O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
-nji surat. Hil menejmenti ulgamynyň prosesleýin
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
22-nji surat. Hil menejmenti ulgamynyň prosesleýin
çemeleşmä esaslanýan nusgasy ISO 9000:2000 standartyna laýyklykda, proses – işiň girişçykyşyny özgerdýän, özara baglanyşykly we özara hereket edýän görnüşleriniň jemidir. Degişlilikde, prosesiň çäkleri ni kesgitleýän girişler we çykyşlar bellenen talaplara laýyk gelmelidir. Prosesiň netijeliligini we dolandyrylyşyny üpjün etmek üçin prosesiň eýesini we ýol başçysyny kesgitlemek zerurdyr. Prosesiň eýesi – kärhananyň wezipeli işgäri bolup, ol pro sesiň netijeli we peýdaly bolmagy üçin, şeýle hem prosesi meýilnamalaşdyrmak we alyp barmak üçin jogapkärçilik çekýär. Prosesiň ýolbaşçysy – meýilnamalaşdyrylan netijeleri gazanmak maksady bilen, prosesiň gündelik dolandyrylyşy üçin jogapkärçilik çekýän wezipeli işgärdir. Hil menejmenti ulgamynda prosesler şulara bölünýär: – binýatlyk (esasy) prosesler, olaryň gönüdengöni netijesi önüm çykarmak ýada hyz mat etmek bolup durýar; – üpjün edýän (kömekçi) prosesler, olaryň netijesi bolup, esasy prosesleri amala aşyrmak üçin zerur şertleri emele getirmek çykyş edýär; – menejment prosesleri, olaryň netijeleri binýatlyk we üpjün edýän prosesleriň neti jeliligini hemde peýdalylygyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Kärhananyň hil menejmenti ulgamynyň emele getirilmegi prosesleriň identifika siýasyny (olaryň bölünmegini), ýaýradylmagyny (olaryň häsiýetnamalaryny kesgitleme gi), prosesleri resminamalaşdyrmagy (kärhananyň proseduralarynda ýada standartlarynda olaryň beýan edilmegini), prosesleriň yzygiderliligini we özara hereketini kesgitlemegi (prosesler boýunça jogapkärçilik matrisasyny we prosesleriň özara baglanyşyk halkalaryny düzmegi) göz öňünde tutýar. 127 Ösen bazar ykdysadyýetli ýurtlarda hili dolandyrmak babatynda häzirkizaman meýil leriniň arasynda hili ählumumy (umumyfirma) dolandyrmak (Total Quality Management – TQM) konsepsiýasynyň kärhanalary dolandyryş tejribesine integrirlenmegi belläp geçmek gerek. TQM düşünjesiniň özi kärhananyň işi babatynda T – işiň ähli görnüşlerini gurşap alýan çemeleşme, Q – işiň ähli görnüşlerini dolandyrmagyň hilini üpjün etmek, M – kärha nanyň ähli işgärlerini, öňi bilen hem onuň ýolbaşçylaryny gurşap alýan täze ýörelgeleriň esasynda dolandyrmak ýaly düşündirilýär. TQMiň çäklerinde hil menejmenti kärhananyň işiniň beýleki jähtlerini – maliýäni, serişdeleri, daşky gurşawy goramagy dolandyrmak bi len ýakyndan baglydyr. TQM binýatlyk ýörelgeleri ISO 9000 tapgyrynyň esasynda ýatýar. Halkara standartlaşdyrmagyň tejribesinde ISO (HS) 9000 tap gyrynyň kärhanalarda hil menejmentiniň ulgamlaryna bildirilýän talaplary belleýän ilkinji standartlar bolupdy. Soňra ISO tarapyndan HS kärhananyň daşky gurşawynyň howpsuzlygynyň we hiliniň ka dalaryny kesgitleýän 14000 tapgyry kabul edildi. ISO 14000 tapgyrynyň binýatlyk standartlary şular bolup durýar: – ISO 14001:1996 «Ekologiýa menejmenti ulgamy. Umumy talap lar we olary peýda lanmak boýunça maslahatlar»; – ISO 14004:1996 «Ekologiýa menejmenti ulgamy. Döretmek boýunça gollanma we hereket etmegini üpjün etmegiň usullary». ISO 14000 tapgyrynyň esasynda kärhanada ekologiýa menejmentiniň ulgamy emele getirilýär, ol kärhananyň önümçilik işiniň barşynda tebigy serişdeleriň oýlanyşykly peýda lanylmagyny üpjün edýär we onuň daşky gurşawa zyýan ýetirmezlik ukybyna baha berýär. Häzirki wagtda dünýäde ol boýunça ekologiýa sertifikatlary berilýän ISO 14000 tap gyrynyň laýyklyk ulgamlaryny sertifikatlaşdyr mak boýunça işler işjeňleşdi. Meselem, 2000nji ýyldan 2002nji ýyllar aralygynda berlen sertifikatlaryň sany Ýaponiýada 5 esse, Germaniýada 4 esse, Şwesiýada 9 esse ýokarlandy. Genaral Motors we Ford kompaniýa lary özleriniň üpjün edijilerinden olaryň önümleriniň ISO 14000 standartynyň talaplaryna laýyk gelmegini talap etjekdiklerini yglan etdiler. Häzirki wagtda ISO 14000 standartyna laýyklykly ulgamy sertifikatlaşdyrylan 112 ýurduň arasynda berlen sertifikatlaryň sany boýunça birinji ýerde Ýaponiýa (10 952), ikinji ýerde Germaniýa (3700), üçünji ýerde Ispaniýa (3228) durýar. Hil menejmenti babatynda halkara standartlaşdyrmagyň ösüş meý li bilen bir hatar da, umumy häsiýetli standartlary döretmek mak sady bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň aýratynlyklary babatynda iş lenip taýýarlanan standartlaryň ösüş meýli hem bellenýär. Şular ýaly standartlar bilen öndürijileriň pudaklaýyn assosiasiýalary, şeýle hem kärhana laryň milli derejede hereket edýän birleşikleri meşgullanýarlar. Soňy bilen bu standartlar sebitleýin we halkara derejelerde goldaw alýarlar. Hil menejmenti babatynda pudaklaýyn standartlaryň arasynda şulary görkezip bolar: TL 9000 (telekommunikasiýalar ulgamyn da), AS 9100 (aerokosmiki ugurda), QS 9000 (awtomobil gurluşy ulgamynda), HACCP (azyk senagatynda), GMP (derman önümçiliginde) we beýlekiler. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling