O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Marketing strategiýasynyň elementleri


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet64/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Marketing strategiýasynyň elementleri
Strategiýanyň elementleri
Mysaly çözgütler
Önümiň strategiýasy
Harydyň modifikasiýasy
Täze harydy döretmek
Bar bolan haryda marketing taýdan goldaw bermek 
we ş.m.
Nyrh emele getirmek
strategiýasy
Abraýly bahalar
Saýlanyp alnan alamatlaryň biri boýunça bahalary 
bellemek
Harytlaryň paýlanýan
kanallarynyň strategiýasy
Göni ýerleme kanaly (öndüriji – sarp ediji)
Gytaklaýyn kanal (öndüriji – araçy – sarp ediji)
Garyşyk kanal (göni we gytaklaýyn ýerleme kanal­
laryny peýdalanmak)
Harydy öňe sürmek strategiýasy Mahabat
Ýerlemegi höweslendirmegiň usullary we dürli 
serişdeleri


139
Marketing strategiýasynyň her bir düzüm bölegini aýratynlykda ýa­da özara baglylyk­
da meýilnamalaşdyrmak bazary we kompaniýanyň potensial mümkinçiliklerini öwrenmegiň 
hem­de çaklamagyň netijelerine esaslanýar. Şunda bazary öwrenmek harydy üstünlikli ýerle­
mek üçin ähmiýeti bar bolan ähli şertleriň seljermesini gurşap alýar.
Önümiň strategiýasy emele getirilende şu barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar: 
täze önüme potensial islegiň ýa­da ony emele getirmek mümkinçiliginiň bardygy; sarp 
ediş islegleriniň esaslary; harydy öndürmek usuly (gerimiň täsirini peýdalanmak mümkin­
çiligi); önümiň bäsdeşlige ukyplylygy; önümleriň gulluk etmeli möhleti; önümleri ulan­
magyň möhletiniň olardan peýdalanmagyň kadalaryna bagly bolmagy; önümiň dizaýny; 
dolanyşyk möçberi; satuwlardan alynýan peýda; ýerleme tizligi we ş.m. 
Harytlaryň nyşanlaryna ýa­da haryt maşgalalaryna aýratyn ähmiýet berilýär, olar 
önüm maşgalalarynyň sarp edijiler üçin anyk haryt – haryt nyşany bilen deňeşdirilende 
aýratyn mana eýe bolýan, anyk durmuş­demografik toparlaryň bellibir gymmatlyklary bi­
len bag lanyşdyrylýan özboluşly nyşanlary ýa­da sözde aňladylýan atlary bolup durýarlar. 
Bu gymmatlyklar gerekli şekili we islegi döredýän esaslandyrylan ýa­da esaslandyrylma­
dyk zerurlygy emele getirýärler. Tejribäniň görkezişi ýaly, haryt nyşanynyň şowly saýlanyp 
alynmagy sarp edijileriň ileri tutmalaryna, olaryň diňe anyk bir harydy däl­de, eýsem şu 
nyşan (belgi) bilen ýerlenýän islendik harydy satyn almaga taýýardygyna düýpli täsir 
edýär. Köp babatda haryt nyşanlarynyň täsiri bilen sarp edijileriň durnukly toparlary emele 
getirilýär, olar özboluşly «kepillendirilen satyn alyjylar» bolup, marketing ulgamy meýil­
namalaşdyrylanda olara arkaýyn bil baglap bolar.
Şu görkezijiler seljerilýär:
– ýaş toparlaryna we sebitlere bölmek bilen, ilat sanynyň depgini, bu giňden sarp 
edilýän harytlar bazarda öňe sürlende zerur maglumatlary üpjün edýär;
– ilatyň jan başyna hasaplanyňda harytlaryň sarp edilişi, bu bolsa sarp edijileriň özüni 
alyp barşyndaky üýtgemeleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär;
– ilatyň (müşderileriň) çykdajylarynyň gurluşynyň depgini, ol bu çykdajylaryň bir 
harytdan beýlekisine geçişini görkezýär;
– ilatyň toparlarynyň satyn alyjylyk ukybynyň depgini;
– bazarda bellenen maksady boýunça deňeşdirip bolýan ähli harytlara bolan umumy 
islegiň depgini;
– bäsdeşleriň önümçilik kuwwatlyklarynyň üýtgeýiş depgini.
Bu maglumatlar önümçiligiň görnüşini (köpçülikleýin, aýratyn ýa­da tapgyrlaýyn) 
saýlap almagyň maksada laýyklygy barada çözgüt kabul etmäge mümkinçilik berýär, ola­
ra bolan islegiň ösýän, bitarap we islegiň pese gaçýan harytlaryny bölüp görkezmäge 
ýardam edýär.
Haryda bolan islege barlag geçirmegiň we ony çaklamagyň, orun eýelemegiň hem­de 
ony üstünlikli ýerlemek üçin ähmiýeti bar bolan şertlere seljerme geçirmegiň netijeleriniň 
esasynda marketing gullugy tarapyndan ykdysady strategiýanyň çäklerinde şu harydyň ön­
dürilýän möçberini artdyrmak, ony modifisirlemek ýa­da harydy önümçilikden aýyrmak 
barada ýa­da düýbünden täze harydyň önümçiligini döretmek we giňeltmek zerurlygy ba­
rada çözgüt kabul edilýär.


140
Häzirki wagtda birnäçe usullar bolup, firmalar şol usullaryň esa synda mümkin bolan 
sarp edijileriň toparyny ýokary derejede ygtybarlylyk bilen kesgitläp we olaryň sanyny 
giňeltmek boýunça çäreleri meýilnamalaşdyryp bilerler.
Önümiň strategiýasyny emele getirmek üçin onuň ýaşaýyş döwrüniň (ÖÝD) mode-
lini peýdalanyp bolar. Düzgün bolşy ýaly, ÖÝD-niň däp bolan modeli grafika görnüşde 
satuwlaryň egri çyzygy görnüşinde görkezilip bilner, oňa döwürleri öz içine alýan wagt 
böleginde seredilýär:
1. Ornaşdyrmak we ösüş.
2. Kämillik.
3. Önümiň we önümçilik prosesiniň bar bolan strategiýalaryny üýtgetmek (modifika­
siýa meýilnamasy).
4. Bar bolan önümden marketing goldawyny aýyrmak.
5. Harydy ýerlemek kanallary boýunça ýaýratmagy bes etmek.
6. Täze önümi çykarmaga geçmek üçin önümçilik proseslerini peýdalanmak we 
döwrebaplaşdyrmak.
Ýönekeýleşdirilen görnüşde ÖÝD­niň döwürleriniň topara bölünmesi şunuň ýaly bo­
lar: ornaşdyrmak, ösüş, kämillik, satuwlaryň möçberleriniň pese gaçmagy.
ÖÝD­niň modeli önümiň görnüşi (telewizorlar), önümiň daşky görnüşi (ekranynyň 
bellibir ölçegi bolan telewizorlar) we söwda nyşany (Sony firmasynyň telewizorlary) 
babatynda peýdalanylyp bilner. ÖÝD­niň däp bolan modeli önümiň daşky görnüşine ýa­da 
söwda nyşanyna garanyňda önümiň görnüşine has laýyk gelýär. 
Soňky on ýyllykda önümiň (harydyň ýa­da hyzmatyň) ÖÝD­niň ähli döwürlerini geç­
ýän wagtyň azalma meýli bellenýär.
Nyrh emele getirmegiň marketing strategiýasyny kabul etmek bahalary bellemäge çe­
meleşme bolup, ol yzygiderli tapgyrlardan durýar, şol tapgyrlaryň her biri özünden soňky 
tapgyra çäklendirme belleýär:
– maksatlaýyn bazary kesgitlemek;
– söwda nyşanynyň şekilini kesgitlemek;
– marketing strategiýasynyň beýleki elementlerini seljermek;
– nyrh emele getirmek babatynda maksat goýmak;
– umumy nyrh syýasatyny kesgitlemek;
– nyrh strategiýasyny işläp taýýarlamak;
– anyk bahalary bellemek.
Kompaniýanyň nyrh emele getiriş strategiýasyny emele getirmäge köp sanly faktorlar 
täsir edýär, olaryň esasylary şulardan ybaratdyr:
– kompaniýanyň marketing maksatlary;
– hakyky çykdajylar we peýda;
– bäsdeşleriň teklibine garanyňda harydyň sarp ediji üçin gymmaty;
– bazaryň segmentleriniň arasyndaky tapawut;
– bäsdeşleriň mümkin bolan jogaplary.


141
Marketing maksatnamalarynyň ählisine täsir edýän möhüm çöz gütleriň biri hem hary­
dyň paýlanylýan kanallaryny kesgitlemekdir. Harytlaryň hereket edýän bar bolan kanallary 
ýerlemegiň esasy üç usulynyň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýar:
– göni usul – önüm öndüriji garaşsyz araçylaryň hyzmatyndan peýdalanman, özü­
niň ýerleme ulgamynyň kömegi bilen önümi sarp edijiler bilen gönüden­göni gatnaşykda 
bolýar;
– gytaklaýyn usul – öndüriji öz harytlaryny ýerlemegi guramak üçin dürli görnüşdäki 
garaş syz araçylaryň hyzmatyndan peýdalanýar;
– garyşyk usul – araçyl halka hökmünde öndüriji firmanyň serişdelerini hem­de 
haýsydyr bir garaşsyz kompaniýanyň serişdelerini öz içine alýan garyşyk maýasy bolan 
guramalar hyzmat edýär.
Firmanyň ýerleme işini guramagyň ol ýa­da beýleki usulyny saýlap almak bazaryň, 
satuwlaryň anyk şertlerine we kärhananyň özüniň strategiýasyna baglydyr. Köplenç halat­
da kärhana bazaryň häsiýetine we ýerlenýän harydyň aýratynlygyna baglylykda ýerleme 
ulgamyny guramagyň bar bolan ähli görnüşlerini utgaşdyryp işlemegi ileri tutýar.
Bazarda harydy öňe sürmegiň marketing strategiýasy işlenip taýýarlanylanda haryt­
laryň ýerlenişini höweslendirmek üçin dürli usul lar we serişdeler göz öňünde tutulýar, 
olaryň arasynda, öňi bilen, mahabaty, şahsy satuwlary, sergileri, ýarmarkalary we ş.m. ag­
zap bolar.
Kärhana tarapyndan bu çäreleri meýilnamalaşdyrmak we durmuşa geçirmek onuň 
marketing işiniň strategiýasyny hem­de taktikasyny işläp taýýarlamagyň möhüm ugry bo­
lup durýar. 

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling