O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


-nji surat. Önümiň özüne düşýän gymmatynyň düzümi


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet88/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

31-nji surat. Önümiň özüne düşýän gymmatynyň düzümi
Senagatda kalkulýasiýanyň aşakdaky ýaly mysaly maddalary ulanylýar: 
– çig mal we materiallar;


190
– gaýtarylýan galyndylar (aýrylýar);
– tehnologik maksatlar üçin ýangyç we energiýa;
– önümçilik işçileriniň esasy zähmet haky;
– önümçilik işçileriniň goşmaça zähmet haky;
– durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin geçirimler;
– önümçiligi taýýarlamak we özleşdirmek üçin çykdajylar;
– enjamlary ulanmak we saklamak üçin çykdajylar;
– seh çykdajylary;
– umumy zawod çykdajylary;
– zaýa önümden ýitgiler;
– gaýry önümçilik çykdajylary;
– önümçilik däl çykdajylar.
Senagatyň haýsydyr bir pudagynda önümçiligiň häsiýetine we gurluşyna baglylykda, 
kalkulýasiýa maddalarynyň sanawy üýtgäp biler. Mysal üçin, maşyn gurluşykda «toplaýyş 
önümleri» maddasy, zergärçilik senagatynda «satyn alynýan önümler», «özünde öndüri­
len ýarym taýýar önümler» maddalary görkezilýär. Özüne düşýän gymmatyň düzüminde 
kalkulýasiýa maddalary boýunça toparlara jemlenende harajatlar şu kriteriler boýunça to­
parlara bölünip bilner:
– esasy we goşmaça;
– göni we gytaklaýyn;
– ýönekeý we toplumlaýyn;
– hemişelik we (şertli hemişelik) üýtgeýän (şertli üýtgeýän) harajatlar.
Harajatlary esasy we goşmaça harajatlara degişli etmek olaryň önüm öndürmek prosesi bi­
len baglylyk häsiýeti bilen kesgitlenýär. Esa sy harajatlar tehnologik proses bilen gönüden göni 
bagly bolup durýar hem­de tehnologik maksatlar üçin harçlanýan çig maly we materiallary, 
ýangyjy we energiýany, önümçilik işçileriniň esasy zähmet hakyny öz içine alýar. Öz gezeginde 
goşmaça çykdajylar dolandyryşy guramak we önümçilige hyzmat etmek bilen baglydyr. Mysal 
üçin, olara seh, umumy zawod çykdajylary, önümi ýerlemek üçin çykdajylar degişlidir.
Önümleriň anyk görnüşleriniň özüne düşýän gymmatyna eltmegiň usuly boýunça kärha­
nanyň ähli harajatlary göni we gytaklaýyn harajatlara bölünýär. Göni harajatlar önümiň bellibir 
görnüşini taýýarlamak bilen gönüden göni baglydyr we göni onuň özüne düşýän gymmatyna 
degişlidir. Gytaklaýyn harajatlar sehiň ýa­da tutuş kärhananyň işi bilen baglydyr we aýry­aýry 
önümiň aýratyn görnüşleriniň özüne düşýän gymmatyna göni degişli edilip bilinmez, diňe 
öňünden bellenen alamat boýunça esasy zähmet hakyna, önümçiligiň özüne düşýän gymmaty­
na, degişli önümleri öndürmek boýunça enjamlaryň maşyn­sagatlaryna deň ölçegli ýa­da başga 
bir alamatlar boýunça gytaklaýyn görnüşde degişli edilip bilner.
Kalkulýasiýanyň düzüminde diňe bir elementden durýan ýönekeý harajatlar we birnäçe 
ykdysady taýdan dürli görnüşdäki, ýöne birmeňzeş önümçilik ähmiýeti bolan birnäçe ele­
mentleri öz içine alýan toplumlaýyn harajatlar tapawutlandyrylýar. Meselem, ýönekeý mad­
dalara çig mal we esasy materiallar üçin harajatlar, esasy önümçilik işçileriniň zähmet haky 
degişlidir. Enjamlary ulanmak we saklamak üçin harajatlar, seh we umumy zawod çykda­
jylary top lumlaýyn harajatlar bolup durýarlar, sebäbi her bir madda materiallar üçin harajat­
lary, zähmet hakyny, ulanyş tutumlaryny we beýleki harajat maddalaryny öz içine alýar.


191
Harajatlar önümçiligiň möçberiniň üýtgemegi babatynda hemişelik we üýtgäp durýan 
harajatlara bölünýär. Hemişelik harajatlara önümçiligiň möçberiniň üýtmegine bagly bol­
madyk ýa­da böküş görnüşde üýtgeýän harajatlar degişlidir, üýtgeýän harajatlar önümçili­
giň möçberine bellibir baglylykda üýtgeýär. Hemişelik harajatlar üç topara bölünýär:
– dolulygyna hemişelik harajatlar (hereketsizlik harajatlary) işiň ýok wagtynda hem 
mümkindir. Olara mysal üçin, esasy gaznalaryň ulanyş tutumy degişlidir;
– kärhananyň işini üpjün etmek üçin hemişelik harajatlar kärhana tarapyndan iş amala 
aşyrylanda geçirilýär. Mysal üçin, edara ediş­dolandyryş işgärleriniň zähmet haky, elektrik 
energiýasy, şol sanda jaýlary yşyklandyrmak üçin harajatlar;
– şertli­hemişelik harajatlar önümçiligiň bellibir möçberine ýetilýänçä üýtgemeýär. 
Önümçilik möçberiniň soňy bilen köpelen ýagdaýynda bu harajatlar böküş görnüşinde üýt­
geýär, ol bolsa bazar tarapyndan önümçilik möçberlerini artdyrmagyň talap edilen şert lerinde 
kuwwatlyklaryň aňrybaş derejede peýdalanylmagy bilen baglydyr. Şeýle bolanda kärhana 
täze enjamy satyn alýar, goşmaça korpuslary gurýar, bu bolsa öz gezeginde, esasy gaznalaryň 
gymmatyny ýokarlandyrýar we önümiň birligi üçin harajatlary böküş görnüşde artdyr ýar, 
ulanyş tutumlarynyň möçberi köpelýär. Aňrybaş mümkin bolan N1 möçbere ýetilende täze 
kuwwatlyklar girizilýär we önümiň birliginiň özüne düşýän gymmaty S1­den S1 çenli artýar;
– deň ölçegli üýtgeýän harajatlar, degişlilikde, önümçiligiň möç beriniň artmagyna ýa­
da azalmagyna laýyklykda üýtgeýär;
– regressiw üýtgeýän harajatlar önümçiligiň möçberine garanyňda haýal köpelýän 
harajatlar;
– prorgessiw üýtgeýän harajatlar önümçiligiň möçberine garanyňda çalt köpelýän ha­
rajatlar.
Kärhananyň doly harajatlary üýtgäp durýan we hemişelik harajatlardan emele gelýär.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling