O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet85/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Kärhananyň DYI gullugynyň guramaçylyk gurluşy diýip nämä düşünilýär?
2. Kärhananyň DYI gullugynyň nähili gurluşy bar?
3. Kärhananyň DYI-ni dolandyrmagyň guramaçylyk gurluşyna täsir edýän faktorlary aýdyp 
beriň.
4. Kärhananyň DYI-niň netijeliligini häsiýetlendirýän görkezijileri aýdyp beriň.
5. Eksportyň ykdysady netijeliliginiň görkezijilerini aýdyp beriň. Şu görkezijiler nähili hasa-
planylyp çykarylýar?
 12.4.
Kärhananyň daşary ykdysady işini döwlet 
tarapyndan düzgünleşdirmek
Döwlet eksport mümkinçiliginiň artmagyna, importyň oýla nyşykly bolmagyna, ýur­
duň kärhanalarynyň önümleriniň daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanma­
gyna, ýurduň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, önümçiligi tehnologiýa taýdan 
döwrebaplaşdyrmak üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam etmelidir. 
Döwlet dolandyryş edaralarynyň, hususan­da Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, 
Daşary işler ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Gümrük gullugynyň we beýlekileriň 
ygtyýarlygyna şular girýär:
– daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň konsepsiýasyny we strategiýasyny 
hem­de daşary söwda syýasatynyň esasy ýörelgelerini;
– ýurduň we hojalyk subýektleriniň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmek, ykdysady 
özygtyýarlylygyny we ykdysady bähbitlerini goramak;
– maliýe, walýuta, karz, gümrük­tarif we tarif däl düzgünleşdirmegi goşmak bilen, 
daşary ykdysady işi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek, eksporta gözegçiligi üpjün et­
mek, harytlaryň getirilmegi hem­de çykarylmagy bilen bagly olary sertifikatlaşdyrmak 
babatynda syýasaty kesgitlemek we beýlekiler.
Döwlet dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky beýleki möhüm meseleleriň hatary­
na şulary goşup bolar:


184
– strategiýa taýdan möhüm çig mal harytlary, gymmat metallar, daşlar we olardan 
ýasalýan önümler öndürilende peýdalanylýan ýa­da peýdalanyp bilinjek galyndylary, aýry­
aýry çig mallary, materiallary, tehnologiýalary, ylmy­tehniki maglumatlary getirmek we 
çykarmak;
– Hökümetiň kepillendirmeginiň hasabyna döwlet, bank we täjirçilik karzlaryny çek­
mek, olaryň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek;
– altyn­gyzyl pul ätiýaçlyklaryny emele getirmek we peýdalanmak.
DYI döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgelerine şular degişlidir:
– ýurduň daşary syýasatynyň bir bölegi hökmünde daşary ykdysady syýasatyň bir 
bitewüligi;
– DYI döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek ulgamynyň we oňa gözegçilik etmegiň 
bir bitewüligi;
– ýurduň gümrük çäginiň bitewüligi;
– düzgünleşdirmegiň ykdysady çärelerini ileri tutmak;
– DYI gatnaşýanlaryň ählisiniň deňligi we olaryň hukuklarynyň kemsidilmezligi;
– DYI gatnaşýanlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini döwlet tarapyndan go­
ramak;
– döwletiň DYI esassyz goşulmagyny, oňa gatnaşýanlara we tutuşlygyna ýurduň yk­
dysadyýetine zyýan ýetirilmegini aradan aýyrmak.
Konstitusiýa laýyklykda ýurduň subýektleriniň öz ygtyýarlyklaryna we kanunçylyga 
laýyklykda şulary amala aşyrmaga hukuklary bardyr:
– sebitleýin DYI maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
– öz çägindäki kärhanalaryň we guramalaryň, şol sanda daşary ýurt kärhanalarynyň 
we guramalarynyň DYI­ni utgaşdyrmak we gözegçilik etmek;
– öz çäginde bellige alnan DYI­e gatnaşýanlara goşmaça kepil lendirmeleri we ýeňil­
likleri bermek;
– daşary ýurt karzlaryny çekmek maksady bilen, ätiýaçlandyryş we girew gazna­
laryny emele getirmek. 
DYI döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek döwletiň daşary ykdysady syýasatyny alyp 
barmagyň usullarynyň we serişdeleriniň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Ykdysady proseslere edýän täsirine baglylykda DYI döwlet tarapyndan düzgünleşdir­
megiň usullary göni we gytaklaýyn, edara ediş we ykdysady usullara bölünip bilner.
Ýurtda DYI düzgünleşdirmegiň göni usullaryna hukuk binýady degişlidir, ol hu­
susan­da, «Gümrük kodeksi», «Gümrük tarifleri hakynda», «Daşary ykdysady işi döwlet 
tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» kanunlar ýaly kadalaşdyryjy namalary öz içine 
alýar.
Ýurtda DYI düzgünleşdirmegiň gytaklaýyn (ykdysady) usul laryna ykdysady proses­
lere gatnaşýanlaryň ykdysady bähbitleriniň üstünden täsir edýän usullar degişlidir: ýurduň 
import edýänlerine, aýratyn hem eksport edýänlerine göni we gytaklaýyn maliýeleşdiri­
megi, eksporty karzlaşdyrmagy we ätiýaçlandyrmagy, eksport amallarynyň kepillendiril­


185
megini, salgyt we gümrük ýeňilliklerini we beýlekileri göz öňünde tutýan daşary söwda 
syýasatynyň kömegi bilen döwlet tarapyndan goldaw bermek.
Göni maliýeleşdirmek kepillendirilen düşewündi üpjün etmek maksady bilen, eksport 
edýän kärhanalara önümiň özüne düşýän gym maty bilen eksport düşewündiniň arasyndaky 
tapawudy ýapmak üçin dotasiýalary bermekden ybaratdyr. Eksport edýän kärhanalary gyý­
taklaýyn maliýeleşdirmek iki usul bilen amala aşyrylýar: birinji usul – hökümet tarapyndan 
täjirçilik banklaryna bank göteriminiň hereket edýän möçberi bilen eksport edýän kärha­
nalar üçin peseldilen möçberiň arasyndaky tapawudy ýapmak üçin dotasiýa bermek; ikinji 
usul eksport edýän kärhananyň import çig malyny almak üçin tölän paçlarynyň öwezini 
dolmak, şeýle hem eksport edýän kärhanalara ýokarlandyrylan bahalar boýunça döwlet 
tab şyryklaryny bermek.
Eksporty karzlaşdyrmak iki görnüşde bolup geçýär – içki we daşky karzlaşdyrmak. 
Içerde maliýeleşdirilende Merkezi bank eksport edýän kärhanalara eksport önümçiligi­
ni ösdürmek üçin ýeňil likli göterim möçberleri boýunça karz berýär. Eksporty daşarky 
karzlaşdyr mak karzdar ýurduň firmasynyň harytlaryny satyn almak üçin import edýänlere 
berilýän karzlar görnüşinde amala aşyrylýar. Daşky karzlaşdyrmak daşary ýurtly satyn aly­
jyny höweslendirmäge mümkinçilik berýär.
Eksporty ätiýaçlandyrmak hem töwekgelçilikleriň görnüşlerine baglylykda iki 
görnüşde bolup biler. Töwekgelçilik diýip ykdysady işiň öňünden görülmedik ýagdaýda 
üýtgemegi, amatsyz ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen bagly maliýe hem­de maddy ýit­
gileriň ýüze çykmak howpuna düşünilýär. Içki ätiýaçlandyrmada hökümet maýa goýum 
töwekgelçiliginiň bir bölegini öz üstüne alýar. Eksport önümçiligini ösdürmäge, geljegi 
bolan işläp taýýarlamalary özleşdirmäge goýulýan iri maliýe goýumlary ätiýaçlandyryş 
obýektleri bolup durýarlar. Eksporty daşky ätiýaçlandyrmada hökümet töwekgelçilikleriň 
dürli görnüşlerini (ýurt, syýasy, täjirçilik, walýuta) öz üstüne alýar.
Ýurt töwekgelçilikleri daşary döwletleriň çäginde telekeçilik işi amala aşyrylanda 
ýüze çykýar we bellibir durmuş­syýasy ýa­da ykdysady wakalaryň netijesinde baglaşylan 
halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmezlik, emläge zyýan ýetmek ýa­da ony ýitirmek, 
pul serişdelerini ýitirmek mümkinçiligine düşünilýär.
Syýasy töwekgelçilikler ýurt töwekgelçilikleriniň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. 
Syýasy töwekgelçilik ýurtdaky durmuş­syýasy ýagdaýyň üýtgemegi (walýuta kanunçyly­
gynyň, hukuk binýadynyň, salgyt we gümrük syýasatynyň üýtgemegi, telekeçileriň emläk 
bähbitlerine zyýan ýetiren köpçülikleýin tertipsizlikler, harby hereketler we beýleki fors­
mažor ýagdaýlar) netijesinde daşary ýurtly telekeçiniň girdejini doly alyp bilmezliginiň ýa­
da ony ýitirmeginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň öz borçnamalaryny ýerine ýetirmezligi­
niň ähtimal lygy bilen häsiýetlendirýär. 
Täjirçilik töwekgelçiligi söwda amallaryny geçirmegiň barşynda peýdany doly almaz­
lyk ýa­da ýitgileriň ýüze çykmak mümkinçiligi bilen bagly bolup, şu wakalar görnüşinde 
ýüze çykyp biler: harydyň bahasynyň tölenmeli pursatynda satyn alyjynyň tölege ukypsyz­
lygy, buýrujynyň tölegi geçirmekden boýun gaçyrmagy, şertnama bag laşylandan soň önü­
miň bahasynyň üýtgemegi, önüme bolan islegiň peselmegi we ş.m.


186
Walýuta töwekgelçiligi diýip DYI amala aşyrmagyň barşynda puluň çalşyk hümme­
tiniň üýtgemeginden ýitgileriň ýüze çykmak ähtimallygyna düşünilýär. Meselem, walýuta 
töwekgelçilikleriniň nebit çykarýan kärhanalara degerli täsir edýändigini bellemek gerek.
Mundan başga­da, pudakda köp möçberde import edilen enjamlar peýdalanylýar. Bularyň 
ählisi nebit çykarýan senagatyň puluň çalşyk hümmetiniň üýtgemegine baglylygyny şert­
lendirýär. 
Şeýlelikde, eksporty ätiýaçlandyrmak pullaryň hümmetiniň ýa­da bankyň karz gö­
terimleriniň üýtgäp duran ýagdaýynda eksport karz larynyň gaýtarylmagyny hem, eksport­
dan gelip gowuşmagy me ýil namalaşdyrylan serişdeleriň alynmagyny hem üpjün edýär.
Eksport edýän kärhanalar üçin salgytlary peseltmek olaryň önümçiliginde ekspor­
tyň paýyna baglylykda göni hem, eksport edýän kärhanalara peýdanyň salgyt salynmaýan 
böleginden eksport önümçiligini ösdürmegiň ätiýaçlyk gaznalaryna serişdelere geçirmäge 
hukuk bermek arkaly amala aşyrylýan gyýtaklaýyn görnüşde hem bolup biler. Salgyt kar­
zyny – eksport girdejisinden alynýan salgytlary soňa süýşürip hem ulanylyp bilner.
DYI maglumat üpjünçiligi maglumat çeşmesi bilen maglumatly alyjyny (peýda­
lanyjyny) özara hereketini göz öňünde tutýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür 
gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýän zerur bolan täjirçilik maglumatlary Söw­
da­senagat palatalarynda, Daşary ykdysady iş ministrliginde, täjirçilik banklarynda we ş.m. 
bolýar.
Kataloglar, maglumat kitapçalary, mahabat neşirleri, Internet we beýlekiler täjirçilik 
maglumatlarynyň ýaýradylýan çeşmeleri bolup durýarlar. Alnan maglumatlary, hususan­da, 
haryt ýerlenýän bazarlar baradaky maglumatlary öwrenmegiň barşynda olara seljerme ge­
çirilýär, bazardaky isleg, bäsleşik, konýunktura öwrenilýär we kärhananyň mümkinçiligine 
baha berilýär.
DYI düzgünleşdirmegiň edara ediş usullaryna gümrük­tarif usu l lary, eksporty we/ýa­
da importy göni çäklendirmek, hususan­da, paýlary bellemek, ygtyýarnamalar, embargo 
we beýlekiler, halkara söw da şertnamalarynyň baglaşylmagy, antidemping çäreler, tehniki 
päsgelçilikler we ş.m. degişli edilip bilner.
Düzgünleşdirmegiň tarif däl usullary dürli görnüşdäki çäklendirmeler girizmek ýoly 
bilen import amallarynyň möçberine we gurluşyna täsir edýärler.
Paý bellemek (kwota) – harytlary eksport (import) etmekde paý lary (çäklendirmeleri) 
bellemek. Paýlary bellemek aýry­aýry ýurt lar bilen söwda we töleg disbalansyny aradan 
aýyrmak, içki bazarda isleg bilen teklibi düzgünleşdirmek, beýleki ýurtlaryň hukuk kem­
sidiji hereketlerine jogap çärelerini kabul etmek, harytlary öndürmekde we ýerlemekde her 
bir ýurduň paýyny bellemek maksady bilen girizilýär.
Ygtyýarlylandyrmak döwlet edaralary tarapyndan harytlary eksport (import) etmek 
üçin bellibir döwre berilýän ýazmaça rugsatlardan ybaratdyr, bu daşary söwda dolanyşy­
gynyň mukdar taýdan düz günleşdirilmegini üpjün edýär. Ygtyýarlylandyrmagyň gümrük 
kadalarynyň bozulan ýagdaýynda eksporty (importy) çäklendirmek maksady bolýar.
Kontingentlere bölme – haýsydyr bir harytlaryň getirilmeli we çykarylmaly möçber­
lerini haryt we gymmat manysynda bellemekdir. Kontingentler bellibir möhlete we mil­


187
li önüm öndürijileriň bähbitlerini goramak üçin, esasan, import harytlary babatynda bel­
lenýär. Kontingentleri bellemek ygtyýarnamalar boýunça amala aşyrylýar. 
Halkara söwda şertnamalary 5 ýyldan 10 ýyl möhlete çenli bag laşylýar, olar ýurtlaryň 
arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň umumy ugurlaryny kesgitleýärler, hyz­
matdaşlygyň söwda­syýasy düzgünini belleýärler, özara hasaplaşyklaryň şertlerini we ş.m. 
göz öňünde tutýarlar. Halkara söwda şertnamalarynyň bag laşylmagy ýurt lar tarapyndan 
has amatly düzgüniň döredilmegine ýardam edýär.
Antidemping çäreleri meňzeş önümleri öndürýän milli kärhanalara zyýan ýetirýän 
ýagdaýda harytlary pes bahalar boýunça satmakda günä ýöňkelýän daşary ýurtly hyzmat­
daşlara bildirilýän nägileliklere edara ediş babatynda we kazyýetde işe seretmek bolup 
durýar.
Tehniki päsgelçilikler import edilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmak we daşky 
gurşawy goramak maksady bilen ulanylýar. Import edilýän önüm halkara we milli standart­
lara, pudaklaýyn kadalara we tehniki görkezmelere laýyk gelýändigi babatynda barlanýar. 
Tehniki päsgelçilikleriň has giň ýaýran görnüşleriniň biri hem import edilýän harytlary 
sertifikatlaşdyrmak, ýagny harytlaryň häsiýetnamalarynyň import edilýän ýurtda hereket 
edýän bellibir standartlara laýyk gel ýändiginiň ýörite laboratoriýalarda synagdan geçirilen­
digi barada şaha datnamany almak talaby bolup durýar.
Eksport­import amallaryny düzgünleşdirmegiň esasy gurallaryna gümrük paçlary we 
gümrük tarifleri degişlidir.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling