O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


-njy surat. Kärhanada töwekgelçiligi dolandyrmagyň algoritmi


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet78/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

30-njy surat. Kärhanada töwekgelçiligi dolandyrmagyň algoritmi
Şu algoritme laýyklykda töwekgelçilikleri peseltmegiň şu toparlaryny görkezip bolar:
HUKUK USULLARY
1. Şertnamalar. Eger taslamalary geçirmek örän töwekgelçilikli bolsa we mümkin bo­
lan töwekgelçiligiň ululygy kärhana üçin kabul ederlikli bolmasa, ol bu töwekgelçilikleri 
beýleki gurama berip biler. Şertnama boýunça töwekgelçiligi bermek şu sebäplere görä iki 
tarap üçin hem peýdaly bolup biler:
– töwekgelçiligi berýän tarap üçin köp bolup biljek ýitgiler töwekgelçiligi kabul 
edýän tarap üçin ujypsyz bolup biler;
– transferler (kabul edýän tarap) ýitgileri peseltmek we transferte garanyňda hojalyk 
töwekgelçiligine gözegçilik etmek üçin gowy ýagdaýda bolup biler.
Şertnamalaryň görnüşleri:
1) gurluşyk şertnamalary – gurluşyk bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri gur­
luşyk firmasy öz üstüne alýar. Raýat kodeksine laýyklykda desgalaryň buýrujy tarapyndan 
kabul edilmezinden öň tötänden ýok bolmak ýa­da oňa zeper ýetmek töwekgelçiligini pot­
ratçy çekýär;
2) maşynlary we enjamlary kärendä almak (lizing) şertnamasy – töwekgelçilikleriň 
bir bölegi emläk eýeçiliginde galýar (emläk üçin salgydyň möçberiniň artmagy, moral we 
fiziki taýdan könelme);


171
3) ýükleri saklamak we daşamak üçin şertnamalar – berilýän töwekgelçilikleriň möç­
beri taraplaryň hukuk derejesine we şertnamanyň şertlerine baglydyr. Adatça borçnamaly 
möhletli töwekgelçilikler berilýär;
4) satmak, hyzmat etmek, üpjünçilik şertnamalary;
5) faktoring şertnamasy (pul talaplaryny bermegiň hasabyna maliýeleşdirmek) – karz 
töwekgelçiligini bermek.
Töwekgelçilikler şertnama laýyk berlende şular göz öňünde tutulmalydyr:
– taraplaryň arasynda töwekgelçilikleri paýlamak takyk we ikuç syz bolmalydyr;
– transferleriň öz üstüne kabul eden ähli borçnamalaryny çalt ýerine ýetirmek 
mümkinçilikleri bolmalydyr;
– transferleriň töwekgelçiligi peseltmek we oňa gözegçilik etmek üçin degerli ygtyýar­
lyklary bolmalydyr hem­de olary örän gowy peýdalanmalydyr;
– töwekgelçilik iki tarap üçin hem özüne çekiji bahalar boýunça berilmelidir.
2. Girew. Raýat kodeksinde borçnamalaryň ýerine ýetirilişini üpjün etmegiň şu gör­
nüşini peýdalanmak bilen geleşikleri geçirmegiň we diýmek, geleşik boýunça töwekgelçi­
ligi peseltmegiň kadalaryny belleýän birnäçe maddalar bolýar. Raýat kodeksine laýyklykda 
girew borçnamany üpjün etmegiň usulydyr, şunda karzdar (girewi saklaýjy) bergidar (gi­
rew goýujy) tarapyndan borçnamanyň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda beýleki karzdar­
lara garanyňda artykmaçlyk bilen, girew goýlan emlägiň hasabyna kanagatlanma almak 
hukugyny alýar. Bergidar tarapyndan ýol berlen borçnamanyň bozulmagy ujypsyz dereje­
de bolan ýagdaýynda we girew saklaýjynyň talaplarynyň möçberi girew goýlan emlägiň 
gymmatyna laýyk bolmasa, girew saklaýjynyň girew goýlan emlägi töletdirmek babatynda 
talaby kanagatlandyrylman bilner.
Girew şu görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:
– girew goýujyda peýdalanmak hukugy ýa­da peýdalanmak hukugy bolmazdan gal­
dyrylyp bilner;
– girew saklaýja peýdalanmak hukugy ýa­da peýdalanmak hukugy bolmazdan berlip 
bilner (ipotekadan we dolanyşykdaky girew goýlan harytlardan başga).
Girew şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar we şu şertleri öz içine almalydyr: 
girew predmetini we oňa berilýän bahany, girew bilen üpjün edilýän borçnamanyň düýp 
manysyny, möçberini we ýerine ýetirilmeli möhletlerini, şeýle hem olar babatynda tarap­
laryň biriniň talap etmegi boýunça ylalaşyk gazanylan beýleki şertleri.
Potensial girew emlägi birnäçe talaplara laýyk gelmelidir, olaryň arasynda şular 
görkezilýär:
– berilýän maddy­haryt gymmatlyklaryň hili, ýagny olaryň geç ginliligi (tiz ýerlemek 
mümkinçiligi), bahalaryň bellibir derejede durnuklylygy, ätiýaçlandyrmak mümkinçiligi 
(şertnamada başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, goýlan emläk girew goýujynyň 
hasabyna ätiýaçlandyrylýar);
– karzdaryň girewiň saklanyşyna gözegçilik etmek mümkinçiligi;
– girew obýektiniň soralýan karzyň pul möçberini üpjün etmek üçin ýeterlik bolmagy. 
Goýlan emläk esasy berginiň möçberini, göterimleri, jerimeleri, şeýle hem borçnamalaryň 
ýerine ýetirilmeli möhletiniň geçirilendigi sebäpli ýetirilen zyýanyň (bu ýitirilen peýda, 
ýagny adaty şertlerde karzdaryň almagy göz öňünde tutup biljek alynmadyk girdejileri 


172
diýlip atlandyrylýar) we girew goýujynyň goýlan zady saklamak, ony töletdirmek we ýer­
lemek boýunça çykdajylarynyň öwezini dolmagy üpjün etmelidir. 
Käbir kadadan çykmalar bilen, girewiň predmeti islendik emläk, şol sanda zatlar we 
emläk hukuklary bolup biler. Girew emläginiň anyk görnüşlerine şular degişlidir:
– geçginli önümçilik harytlary we ätiýaçlyklary;
– enjamlar we ulag serişdeleri;
– debitor bergi (bergidaryň tölege ukyply bolan şertinde). Şu ýagdaýda faktoring şert­
namasy baglaşylyp bilner – bank öz bergidaryndan debitor bergini almak hukugyny alýar 
we özi debitorlardan puly alýar;
– geçginli gymmatly kagyzlar – paýnamalar, obligasiýalar we ş.m.;
– karzdar bankda saklanýan manatdaky we daşary ýurt pulundaky depozit goýumlar;
– gymmat bahaly metallar we zergärçilik önümleri;
– emläk hukuklary – kärende töleglerini, şertnamalar boýunça düşewündi, paýnama­
lar boýunça diwidendleri, ygtyýarnama töleg lerini almak hukugy;
– gozgalmaýan emläk. Ipoteka karzlaşdyrmasy häzirlikçe baş langyç ýagdaýdadyr, bu 
şu ugurda kanunçylygyň ösen däldigi bilen düşündirilýär.
3. Jerime – kanunda ýa­da şertnamada bellenen, borçnamanyň ýerine ýetirilmedik 
ýa­da bolmalysy ýaly ýerine ýetirilmedik halatynda, hususan­da, ýerine ýetirilmeli möhleti 
geçirilen mahalynda bergidaryň karzdara tölemeli pul möçberi.
4. Zamunlyk we bank kepillendirmesi zamun bolýanyň (kepil lendirýäniň) bergidar 
tarapyndan berginiň gaýtarylmagy üçin karzdarlaryň öňündäki doly ýa­da bölekleýin jo­
gapkärçiligi bolup durýar.
Zamunlyk bilen üpjün edilen borçnamanyň ýerine ýetirilmedik ýa­da bolmalysy ýaly 
ýerine ýetirilmedik halatynda, bergidar we zamun bolýan raýdaş jogapkärçilik çekýärler, 
ýagny karzdaryň olaryň islendik birinden borçnamanyň ýerine ýetirilmegini talap etmäge 
hukugy bardyr. Şunda kanunda ýa­da şertnamada zamun bolýanyň subsidiar (goşmaça) jo­
gapkärçiligi göz öňünde tutulyp bilner. Şeýle ýagdaýda talap ilkibaşda bergidara bildirilýär 
we talaby kanagatlandyrmagyň mümkin bolmadyk ýa­da doly kanagatlandyrylmadyk ha­
latynda bolsa zamun bolýana talap bildirilýär. Zamun bolmagyň möhüm aýratynlygy zamun 
bolýanyň karzdaryň talaplarynyň garşysyna bergidaryň özüniň bildirip biljek nägilelikleri 
ýaly nägilelikleri bildirip bilýändiginden ybaratdyr.
Bank kepillendirmesi abstrakt geleşik bolup durýar, ýagny kepillendirijiniň karzdaryň 
öňündäki borçnamasy ony üpjün etmek babatynda kepillendirme berlen esasy borçnama 
bagly bolmaýar. Kepillendiriji diňe talabyň kepillendirme şertlerine laýyk gelmeýän ýag­
daýynda ýa­da onda bellenen möhlet geçenden soň berilse karzdaryň talabyny kanagatlan­
dyrmakdan ýüz öwrüp biler.
5. Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi peseltmegiň usuly hökmünde peýdalanylanda şu 
ýagdaýlar göz öňünde tutulmalydyr: 
– işiň ähli töwekgelçiliklerini bir ätiýaçlandyryş polisinde göz öňünde tutmagyň 
mümkin däldigini;
– ätiýaçlandyryş boýunça ýokarlandyrylan tölegleriň hemişe önümçilik ýa­da do­
lanyşyk çykdajylaryna degişli bolup durmaýandygyny we kärhananyň balans peýdasyna 
täsir etmeýändigi;


173
– ätiýaçlandyrylmadyk ýitgileriň telekeçiniň peýdasyna ep­esli täsir edip biljekdigi.
Düzgün bolşy ýaly, tebigy, geologik, heläkçilik, ulag töwekgelçilikleri, şeýle hem karz­
lary gaýtarmak töwekgelçilikleri degişli däldir.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling