TEHNIKI USULLAR
Şunuň ýaly usullar ýörite kanunçylyk kadalarynyň ulanylmagyny talap etmeýär we
öz içine şulary alýar:
– ýörite tehniki enjamlaryň, mysal üçin, gorag duýduryş ulgamlarynyň oturdylmagyny.
Şunda diňe bir delikt töwekgelçiliklerden zyýan çekmek ähtimallygyny düýpli peseltmän,
eýsem gytaklaýyn ýaramaz netijeleriň ýüze çykmak mümkinçiliginiň öňüni hem alyp bolar:
– auditiň gymmatyny;
– haryt dolanyşygynyň azalmagyny;
– emläk derňelende, jaýlar howpsuz ýagdaýa getirilende we olar netijeli peýdalanmak
üçin taýýarlananda işgärleriň iş wagtyndan daşary edilen iş üçin zähmetine hak tölemek
zerurlygyny;
– içki hukuk bozmalaryň köpelmegini, kärhananyň emlägi saklamagy üçin üpjün et
mek boýunça degerli çäreleri geçirmeýändigi ýüze çykarylan bolsa, işgärleriň ownuk ogur
lyklaryny.
YKDYSADY USULLAR
– Özözüňi ätiýaçlandyrma – mümkin bolan zyýany peseltmegiň beýleki usullarynyň
elýeter bolmadyk ýagdaýynda ýada töwekgelçiligiň ähtimallygy pes bolanda mümkin bo
lan zyýany ykrar etmekdir. Ýitgiler kärhananyň ätiýaçlyk (ätiýaçlandyryş) gaznasyndan
ýapylýar. Bu gymmat usul bolup durýar we ony düzgün bolşy ýaly, iri we maliýe taýdan
durnukly kärhanalar ulanýarlar. Dünýä tejribesi özözüňi ätiýaç landyrmagyň şu ýagdaýlarda
maksada laýykdygyny görkezýär:
– ähli telekeçilik işiniň emläk we maliýe parametrleri bilen deňeşdirilende ätiýaçlan
dyrylýan emlägiň gymmaty, şeýle hem mümkin bolan ýitgiler töwekgelçiligiň ululygy ýokary
bolmadyk ýagdaýynda;
– ýitgi çekmek töwekgelçiligi örän pes bolanda we firmada köp möçberde birmeňzeş
emläk bar bolsa (nebiti gaýtadan işleýän kompaniýalaryň özleri tankerleri ätiýaçlandyrýarlar);
– Töwekgelçiligi birleşdirmek – töwekgelçiligi ýitgi çekmek ähtimallygy olaryň her
biri üçin köp bolmaz ýaly görnüşde birnäçe gatnaşyjylaryň arasynda paýlamak;
– Birža geleşikleri – hejirleme.
Do'stlaringiz bilan baham: |