O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
maliýe däl aktiwlere maýa goýumlar (önümçilik maýa goýum lary)
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
maliýe däl aktiwlere maýa goýumlar (önümçilik maýa goýum lary):
– esasy maýa goýulýan goýumlar; – esasy gaznany düýpli abatlamak üçin goýulýan goýumlar; – maddy däl aktiwlere goýulýan goýumlar; – dolanyşyk gaznalarynyň ätiýaçlyklaryny artdyrmak üçin goýulýan goýumlar; – beýleki maliýe däl aktiwlere goýulýan goýumlar (ýer böleklerini we tebigatdan peý dalanyş obýektlerini satyn almagy we ş.m.goşmak bilen); maliýe maýa goýumlary: – beýleki kärhanalaryň gymmatly kagyzlaryna goýulýan goýum lar; – döwlet we ýerli zaýomlaryň obligasiýalaryna goýulýan goýum lar; – beýleki kärhanalaryň esaslyk maýalaryna goýulýan goýumlar; – beýleki kärhanalara berlen karzlar; adam maýasyna maýa goýumlar: – kärhanada işläp ýören ýada işlemegi mümkin bolan işgärleriň bilimine goýulýan goýumlar; – kärhananyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmaga goýulýan goýumlar; – saglygy goraýyş desgalaryna maýa goýumlary goşmak bilen, kärhananyň durmuş ulgamyna goýulýan goýumlar; – tehniki howpsuzlygy üpjün etmäge we zähmet şertlerini gowulandyrmaga goýulýan goýumlar. Soňky ýyllarda maliýe däl aktiwlere goýulýan maýa goýumlaryň arasynda esasy maýa goýulýan goýumlar öňde barýar. Olaryň hemde düzüminde gurluşykgurnama işleri, enjamlar, gurallar, esbaplar we gaýry düýpli işler hemde harajatlar tapawutlanýar. Jemläp alanyňda olar düýpli goýumlaryň tehnologik gurluşyny emele getirýärler. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak nukdaýnazaryndan esasy agram maşynlara, enjamlara, ulag serişde lerine goýulýan goýumlara düşýär. Soňky ýyllarda maşynlara we enjamlara goýulýan esasy maýa goýumlaryň düzümin de bellibir üýtgeşmeler bolup geçýär. Iň täze maglumataragatnaşyk enjamlaryna we ola ra ugurdaş maksatnama üpjünçiligine goýulýan goýumlar artýar. Tehniki taýdan ösüşiň häzirki tapgyrynda bu enjam ähli önümçilik işini birleşdirýär, şol bir wagtyň özünde ony özgerdýär. Bazar ykdysadyýetinde maliýe maýa goýumlary degerli rol oýnaýar, sebäbi önümçilik maýasyndan tapawutlylykda, maliýe maýasy has ykjamdyr. Şonuň üçin hem paýnamalara, obligasiýalara we beýleki gymmatly kagyzlara goýulýan maliýe maýa goýumlary maýany ykdysadyýetiň ulgamlarynyň arasynda ondanoňa geçirmegiň ykdysadyýetdäki gurluş öz gertmelerine ýardam edýän iň gowy serişdesidir. Häzirki zaman ylmytehniki üstünlikleriň ykdysadyýetiň ösüşine edýän täsiriniň artma gy adam maýasynyň hilini ýokarlandyrmagyň zerurlygyny şertlendirýär. Adam maýasyna köp möçberde maýa go ýumlary goýmak, ýagny işgärleriň bilimini we olaryň hünär dereje siniň laýyklygyny hemde bu derejäniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin ha rajatlara zerurlyk ýüze çykýar. Şu ugurdaky harajatlaryň uzak möhletleýin häsiýeti bolup, 10. Sargyt № 996 146 olar köp ýyl laryň dowamynda girdeji getirýärler. Saglygy goraýyş ulgamyna goýulýan maýa goýumlar barada hem şolary aýdyp bolar, olar hem geljekde özüni ödeýär. «Maýa goýum tapgyrynyň» kesgitlenen kadasyna laýyklykda başlangyç, gündelik we goşmaça maýa goýumlar tapawutlandyrylýar. Başlangyç goýumlar – kärhanany ýada onuň bilen utgaşykly önümçiligi döretmek üçin maýa goýumlar; Gündelik goýumlar – döwrebaplaşdyrmak ýada düýpli abatlamak arkaly esasy seriş deleri iş ýagdaýynda saklamak ýoly bilen kär hananyň işini üpjün edýär. Goşmaça goýumlar – hereket edýän önümçilige goýulýan, kärhananyň kuwwatlyk laryny giňeltmäge gönükdirilen maýa goýumlar: çykdajylary azaltmak maksady bilen, önümçilik işlerini kämilleşdirmek; çykarylýan önümleriň nomenklaturasyny artdyrmak we olaryň täze bazarlara aralaşmagy üçin kärhananyň önümçilik ugruny üýtgetmek hemde onuň önümçiligini diwersifisirlemek. Goýulýan ugurlary boýunça maýa goýumlar kärhananyň (guramanyň) önümçilikýer leme işiniň goýumlaryň gönükdirilýän tapgyrlaryna baglylykda, toparlanma bölünýär. Önümçilik kärhanasy üçin şu tapgyrlar görkezilýär: – maddytehniki üpjünçilik, ýagny materiallar, ýarym taýýar önümler, tehnika, ulaglar bilen üpjün etmek; – önümçilik; – ýerlemek. «Maýa goýumlaryň eýeçilik görnüşiniň» kesgitlenen kadasy boýunça şu görnüşler tapawutlandyrylýar: – döwlet goýumlary – dürli derejedäki döwlet häkimiýeti edaralary tarapyndan degişli býujetleriň, býujetden daşary gaznalaryň we karz serişdeleriň hasabyna, şeýle hem döwlet kärhanalary we döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýar; – daşary ýurt goýumlary – daşary ýurtlaryň ýuridik we fiziki şahslary tarapyndan, şeýle hem gönüden göni daşary döwletler we halkara guramalary tarapyndan amala aşyrylýar; – hususy goýumlar – fiziki we döwlete dahylsyz ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylýar; – garyşyk goýumlar – döwlet gurluşlary tarapyndan eýeçiligiň döwlete degişli däl görnüşlerindäki kärhanalar we şahsy adam lar tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar; – bilelikdäki goýumlar – ýurduň we daşary ýurtlaryň maýa goýumçylary tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. «Maýa goýumlaryň çäkleýin ýerleşmeginiň» kesgitlenen kadasyna laýyklykda üç ugur görkezilýär: – sebitleýin goýumlar – serişdeleri ýurduň anyk sebitiniň çäkle rinde goýmak; – içki goýumlar – tutuş ýurduň çäklerinde ýerleşdirilen obýektlere serişde goýmak; – daşary ýurtlarda goýumlar – ýurduň çäklerinden daşarda ýerleşýän obýektlere seriş deleri goýmak. «Maýa goýumlary maliýeleşdiriş çeşmeleriniň» kesgitlenen kadasyna laýyklykda kärhanalar şunuň ýaly toparlanma bölünýär: – öz serişdeleri, şol sanda: guramanyň ygtyýarynda galýan peýda; ulanyş tutumlary; beýlekiler; 147 – çekilen serişdeler, şol sanda býujet serişdeleri. Maýa goýumlary toparlara bölmek üçin goşmaça alamatlar hem peýdalanylyp bilner: – ilkibaşky maýa goýumlaryň talap edilýän möçberi – kiçi, orta we iri taslamalar üçin; – beýleki maýa goýumlaryň täsirine düşme derejesi – garaşsyz maýa goýumlar; ugur daş maýa goýumlaryny talap edýän goýumlar; bäsleşýän maýa goýum çözgütlerine duýgur maýa goýumlar; – netije almak görnüşi, ol maýa goýumyň maksatlaryna laýyklykda kesgitlenýär; – maýa goýumlaryň olar bilen has ýakyn baglanyşykly funksional düzüm bölekleri; – maýa goýum obýektiniň pudaklaýyn degişliligi; – maýa goýumlary amala aşyrmagyň hökmanylyk derejesi boýunça – absolýut hök many, hökmany, hökmany däl. «Maýa goýum» düşünjesi maýa goýmak prosesiniň esasy üç elementi bilen ýakyndan baglydyr: – maýa goýulýan obýekt; – maýa goýum işiniň subýekti; – maýa goýum hereketleri. Maýa goýum obýekti diýip ol babatynda maýa goýumlar amala aşyrylýan teleke çilik işiniň obýektine düşünilýär. Maýa goýum obýekti diňe maýa goýum çärelerini ge çirmek prosesinde bolýar. Maýa goýumçy üçin ol maýa goýumçynyň maksatlaryny ka nagatlandyryp bilýän derejede gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem obýektiň maýa goýumçy üçin aralyk ähmiýeti bardyr – ol şu maksatlary kanagatlandyrmagy bes eden pursatynda satylýar ýada ýatyrylýar. Maýa goýum işi köp sanly gatnaşyjylaryň bolmagyny göz öňünde tutýar. Onuň subýektleri hökmünde bir tarapdan, erkin maýa goýum serişdeleri bolan ýuridik we fiziki şahslar (banklar, maliýe kompaniýalary we beýleki maýa goýum institutlary, kärhanalar we guramalar, şeýle hem hususy maýa goýumçylar) beýleki tarapdan maýa goýum serişde lerine zerurlyk çekýän kärhanalar we guramalar. Maýa goýum işi bellibir şertlerde araçylaryň bolmagyny talap edýär, olaryň wezipesi maýa goýum institutlarynyň maýa goýum serişdelerini sarp edijiler bilen özara gatnaşy gyny üpjün etmek bolup durýar. Maýa goýum hereketleri (işi) diýip maýa goýumçynyň maýa goýum obýektini saýlap almak we döretmek, ony ulanmak, kähalatda bolsa ýatyrmak, şeýle hem zerur bolan goş maça goýumlary amala aşyrmak boýunça yzygiderli çärelerine düşünilýär. Maýa goýum işini seljermek we baha bermek prosesinde «maýa goýmak» we «ma liýeleşdirmek» düşünjeleri ýüze çykýar we biribiri bilen ýakyndan gatyşyp gidýär. Resmi taýdan maýa goýum işi hemişe pul serişdelerini sarp etmekden başlanýar, maliýeleşdirmek bolsa degişli maýa goýum taslamasyny amala aşyrmagyň ilkinji tapgyrynda pul serişdeleri niň bolmagyny ýada gelip gowuşmagyny göz öňünde tutýar. Şonuň üçin hem maýa goýum işi ilkibaşdan öz serişdeleriňi ýada karz alnan seriş deleri sarp etmek bilen bilelikde bolup geçýär we goýlan maýa goýumlaryň netijesinde geljekdäki girdejileriň çykdajylardan ýokary boljakdygyndan ugur alýar. Maliýeleşdirmek bolsa öz serişdeleriň bolmagyny ýada daşky çeşmeleriň serişdeleri niň bolmagyny göz öňünde tutýar, daşky serişdeler, eger olary maýa goýumçy karzyna alan bolsa, geljekde göterimler bilen yzyna gaýtarylmalydyr. 148 Karz alyjynyň nukdaýnazaryndan karz geleşigi onuň işiniň maliýeleşdirilmegi, ýagny hökmany suratda gaýtarmak we göterimleri tölemek (karz serişdeleriniň peýdalanylandy gy üçin töleg) şertlerinde onuň pul serişdeleriniň bellibir möçberini almagy we ony öz garaýşyna görä peýdalanmagy bolup durýar. Karzdar üçin karz alyja serişdeleriň peýda lanylandygy üçin göterim görnüşinde töleg almak bilen, olary gaýtarmak şertlerinde bel libir möhlete berilýän pul serişdeler onuň maýasynyň kepillendirilen girdejini almak üçin goýulmagy bolup durýar. Maýa goýum bazarynda hereket edýän maýa goýumçylaryň şu toparlaryny görkezip bolar: 1. Strategik goýumçylar – bazarda uzak möhletleýin bolmak maksady bolan, hereket leriň strategiýasyny, maýa goýum ýagdaýynyň üýtgemelere durnuklylygyny saýlap alan maýa goýumçylar. Kärhananyň önümçilik, maliýe we gündelik işine doly gözegçilik edýän strategik maýa goýumçynyň bolmagy kärhananyň işinde düýpli özgerişlikleriň boljakdy gyny aňladýar. 2. Wençur goýumçylar – bazara golaýda gelen we bazary eýelemek babatynda uzak möhletli maksatlary öňünde goýmaýan maýa goýumçylar. Bu kompaniýalaryň köp böle gi uzak bolmadyk wagtyň dowamynda araçylyk, söwda we maliýe amallarynda ýokary töwekgelçilik bilen bagly örän ýokary girdeji almakdan ugur alýar. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling