soraglar we ýumuşlar
1. Önümiň özüne düşýän gymmatyna kesgitleme beriň. 2. «Önüm öndürmek we ýerlemek boýunça harajatlaryň düzümi hakyndaky düzgünnama» laýyklykda haýsy harajatlar önümiň özüne düşýän gymmaty na goşulýar? 3. Harajatlaryň elementler boýunça topara bölünmesiniň düşündiriň we olaryň düýp manysyny açyp görkeziň. 4. « Özüne düşýän gymmaty kalkulýasiýa etmek» düşünjesini düşündiriň. 5. Kalkulýasiýanyň mysaly maddalaryny aýdyp beriň. 6. Haýsy harajatlar «göni» we «gytaklaýyn» harajatlara degişli? Gytaklaýyn harajatlar önümiň anyk görnüşleriniň özüne düşýän gymmatyna nähili eltilýär? 13.2. Meýilnamalaşdyrmak we önümiň özüne düşýän gymmatyny kalkulýasiýa etmek Harajatlaryň ykdysady elementler we kalkulýasiýa maddalary boýunça toparlara jemlenişi kärhanada degişlilikde, harajatlar sanawynda we önümleriň kalkulýasiýasynda beýanyny tapýar. Önümçilik üçin harajatlaryň sanawy (önümçilik çykdajy sanawy) jemi, harytlyk we ýerlenen önümiň özüne düşýän gymmatyny hasaplamak üçin peýdalanylýar. Olar kärha 192 nanyň girdejileriniň we çykdajylarynyň balansyny işläp taýýarlamak, dessin maliýe meýil namasyny (töleg senenamasyny) emele getirmek, önümi ýerlemegi we peýdany meýilna malaşdyrmak üçin binýat bolup durýar. Önümiň özüne düşýän gymmatyny emele getirmegiň yzygiderliligi boýunça tehnolo gik, seh, önümçilik boýunça we doly özüne düşýän gymmat tapawutlandyrylýar. Täze tehnikanyň görnüşlerine ykdysady taýdan baha bermek we bu görnüşleriň arasyndan has netijelisini saýlap almak üçin tehnologik (operatiw) özüne düşýän gymmaty hasaplanyp çykarylýar. Onuň düzümine bellibir sehiň şu amaly ýada amallar toplumyny ýerine ýetirmek bilen gönüden göni bagly harajatlarynyň pul möçberi girýär. Seh boýunça özüne düşýän gymmaty önümiň birligini öndürmek üçin sehiň ähli gündelik harajatlaryndan emele gelýär. Önümçilik boýunça özüne düşýän gymmatyna sehleriň önümçilik harajatlaryndan başgada, kärhanany umumy dolandyrmak boýunça çykdajylar goşulýar (zawody dolan dyryş işgärleriniň zähmet haky, önümçilik maksatly binalaryň ulanyş tutumy we olary ýeňil abatlamak üçin çykdajylar we ş.m.). Özüne düşýän gymmaty peseltmegiň çeşmeleri harajatlaryň elementlerinden durýar, şolary tygşytlamagyň hasabyna hem önümçilik çykdajylary azaldylyp bilner. Özüne düşýän gymmaty peseltmegiň esa sy çeşmelerine şular degişlidir: – çig malyň, materiallaryň, ýangyjyň we energiýanyň harç lanyşyny azaltmak; – ulanyş tutumlaryny azaltmak; – zähmet haky üçin çykdajylary azaltmak; – edara edişdolandyryş çykdajylaryny azaltmak. Kärhanada özüne düşýän gymmaty peseltmegiň faktorlary şulara bölünýär: – önümçilik içi faktorlar; – önümçilikden daşary faktorlar. Önümçilik içi faktorlara kärhananyň dolandyryş prosesinde täsir edip biljek teh nikiykdysady faktorlary degişlidir. Bu öňi bilen: – önümçiligiň tehniki derejesini ýokarlandyrmak; – önümçiligiň we zähmetiň guralyşyny kämilleşdirmek; – önümçiligiň möçberini üýtgetmek bolup durýar. Kärhananyň gönüden göni täsir edip bilmeýän faktorlary önümçilikden daşary faktorlar bolup durýar. Olara şular degişlidir: çig malyň, materiallaryň we enjamlaryň bahasy; salgyt laryň we geçirim leriň möçberleri; tebigy faktorlar; iň pes zähmet haky; ulanyş tutu my nyň öl çegi we ş.m. Önümçilik üçin harajatlaryň sanawy kärhananyň telekeçilik meýilnamasyna möhüm bölekleriň biri hökmünde girýän meýilnama res minamasy bolup durýar. Ol önümiň belleni len möçberini çykarmak üçin meýilnamalaýyn harajatlary kesgitlemäge gönükdirilendir, kal kulýasiýa bolsa önümiň birliginiň özüne düşýän gymmatyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. 193 Harajatlary meýilnamalaşdyrmagyň we hasaba almagyň ýurtda bar bolan tejribesinde, düzgün bolşy ýaly, kärhananyň önümçilik maksatnamasyny ölçemegiň natural birlikleri (sany, tonna, metr we ş.m.) peýdalanylýar. Kärhanada meýilnamalaýyn we hasabat kalkulýasiýalary düzülýär. Ilki bilen döwür üçin bellenýän harajatlar boýunça kalkulýasiýa işlenip taýýarlanylýar, hasabat kalkulýa siýalary bolsa hakyky harajatlaryň esasynda düzülýär. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň iş tejribesinde kalkulýasiýa etmegiň dürli nusgalary we usullary peýdalanylýar, olaryň es asylary 32-nji suratda getirilýär. Hasaplaşygyň görnüşleri boýunça Hasaplaşygyň obýektleri boýunça Hasaplamagyň usullary Önüm boýunça Sargyt boýunça Amal boýunça Proses boýunça Üýtgetme boýunça LT hasaplaýyş Göni hasap Normatiw Analitik hasap Koeffisiýent Kombinirlenen Çykdajylaryň aýrylmagy Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling