O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


-nji surat. Baha emele getirýän faktorlar ulgamy


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet93/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   89   90   91   92   93   94   95   96   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

34-nji surat. Baha emele getirýän faktorlar ulgamy


202
Baha däl bäsleşik harydyň bahasyna harydyň hili, önümçiligiň pudaklaýyn aýratyn­
lyklary (mysal üçin, maýany köp talap edýän we zähmeti köp talap edýän önümçilik), hary­
dyň ýaşaýyş döwri (haryt ýaşaýyş döwrüniň haýsy tapgyrynda bolýar), önümiň görnüşi 
(mysal üçin, tapgyrlaýyn ýa­da aýratyn), firmanyň abraýy, iberilýän harytlaryň möçberi, 
satyjy bilen satyn alyjynyň özara gatnaşygy (özara gatnaşyklaryň häsiýeti şertnamada kes­
gitlenip bilner), tölegiň şerti, bahalary frankirleme (haryt ibermeleriň aýratyn ulag şertleri­
ni bellemek) ýaly faktorlaryň üsti bilen täsir edýär. 
Bahalar düzgünleşdirilýän we erkin bahalar bolup biler.
Düzgünleşdirilýän bahalar döwletiň gözegçiliginde bolýar, döwlet olara dürli usullar 
bilen täsir edip biler. Olaryň birinjisi kesgitli bahalary bellemekdir, mysal üçin, ilkinji zerur 
zatlaryň käbirine şeýle baha bellenýär. Döwlet bahalary başga usullar bilen hem, şol san­
da peýdanyň özüne düşýän gymmatyna gatnaşyk hökmünde ha saplanýan düşewüntliligiň 
aňryçägini bellemek arkaly düzgünleşdirip biler. Ösen ýurtlarda döwlet tarapyndan düz­
günleşdirilýän bahalaryň paýy 20%­den 40% aralygynda bolýar.
Erkin bahalar bäsleşikli bazarda islegiň we teklibiň täsiri bilen emele gelýär. 
Öndüriji kärhana bahalaryň kömegi bilen we harydyň ýaşaýyş döwrüniň tapgyrlaryny 
hasaba almak bilen, goýlan maksatlara ýetmek üçin hereketleriň mümkin bolan usullaryn­
dan ybarat bolan baha strategiýasyny saýlap alýar. Iş tejribesinde baha strategiýalarynyň şu 
görnüşleri has giň ýaýrandyr: ýokary, orta, pes, differensirlenen, ýeňil likli, hukuk kemsidiji, 
durnukly, durnuksyz, çeýe, bäsleşikli, «psiho logik» bahalar, köpçülikleýin satyn almalar we 
baha liderligi stra tegiýalary.
Ýokary bahalar strategiýasy («gaýmagyny almak») harydy ilkibaşda ýokary bahadan 
satmagy, soňra kem­kemden bahany peseltmegi göz öňünde tutýar. Ol täze harytlar we 
naýbaşy harytlar satylanda, şeýle hem islegiň bahalara az derejede bagly bolan şertlerinde 
ulanylýar. Ýokary bahalar strategiýasy köp sanly sarp edijiler tarapyndan degerli derejede 
isleg bar bolanda, harydyň hili ýokary we bäsdeşligiň çäkli bolan mahalynda oňyn netijele­
re getirip biler. 
Pes bahalar strategiýasy («bazara okgunly girmek») harydy ilkibaşda pes bahadan sat­
magy, soňra bazarda orun alnyşyna görä bahalary ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Ol 
bazara harytlar köp möçberde çykarylanda, isleg bahalara ýokary derejede bagly bolanda 
önümçiligiň we satuwlaryň möçberiniň artyşyna görä önümçilik hem­de dolanyşyk çykda­
jylary azalan wagtynda peýdalanylýar.
Orta bahalar strategiýasy iň tipiki strategiýa bolup durýar we goý lan maýa üçin peý­
danyň ortaça kadasyny almagyň esasynda gurulýar.
Differensirlenen bahalar strategiýasy aýry­aýry bahalar we satyn alyjylar boýunça 
harytlaryň bahasynyň ortaça derejesine dürli ýeňil likleri hem­de goşmaçalary ulanmak bi­
len baglydyr. 
Ýeňillikli we hukuk kemsidiji bahalar strategiýasy, şeýle hem köpçülikleýin satyn 
almalar strategiýasy differensirlenen bahalar strategiýasynyň görnüşleri bolup durýar. 
Ýeňillikli bahalar kärhanany aýratyn gyzyklandyrýan satyn alyjylar üçin ýa­da satuwlary 
höweslen dirmek üçin wagtlaýyn çäre hökmünde (mysal üçin, harytlary möwsümleýin sat­
mak) görnüşinde bellenýär. Hukuk kemsidiji ýokary bahalar islenilmeýän we başarnyksyz 


203
satyn alyjylar üçin, şeýle hem ýurduň hökümeti tarapyndan beýleki ýurtlar babatynda 
umumy hukuk kemsidiji syýasat alnyp barlanda ulanylýar. Köpçülikleýin satyn almalar 
harytlar köp möçberde satyn alnan mahalynda olaryň ýeňillikli bahadan satylmagyny göz 
öňünde tutýar.
Durnukly bahalar strategiýasy harytlary (hyzmatlary) uzak wag tyň dowamynda 
durnukly bahadan ýerlemegi göz öňünde tutýar. Ol birmeňzeş harytlar (hyzmatlar) köp 
möçberlerde satylanda we sarp edijiler köp bolanda ulanylýar (mysal üçin, ulag tarifleri).
Durnuksyz bahalar strategiýasy harydyň bahasynyň sarp edijileriň isleginiň, önümçi­
lik çykdajylarynyň we satuwlaryň möçberiniň üýtgäp durmalarynyň ýakyndan baglanyşy­
gyna esaslanýar. 
Çeýe bahalar strategiýasy bahalary satyn alyjynyň mümkinçiligine bagly edýär we 
birmeňzeş däl harytlaryň, mysal üçin, senagat maksatly harytlaryň her biri boýunça aýratyn 
geleşikler baglaşylanda peýdalanylýar.
Baha liderligi strategiýasy öndürijiler tarapyndan bahalaryň şu bazarda anyk haryt 
boýunça öňdebaryjy firmanyň bahalaryna laýyklykda bellenilmegini göz öňünde tutýar. 
Bäsleşikli bahalar strategiýasy – bäsdeşler tarapyndan bahalaryň peseldilmegine ön­
dürijileriň jogap çäresi. Bazardaky orny ýitirmek bilen bahalaryň öňki derejesini saklap 
galmak ýa­da bäsdeşleriň yzyndan bahalary peseltmek, ýöne şunda bazardaky orny saklap 
galmak bilen amala aşyrylýar.
Psihologik bahalar strategiýasy sarp edijileriň dürli toparlarynyň psihologik aýratyn­
lyklaryny göz öňünde tutýar. Meselem, belli firmalaryň (mysal üçin, awtomobil senagatyn­
da «Rolls­Roýs» firmasy, sagat önümçiliginde «Roleks» firmasy we ş.m.) abraýly ýokary 
hil li harytlarynyň bahasyny «psihologik» bahalara degişli edip bolar. Tegelek möçberden 
biraz pes bahalary hem (mysal üçin, 800 manat däl­de, 799 manat) «psihologik» bahalar 
hasap edip bolar. Şeýle etmek bilen önümçilik üçin harajatlar takyk kesgitlenýär, diýmek, 
satyn alyja ýeňillik berilýär diýen täsir döredilýär. Şunuň bilen bir wagtda satyn alyjylaryň 
gaýtargy almagy «halaýandyklary» hem göz öňünde tutulýar.
Bahalaryň saýlanyp alnan strategiýasyna baglylykda firmanyň baha emele getirmek 
babatda umumy syýasaty gurulýar, ol harydyň başlangyç bahasyny bellemegi we soňundan 
bazar faktorlaryny hasaba almak bilen, oňa düzediş girizmegi göz öňünde tutýar. 

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   89   90   91   92   93   94   95   96   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling