O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
-njy surat. Monte Karlo usuly boýunça taslamanyň
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
29-njy surat. Monte Karlo usuly boýunça taslamanyň
töwekgelçiliklerine seljerme geçirmegiň şekili Monte Karlo usuly boýunça töwekgelçilikleri seljermek duýgurlygy seljermek we äh timallyklar nazaryýetiniň esasynda ssenarileri seljermek usullarynyň integrasiýasy bolup durýar. Şunuň ýaly seljermäniň netijesi bolup taslamanyň netijeleriniň ähtimallyklaryny paýlamak çykyş edýär (mysal üçin, NPV<0 almak ähtimallygy). Ilkibaşda taslamanyň pul akymlarynyň emele gelmegine täsir edýän her bir faktory (üýtgeýän ululygy) paýlamak wezipesini kesgitlemek gerek. Adatça paýlama wezipesi ka daly diýip hasap edilýär we onuň bellenmegi üçin matematiki garaşmany we ortaça kwad ratiki gyşarmany kesgitlemek gerek. Seljermäniň netijesi (ol adatça amaly maksatnama laryň ýörite bukjalaryny peýdalanmak bilen amala aşyrylýar) töwekgelçiligiň esasy ugry görnüşinde berilýär, ol grafika görnüşinde mümkin bolan her bir ýagdaýyň ähtimallygy bolup durýar. Töwekgelçiligiň kumulýatiw (integral) ugry dürli nukdaýnazardan arassa gündelik gymmaty anyk taslama üçin kumulýatiw ähtimal paýlanyşyny görkezýär. Monte Karlo usulynyň birnäçe artykmaçlyklarynyň bardygyna garamazdan, ol iş ýü zünde giň ýaýran däldir. Onuň esasy ýetmezçiligi imi tasion modelleşdirmegiň netijeleriniň birmeňzeş teswirlenmeýändigi bolup durýar. Kärhanada töwekgelçiligi dolandyrmak birnäçe tapgyrlary öz içine al ýar. Anyk kärhanadaky ýagdaý babatynda işlenip taýýarlanan töwekgelçiligi dolandyrmagyň amaly maksatnamasynyň parametrleri ýüze çykýan töwekgelçilikleriň aýratynlygyna, kärha nanyň ygtyýarynda bar bolan serişdelere we töwekgelçilikleri has netijeli usulda dolan dyrmak üçin hünär derejesine baglydyr. 30-njy suratda töwekgelçiligi dolandyryş prosesi getirilýär. 170 Töwekgelçiligi identifikasiýa etmek (tapawutlandyrmak) Töwekgelçiligi seljermek (sebäpnetijewaka) Töwekgelçilige mukdar taýdan baha bermek (ähtimallyk we agyrlyk) Töwekgelçiligi ýok etmegiň ýada peseltmegiň usullary (saýlap almak we baha bermek) Hereketleri saýlap almak Saklamak (tehnikiykdysady) Bermek (hukuk) Ätiýaçlandyryş Şertnamalar Girew Jerime Öňünden töleg Zamun bolmak Bank kepillendirmesi Özözüňi ätiýaçlandyrma (girdejileriň ýada ätiýaçlyk gaznasynyň hasabyna) Töwekgelçiligi birleşdirmek Howpsuzlyk üçin goýumlar Taslamalary diwersifikasiýa etmek Birža geleşikleri 0> Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling