O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet81/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   77   78   79   80   81   82   83   84   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Spekulýatiw reeksport – olaryň bahalary ýokarlanan ýagdaýynda gaýtadan satmak 
maksady bilen birža harytlaryny satyn almak.
Tehnologik reeksport – düzümine ozal import edilen harytlar girýän toplanýan en­
jamy öndürýän kärhanalar üçin häsiýetlidir.
Reimport – ýurtda öndürilen, ozal ýurduň daşyna çykarylan, ol ýer de gaýtadan işlen­
medik harytlary (satylmadyk, ýaramsyz ha sap edilen we ş.m. harytlary) yzyna getirmek. 
Köp ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda reimport edilende gaýtadan ýurda getirilen 
harytlardan gümrük paçlary we salgytlar alynmaýar, şeýle hem olar babatynda bellenen 
paýlar (kwota), ygtyýarlandyrmak ýaly çäreler ulanylmaýar.
Eksportyň takyk emele getirilen maksatlary, şeýle hem olara etmek üçin işlenip dü­
zülen strategiýa kärhananyň eksport syýasatyny kesgitleýär, bu syýasat şulara gönükdirilip 
bilner:
– mümkin bolan islegi ýokarlandyrmaga, bu işiň gerimini artdyrmagyň hasabyna 
önümçilik möçberini giňeltmek we netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglydyr
– täjirçilik töwekgelçiligini peseltmäge, bu töwekgelçiligi paýlamak, ony satyn aly­
jylaryň arasynda ýaýratmak, kärhana üçin amatly bolan bäsleşik şertlerini, konýunkturany 
gözlemek boýunça çäreler bilen kesgitlenýär;
– harydyň ýaşaýyş döwrüni uzaltmaga; 
– kärhananyň bazardaky diwersifikasiýa etmek işi we işjeň marketing gözlegleri neti­
jesinde bäsleşik artykmaçlyklaryny ýokarlandyrmaga we bäsleşikden goramaga;
– daşary ýurtlaryň bazarlarynda bäsdeş firmalaryň we olaryň harytlarynyň artykmaç­
lyklary baradaky maglumatlary peýdalanmagyň hasabyna önümçilik hem­de maddy­teh­
niki üpjünçilik üçin harajatlary azaltmak.
Mundan başga­da, eksport syýasaty eksport önümleriniň assortimentiniň, bahalarynyň 
emele getirilmegini, hil derejesiniň kesgitlenmegini, hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini etmek, 
bäsleşikli göreş görnüşlerini saýlap almak mümkinçiliklerini we ş.m. göz öňünde tutýar.
Harytlary eksport etmek işi haýsydyr bir mukdar borçnamalaryndan we tarif çäk­
lendirmelerinden erkindir, halkara borçnamalary muňa girýär. Diňe özboluşly harytlaryň 
uly bolmadyk möçberini eksport etmek ygtyýarlandyrylýar. Daşary söwda amallary ge­
çirilende «şu ýurduň çägi» diýen düşünje onuň döwlet serhetleriniň çäklerinde «gümrük 
çägi» düşünjesi bilen, ýagny döwletiň özüniň gümrük kanunçylygynyň hereket edýän çägi 
babatynda laýyk gelmän biler.
Şu döwletiň serhetlerinde gümrük çäginiň daşynda offşor zolaklary we erkin telekeçi­
lik zolaklary, şeýle hem iki ýa­da ondan köp özygtyýarly döwletleriň çäklerini içine alýan 
ykdysady bileleşikler bolup biler.
Harydyň döwlet serhedinden geçen pursaty DYI bilen bagly amallary hasaba almak 
üçin esas bolup durýar. Şu ýurduň çäklerinde ýerleşýän kärhana harydy öndürmek we 
döwlet serhedine getirmek boýunça çykdajylary, düzgün bolşy ýaly, şol ýurduň pulunda 
çekýär, soňky çykdajylary (erkin çalşylýan pulda ýa­da satyn alyjynyň bolýan ýurdunyň 


176
pulunda giriş paçlaryny, ulag tariflerini, ätiýaçlandyryş töleg lerini tölemek), şertnamanyň 
şertlerine baglylykda, ýa üpjün ediji ýa­da harytlary we hyzmatlary satyn alyjy töleýär.
Strategik maksatly harytlary eksport etmek üçin kärhana daşary ykdysady işi amala 
aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama almalydyr we ondan başga­da, harytlary çykarmagy 
bellenilen paýlardan ýokary bolmadyk möçberde amala aşyrmalydyr. 
Eksport we import amallaryny hasaba almak hem­de gözegçilik etmek, import edilýän 
harytlaryň kanunçylygyň talaplaryna we sanitar­gigiena şertlerine laýyklylygyny barla­
mak, gümrük paçlaryny al mak we olary öz wagtynda býujete geçirmek boýunça borçlary 
güm rük edaralary amala aşyrýarlar.
Döwletiň gümrük ulgamy – bu gümrük paçlarynyň möçberini we olary tölemegiň 
tertibini, goşulan baha üçin salgydyň möçberini, import edilýän harytlar üçin aksizleriň 
möçberini, şeýle hem Halkara gümrük birleşigine – Tarifler we söwda baradaky baş yla­
laşyga girýän döwletleriň daşary söwda işi baradaky halkara ylalaşyklarynda kes gitlenýän 
gümrük ýeňilliklerini bermegiň tertibini kesgitleýän kadalaşdyryjy resminamalaryň jemi 
bolup durýar.
Gümrük pajy harytlara ýurda getirilende ýa­da ýurtdan çykarylanda döwlet tarapyn­
dan alynýan gytaklaýyn salgyt görnüşindäki tölegiň görnüşidir. Gümrük paçlary import 
edilýän harydyň bahasyny ýokarlandyrýan we ykdysadyýetiň aýry­aýry pudaklaryny 
daşary ýurtly bäsdeşlerden goraýan gymmatlyk päsgelçiligini döredýär.
Gümrük paçlaryny ulanmak gümrük tarifiniň çäklerinde amala aşyrylýar. Gümrük 
tarifi – gümrük pajy alynmaga degişli harytlaryň bellibir alamat (alamatlar) boýunça ul­
gamlaşdyrylan sanawydyr, onda bu harytlaryň her biri üçin gümrük paçlarynyň bir ýa­da 
birnäçe staw kalary görkezilýär.
Eksportyň we importyň JIÖ­de tutýan orny ýurduň halk hojalygynda DYI­niň ornuny 
we ähmiýetini kesgitlemek üçin esasy kriteriý bolup durýar.
Kärhananyň daşarky bazara çykmagynyň esasy tapgyrlary şular bolup durýar:
– daşarky bazarlara marketing barlaglar (anyk bazardaky islegi we teklibi, bäsdeşleriň 
tutýan ornuny, iş şertlerini öwrenmek; daşarky bazarlara aralaşmagyň usullaryny saýlap 
almak; täjirçilik amallaryny geçirmek bilen bagly ýurtlar boýunça mümkin bolan töwek­
gelçiliklere baha bermek we beýlekiler);
– hukuk meselelerini öwrenmek;
– kärhananyň mümkinçiligini seljermek (hojalyk işiniň netijeleri; eksport etmek göz 
öňünde tutulýan harydyň bäsdeşlige ukyplylygyna baha bermek);
– daşary ýurt bazarlarynda ýerlemek üçin harytlary (işleri, hyzmatlary) saýlap almak;
– gepleşikler, işewür gatnaşyklary ýola goýmak;
– daşary söwda şertnamasyny düzmek.
Daşarky bazarlara geçirilen marketing barlaglarynyň barşynda alnan netijeler maksat­
laýyn bazarlary saýlap almaga we olarda ornaşmagyň has netijeli görnüşlerini bellemäge 
mümkinçilik berýär: ygtyýarlandyrma, göni eksport, ýerli sarp edijilere göni satuwlary ge­
çirmek üçin täjirçilik işgärleri bolan haryt ammaryny döretmek, önümleri toplamak we 
gaplamak boýunça kärhanany ýa­da ýygnaýjy zawody guramak we ş.m. 


177
11-nji tablisa

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   77   78   79   80   81   82   83   84   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling