O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Önümiň özüne düşýän gymmaty
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
Önümiň özüne düşýän gymmaty
Çykdajylary doly paýlamagyň nusgasy Çykdajylary bölekleýin paýlamagyň nusgasy 32-nji surat. Önümiň özüne düşýän gymmatyny hasaplamagyň nusgalary Harajatlary doly paýlamak nusgasy (absortion costing) önümçilik hasaba alnyşy üçin hyzmat edýär, harajatlary bölekleýin paýlamak nusgasy (direct costing) bolsa, esasan, kärhanada dolandyryş hasaba alnyşy üçin niýetlenendir. Harajatlary doly paýlamak nusgasynyň esasynda önümiň, sargydyň, amalyň ýada beýleki kalkulýasiýa obýektleriniň özüne düşýän gymmaty hasaplanýar. Degişlilikde, kal kul ýasiýa obýektiniň özüne düşýän gymmaty şu obýekt üçin differensial çykdajylaryň we umu my çykdajylaryň – goşmaça, gytaklaýyn çykdajylaryň jeminden ybaratdyr. 13. Sargyt № 996 194 Kalkulýasiýa usullary şu alamatlar boýunça klassifikasiýa bölünýär: kalkulirlenýän obýekt; hasaplaşyk usuly. Kalkulirlenýän obýekte baglylykda şu usullary görkezip bolar: önümler boýunça, sar gytlar boýunça, amallar boýunça, täzeden işlemek boýunça, prosesler boýunça. Hasaplamagyň usulyna baglylykda kalkulýasiýa etmegiň şu usul lary (tärleri) peýda lanylýar: göni hasap (udel çykdajylar), kadaly (ekwiwalent); hasaplamaseljeriş; parametr ler; harajatlary aýyrmak, koeffisiýentler; utgaşdyrylan usullar. Özüne düşýän gymmaty kalkulýasiýa etmegiň umumy shemasykalkulýasiýa etmegiň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemegi hemde şonuň esasynda degişli nusgany saýlap almagy göz öňünde tutýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde kärhanada kalkulýasiýa etmegiň iki usulyny hem peýdalanmak maksada laýyk bolar, sebäbi olaryň dürli lokal wezipelere, maksatlara we wezipelere laýyk gelýändigine garamazdan, olaryň ikisi hem bir umumy maksada – peýda almak meselesini çözmäge gönükdirilendir. Göni hasap usuly (täri) önümiň birliginiň özüne düşýän gymmatyny çykdajylaryň umumy möçberini işlenip çykarylan önümiň mukdaryna bölmek ýoly bilen kesgitleme gi göz öňünde tutýar. Bu usul esasan, birmeňzeş önüm öndürýän kärhanalarda ulanylýar. Gün bataryň iş tejribesinde bu usul udel çykdajylaryň kalkulýasiýasy diýlip atlandyrylýar. Bu usul çäkli ulanylýar, sebäbi bir önüm öndürýän kärhanalar örän azdyr. Iş ýüzünde köplenç onuň modifikasiýasy – kalkulýasiýa etmegiň önümiň birligi üçin göni harajatlary sarp ediş kadalarynyň esasynda, gytaklaýyn harajatlary bolsa pudakda kabul edilen alamata deň ölçegli kesgitlemegi göz öňünde tutýan hasaplamaseljeriş usuly (täri) ulanylýar: – peýdalanylýan esasy materialyň natural görnüşdäki mukdary (esasan, materialy köp talap edýän pudaklarda – azyk senagatynda ulanylýar); – peýdalanylýan esasy materialyň gymmaty (gymmat bahaly çig mal serişdelerini talap edýän pudaklarda – zergärçilik senagatynda ulanylýar); – iş wagtynyň göni harajatlary (zähmeti köp talap edýän pudaklarda – çaphana sena gatynda ulanylýar); – önümçilik işçileriniň esasy zähmet haky; – enjamyň işleýän maşynsagatlary (awtomatlaşdyrylan we mehanizirlenen zähmetiň ýokary paýy bolan pudaklarda – maşyn gurluşykda ulanylýar). Goşmaça çykdajylaryň şoňa görä paýlanjak binýady saýlanyp alnandan soň goşmaça çykdajylaryň möçberi (stawkasy) kesgitlenýär. Şunuň ýaly stawka umumy goşmaça çykda jylary binýadyň doly möç berine bölmekden alnan bölünme netijesi hökmünde kesgitlenýär we soňra önümiň birligine düşýän goşmaça çykdajylar goşmaça çykdajylaryň stawkasyny binýada (önümiň birligine) köpeltme hasyly hökmünde kesgitlenýar. Kalkulýasiýa etmegiň kadaly usuly maddy, maliýe we zähmet serişdelerini peýda lanmagyň kadalaryna esaslanýar. Kadalar ylmy taýdan esaslandyrylan, kärhanalaryň ähli serişdelerini oýlanyşykly sarp etmäge gönükdirilen bolmalydyr. Olaryň ululygyna döwür leýin gaýtadan seredilmelidir, bu önümiň birligine düşýän serişdeleriň ähli görnüşleriniň 195 hakyky harajatlarynyň üýtgeýşini hasaba almagy göz öňünde tutýar. Kalkulýasiýa etmegiň kadaly usuly köpçülikleýin önümçiligi we ýola goýlan meýilnamalaşdyrma bolan pudak larda önümiň täze görnüşleriniň kalkulýasiýasy düzülende giňden ulanylýar. Parametrler usuly şol bir sarp ediş häsiýetleri bolan birmeňzeş önümleriň özüne düşýän gymmaty kalkulýasiýa edilende ulanylýar. Ol önümiň parametrlerine baglylyk da harajatlaryň üýtgemeginiň kanunalaýyklygyny bellemäge esaslanýar. Iň bir ýönekeý giň ýaýran, mysal üçin, agyr we energetika maşyn gurluşygynda giňden peýdalanylýan usul birmeňzeş maşynlaryň hemde enjamlaryň konstruktiw agramynyň bir kilogramynyň gymmatynyň ýada önümi has doly häsiýetlendirýän beýleki görkezijileriň esasynda önü miň özüne düşýän gymmatyny bellemek usuly bolup durýar. Bu usul önümiň hiliniň pa rametrlerini gowulandyrmak üçin goşmaça harajatlary kesgitlemäge hem mümkinçilik berýär. Toplumlaýyn önümçiliklerde (nebiti gaýtadan işleýän, kokshimiki we käbir beýleki önümçilikler) çig mal üçin harajatlary önümiň anyk görnüşine degişli etmek mümkin däldir. Degişlilikde, kalkulýasiýa etmegiň başlangyç çig maly gaýtadan işlemek üçin harajatlaryň ählisiniň umumy möçberini kesgitlemäge we bu harajatlary şol çig maldan öndürilýän önü miň ähli görnüşleri boýunça paýlamaga mümkinçilik berýän aýratyn usullaryny ulanmak talap edilýär. Şunuň ýaly usullara şular degişlidir: harajatlary aýyrmak, koeffisiýentler; ut gaşdyrylan usullar. Harajatlary aýyrmak usuly peýdalanylanda çig maly top lum laýyn gaýtadan işlemegiň netijesinde alnan önümiň bir görnüşi esa sy hökmünde kabul edilýär, galanlaryna bolsa goş maça hökmünde seredilýär. Çig maly gaýtadan işlemek üçin umumy harajatlardan goşma ça önümiň gymmaty aýrylýar, galan pul möçberi onuň esasy görnüşleriniň özüne düşýän gymmatyna eltilýär. Goşmaça önümiň gymmatyny kesgitlemek üçin hasaplamalarda şular peýdalanylýar: – goşmaça önüm üçin kärhananyň hereket edýän goýberiş bahalary; – goşmaça önüme çalşylýan çig malyň bahalary; – goşmaça önümi taýýarlamak üçin çykdajylary. Koeffisiýent usuly toplumlaýyn harajatlar alnan önümleriň arasynda paýlananda koef fisiýentleriň peýdalanylmagyna esaslanýar. Şunda önümleriň birine 1 koeffisiýent berilýär, galanlary saýlanyp alnan alamata (önümiň agramyna, önümiň goýberilýän bahalaryna, dü zümindäki organiki maddalara we ş.m.) baglylykda onuň bilen deňeşdirilýär. Hasaplama şunuň ýaly geçirilýär: – çykarylan önüm şertli birliklerde hasaplanýar; – harajatlaryň umumy möçberini şertli birliklerdäki çykarylan önüme bölmek ýoly bilen bir şertli birlige düşýän harajatlar kesgitlenýär; – bir şertli birlige düşýän harajatlary degişli koeffisiýente köpeltmek ýoly bilen önü miň her bir görnüşini öndürmek üçin harajatlar hasaplanýar. 196 Utgaşdyrylan usul harajatlary aýyrmak usuly bilen koeffisiýentler usulynyň utgaşma gy bolup durýar. Hasaplama birnäçe tapgyrlarda amala aşyrylýar: – önüm esasy we goşmaça diýlip bölünýär; – goşmaça önümi öndürmek üçin harajatlar umumy harajatlardan aýrylýar; – aýrylandan soň galan harajatlaryň möçberi bellenen koeffisiýentlere laýyklykda önümiň esasy görnüşleriniň arasynda bölünýär. Sargytlar boýunça usulda hasaba almagyň we kalkulýasiýa etmegiň obýekti önümiň öňünden kesgitlenen mukdaryny öndürmek üçin aýratyn önümçilik sargydy bolup durýar. Sargytda şular görkezilýär: taýýarlanmaga degişli önüm; olaryň sany; sargydyň ýerine ýetirilmeli möhletleri; ony ýerine ýetirmäge gatnaşýan sehler. Sargydyň meýilnamalaýyn özüne düşýän gymmaty sargydyň ýerine ýetirilýän möhletiniň dowamynda önümçiligiň ähli harajatlarynyň jemi hökmünde kesgitlenýär. Degişlilikde, şu usulda hasabat kalkulýa siýasy sargyt boýunça işler ýerine ýetirilenden soň düzülýär. Ýurdumyzyň iş tejribesinde kalkulýasiýa etmegiň şu usuly bölekleri, şaýlary we tutuş önümleri mehaniki usulda ýygnaýan önümçiliklerde, sehleriň arasynda ýakyn tehnologik arabaglanyşyk bar bolan önümçiliklerde, taýýar önümi diňe bir sehiň, tehnologik hatarda iň soňky bolup duran sehiň çykarýan kärhanalarynda peýdalanylýar. Kalkulýasiýa etmegiň sargytlar boýunça usuly köplenç halatda aýratyn we ownuk tapgyrly önümçilikde ulanylýar. Kalkulýasiýa etmegiň täzeden işlemek boýunça usuly işlenilýän çig malyň işläp geç megiň – täzeden işlemegiň birnäçe özbaşdak tap gyrlaryndan yzygider ýagdaýda geçýän pudaklarynda ulanylýar. Her bir täzeden işleme (iň soňkudan başga) çig maly işläp geçme giň gutarnykly tapgyry bolup durýar, şonuň netijesinde kärhana öz öndüren ýarym taýýar önümini alýar. Kalkulýasiýa etmegiň täzeden işlemek boýunça usuly metallurgiýada, dok ma, agaç işläp bejeriş senagatynda we senagatyň beýleki pudaklarynda ulanylýar. Daşary ýurtlaryň iş tejribesinde kalkulýasiýa etmegiň täzeden işlemek boýunça usuly prosesler boýunça usul (procescosting) diýlip atlandyrylýar. Sargytlar boýunça we prosesler boýunça kalkulýasiýa etmek – daşary ýurtlaryň hasaba alyş iş tejribesinde esasy usullar bolup dur ýar. Olardan başgada kalkulýa siýa etmek ulgamynyň aralyk usul lary giňden ulanylýar, olar gatyşyk (hibrid costing) diýilýän ulgamlara degişlidir. Olaryň saýlanyp alynmagy kärhananyň önümçilik gur luşynyň aýratynlyklary we tehnologik faktorlar we başgada birnäçe faktorlar bilen kesgitlenýär. Garyşyk ulgamlara amallar boýunça kalkulýasiýa etmek (operation costing) we JITkalkulýasiýa degişlidir, olar «Takyk möhletde»«Justintime» ulgamy boýunça çig mal, materiallar, toplaýyş önümleri iberilende peýdalanylýar. Birinji gezek Toýota zawodlarynda ulanylýan bu ulgam serişdeleri çäkli bolan kom paniýalara özleriniň bäsdeşlige ukyplylyklaryny köp möçberde maýa goýum goýmazdan, mümkin bolan ýitgileri azaltmak ýoly bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 197 «Justintime» (JIT) konsepsiýasy boýunça diňe bir zaýa önüm ýitgilere degişli bolman, eýsem serişdeleri sarp edýän, ýöne peýda getirmeýän islendik iş – artyk önüm öndürilmegi, enjamyň we işgärleriň boş durmagy, abatlamak, maddytehniki ätiýaçlyklaryň artyklygynyň bolmagy ýitgilere degişlidir. JIT ulgamy «çekip çykarýan» tehnologiýa bolup durýar, şunda her bir soňky önümçilik tapgyry özünden öňki tap gyrdan zerur bolan ähli zady gerek bolan mukdarda we nomenklaturada we munuň üstesine hem gerek bolan wagtda «çekip alýar». Munuň üçin: 1) satyn alyjylaryň ýüz tutmalaryna laýyklykda önümiň mukdary we möçberi boýunça aýlyk, gijegündizlik, çalşyklylyk tabşyryklar düzülýär; 2) toplaýyş önümlerine bolan senenamalaýyn islegden ugur alyp, olary satyn almagyň grafigi hasap lanýar. Netijede, serişdeleriň dolanyşygy iki esse ýokarlanyp bilýär, sargytlaryň möçberi azalýar, tamamlanmadyk önümçilik ýitip gidýär. Amallar boýunça kalkulýasiýa edilende materiallary hasaba almak üçin sargytlar boýunça usul, zähmet hakyny we umumy zawod çykdajylaryny hasaba almak üçin bolsa, prosesler boýunça usul peýdalanylýar. JIT kalkulýasiýasy üznüksizakymlaýyn önümçilik bolup duran ulgamlarda ulanylýar, olarda her bir amal ondan öňküniň dowamy bolup durýar, her bir şaý bolsa, akymlaýyn liniýanyň beýleki iş ýerlerinde işlenip geçilýär. JIT kalkulýasiýasy ulgamynyň aýratynly gy şular bolup durýar: sargytlaryň we esasy materiallaryň hereketini hemde zähmet ha rajatlaryny amallar boýunça jikmejik hasaba alnyşyň bolmazlygy, aýratyn «Materiallar» hasabynyň ýokdugy. Hakyky harçlanan materiallar we goşmaça çykdajylar (göni zähmet harajatlary olara degişli bolup durýar) baradaky maglumatlar sehler boýunça her aýda ýygnalýar. Degişlilikde, önümiň öndürilen birlikleriniň mukdary we bu birlikleriň özüne düşýän gymmaty kesgitlenýär. Kadalaýyn harajatlar hakyky harajatlar bilen deňeşdirilýär we her aýda sehleriň her biri boýunça gyşarmalar hasaplanýar. Kalkulýasiýa etmegiň seredilip geçilen usullary harajatlary doly paýlamak modeliniň çäklerinde peýdalanylýar. Kalkulýasiýa etmegiň harajatlary bölekleýin paýlamak usuly nyň çäklerinde peýda lanylýan esasy usuly «direktkosting» ulgamy bolup durýar, onda senagat önüminiň özüne düşýän gymmaty üýtgeýän harajatlar babatynda hasaba alynýar we meýilnamalaşdyrylýar. Ulgamda girdejiler baradaky hasabaty gurmagyň köp basgançakly shemasy ulanylýar, ol iki esasy maliýe görkezijini öz içine alýar: maržinal peýda (girdeji) ýada ýapma pul möç beri we peýda. Ýurduň iş tejribesiniň görkezijisi ýaly, häzirki wagtda hakyky doly harajatlaryň pul möçberine we peýdanyň bellibir ululygyna esaslanýan bahalaryň ulanylmagy kärhanalary çykgynsyz ýagdaýa getirýär. Harajatlaryň artýan şertlerinde kadany hemde alynýan peý danyň möçberini saklamaga çalyşmak bilen, kärhanalar bahany ýokarlandyrýarlar, şeýle likde olaryň önümi bäsdeşlige ukypsyz bolýar. Iş tejribesi bolsa haryt ýerlenýän bazarlary peýda kadasyny peseltmegiň we gerek bolan peýdany satuwlaryň möçberlerini artdyr 198 magyň hasabyna almagyň esasynda has arzan önümleri ýerlemek bilen eýe läp we saklap bolýandygyny görkezýär. «Direktkosting» ulgamy harajatlar bilen önümçilik möçberiniň arasynda aragatnaşy gy we barabarlygy ýola goýmaga, önümçiligiň möçberine baglylykda onuň peýdalylygy we ýitgililigi barada maglumat almaga, önümçiligiň möçberine ýada kuwwatlyklaryň peý dalanyşyna laýyklykda özüne düşýän gymmatyň depginini çaklamaga mümkinçilik berýär. Kalkulýasiýa etmegiň şu ulgamynda hemişelik harajatlaryň möçberiniň bölünip görkezil megi olaryň ululygynyň peýdanyň möçberine edýän täsirini görkezmäge mümkinçilik berýär, maržinal girdejiniň üýtgemegi bolsa has düşewüntli önümi ýüze çykarmaga we de gişlilikde, çykarylýan önümiň assortimentine we nomenklaturasyna üýtgemeleri girizmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, «direktkosting» ulgamy üýtgeýän harajatlaryň täsiri bilen peýdanyň üýtgeýşini, ýerleme bahalaryny, çykarylýan önümiň gurluşyny kesgitlemäge we şunuň ýaly seljermäniň esasynda şu şert lerde kärhanany dolandyrmak boýunça zerur bolan strategik çäreleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň alyp biljek mümkinçilik peýdasyny kesgitlemek üçin çykdajylara, önüm çiligiň we peýdanyň möçberine toplumlaýyn seljerme geçirmek zerurdyr. Girdeji koeffisiýentlerini hasaplap çykarmak önümiň assortimentiniň iň gowy gur luşyny (peýda almak nukdaýnazaryndan) saýlap almak üçin zerurdyr. Beýleki görkeziji leriň ählisiniň deň bolmagynda satuwlaryň girdejiniň iň ýokary koeffisiýentini üpjün edýän gurluşy ileri tutulmalydyr. Toplumlaýyn seljerme geçirmegiň zerur elementi harajatlaryň gurluşyny, ýagny kärhananyň üýtgeýän we hemişelik harajatlarynyň gatnaşygyny öwrenmek bolup durýar. Hatda bir pudagyň çäklerinde hem harajatlaryň iň gowy gurluşynyň ýeketäk kriterisiniň ýokdugyny belläp geçmek gerek. Olaryň gatnaşygynyň amatlylygy kärhananyň işiniň anyk şertlerine we olara täsir edýän faktorlara, şol sanda satuwlaryň uzak möhletli meýil lerine, ýerleme derejesinde her ýylky üýtgäp durmalara baglydyr. Mysal üçin, satuwlaryň uzak möhletli artmagy babatynda amatly çaklamalarda hemişelik çykdajylarynyň paýy ýokary bolan firma has ýokary peýda alyp biler, sebäbi onuň girdeji koeffisiýenti ýoka rydyr. Dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin möhüm görkeziji howply nokat (howply möçber nokady, ýitgisizlik nokady, öwrülişik nokady we ş.m.) bolup durýar. Bu nokat fir manyň işiniň peýda alynmaýan, ýitgi hem çekilmeýän möçberini häsiýetlendirýär. Dolandyryş çözgütlerini kabul etmegiň barşynda bar bolan usul larynyň birnäçesinden biri saýlanyp alnanda howply nokat konsepsiýasy giňden ulanylýar. Eger beýleki görkeziji ler (faktorlar) meňzeş bolanda, ýitgisizlik nokadynyň iň pes ululygy bolan görnüş iň gowy hasap edilýär. Daşary ýurt firmalarynyň barlaglarynda önümçilik möçberine, harajatlara we peýda bilelikde seljerme geçirilende käbir ýol bermeleriň peýdalanylýandygyny bellemek gerek: – satuwlardan alynýan girdejiniň, işiň relewant diapazonynda önümçilik çykda jylarynyň özüniň ugurlaýynlygy; 199 – satuwlaryň hemişelik assortimenti; – çykdajylary hemişelik we üýtgeýän çykdajylara bölmek mümkinçiligi; – önümçilik we ýerlemek möçberleriniň arasyndaky deňlik; – önümleriň galyndysynyň üýtgewsizligi; – wagtyň dürli döwürlerinde alnan pullaryň gymmatynyň meňzeşligi; – ýerlenýän önümiň we satyn alynýan çig malyň, material laryň we toplaýyş önüm leriniň bahalarynyň üýtgewsizligi; zähmet hakynyň durnukly kadalary, elektrik ener giýasynyň durnukly tarifl eri we ş.m. Şunuň ýaly seljerme geçirilende ýurtda hümmetsizlenmegiň çak edilýän derejesi we ýerlenýän önümiň we satyn alynýan çig malyň, materiallaryň we toplaýyş önümleriniň ba halarynyň üýtgeýşi, zähmet hakynyň iň pes derejesiniň üýtgeýşi, şeýle hem ýangyç we energiýa üçin tarifleriň üýtgeýşi we ş.m. göz öňünde tutulmalydyr. Şunuň ýaly şertlerde geçirilýän seljermäniň dogrulyk derejesi barlagyň geçirilen wagt aralygyna epesli dereje de bagly bolar. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling