O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- XIV BAP. BAHA EMELE GETIRMEK WE KÄRHA NANYŇ NYRH SYÝASATY 14.1. Baha we baha emele getiriş strategiýasy
Soraglar we ýumuşlar
1. Özüne düşýän gymmatyň dürli görnüşlerini emele getirmegiň yzygiderliligini görkeziň. 2. Özüne düşýän gymmaty peseltmegiň esasy çeşmelerini aýdyp beriň. 3. Harajatlary doly we bölekleýin paýlamak nusgalary näme üçin hyzmat edýär? 4. Kalkulýasiýanyň obýekti näme bolup biler? 5. Özüne düşýän gymmaty kalkulýasiýa etmegiň kadaly usuly nämeden ybarat? 6. Kalkulýasiýa etmegiň sargytlar boýunça usuly barada gürrüň beriň. 7. «Direkt-kosting» ulgamy näme? 8. Howply nokat (ýitgisizlik nokady) näme? XIV BAP. BAHA EMELE GETIRMEK WE KÄRHA NANYŇ NYRH SYÝASATY 14.1. Baha we baha emele getiriş strategiýasy Baha harydyň birini satyjynyň satmaga, satyn alyjynyň bolsa satyn almaga taýýar bo lan pulunyň mukdaryny görkezýän möhüm ykdysady kategoriýadyr. Şu kesgitlemede gür rüň bahalaryň iki görnüşi barada gidýär. Satyjynyň bahasy (harydyň teklip edilýän bahasy) – satyjynyň harydy satmakdan almak isleýän pulunyň mukdary. Satyn alyjynyň bahasy (haryda bolan islegiň bahasy) – satyn alyjynyň haryt üçin tölemäge ukyply we razy bolan pulunyň mukdary. Bazar bahasy (harydyň satylýan bahasy, geleşik bahasy) – satyjy hemde satyn alyjy tarapyndan ylalaşylan baha, ýagny harydyň hakykatdan satyljak bahasy. Şeýlelikde, baha bazar mehanizminiň möhüm elementi bolup durýar. Ol degişli bazaryň ýagdaýyny kesgitleýän örän köp sanly faktorlaryň täsiri bilen emele gelýär. Bazarda adatça 200 diňe bir satyjy we diňe bir satyn alyjy dälde, olaryň köp sanlysy bolýar. Şeýle şertlerde tekli biň bahasy anyk satyjynyň bahasy hökmünde dälde, satyjylar köplüginiň bahasy hökmünde kesgitlenýär. Şol bir wagtda islegiň bahasy anyk bir satyn alyjynyň tölemäge razy bolan ba hasy hökmünde dälde, bilelikdäki islegiň netijesi hökmünde kesgitlenýär. Bahalary emele ge tirmekde döwlet degerli rol oýnaýar, mysal üçin, durmuş ähmiýeti bolan harytlar üçin bellibir baha çäklendirmelerini belleýär. Bazar bahalaryny emele getirmek prosesi önüm öndürmek we ýerlemek üçin harajatlaryň derejesi, ýagny gönüden göni anyk öndürijiniň işi bilen bagly dyr. Önümçilik kärhanalary köplenç halatda harydy göni ahyrky sarp edijä ýerlemeýärlerde, söwda araçysyna ýerleýärler, diýmek, ol hem bazarda bolýar we harydyň bazar bahasyna täsir edýär. Şuny nazara almak bilen, harydyň bazar bahasynyň emele geliş shemasyny düzüp bo lar. Şol bir wagtyň özünde harydyň bazar bahasyna gönüden göni täsir edýän faktorlaryň jemi 33-nji suratda görkezilendäkiden örän giňdir, şunda iş ýüzünde seredilýän faktorlaryň her biri toplumlaýyn faktor bolup durýar. 34nji suratda baha emele getirýän faktorlaryň ulgamy görkezilýär, olaryň arasynda esasylary hökmünde şu toplumlaýyn faktorlar görkezilmelidir: önümçiligiň ortaça çykdajylarynyň ululygy, peýdanyň pudak boýunça ortaça kadasy, pul ul gamynyň ýagdaýy, isleg bilen teklibiň gatnaşygy, bäsleşik gurşawynyň bolmagy we onuň ýag daýy, monopolistik düzgünleşdirmek, bahalary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek. Meňzeş ýada sarp ediş häsiýetleri golaý bolan önüm öndürýän kärhanalaryň önüm çiligiň dürli guramaçylyktehniki derejesi, dürli hünär derejeli işçi güýji bolýar, dürli çeş melerden alnan çig maly we materiallary peýdalanýarlar. Bularyň ählisi her bir kärhana üçin aýratyn önümçilik çykdajylaryny emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde kärhana baha lar emele getirilende pudak boýunça önümçiligiň ortaça çykdajylaryndan, edil şonuň ýaly hem pudakda emele gelen ortaça peýda kadasyndan ugur alýar. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling