O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet32/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Gytaklaýyn ykdysady taýdan düzgünleşdirmegi öz içine alýan elementleri aýdyp beriň.
2. Salgyt ulgamynyň esasy wezipeleri nämeden ybarat?
3. Salgyt düzgünleşdirmesiniň esasy usullaryny atlandyryň.
4. Ulanyş tutumy arkaly düzgünleşdirmegi we onuň kärhananyň işine edýän täsirini häsiýet-
lendiriň.
5. Pul-karz düzgünleşdirmesiniň esasy gurallary haýsylar?
V BAP. KÄRHANANYŇ ESASY MAÝASY
 5.1.
Esasy gaznalar: düşünje,
düzümi, gurluşy
Ýurduň ykdysadyýetiniň çäklerinde önüm öndürmegi, edil şonuň ýaly aýry­aýry 
kärhanalaryň çäklerinde önümleri öndürmegi se rişdeleriň esasy üç görnüşiniň – maliýe, 
zähmet we maddy serişde leriň özara hereketi bolmazdan amala aşyrmak mümkin däldir. 
Olaryň soňkusy çig maly, materiallary, toplaýyş önümlerini, ýangyjy we energiýany, şeýle 
hem tehnologik enjamy, jaýlary, desgalary, ulag seriş delerini we beýlekileri öz içine alýar.
Islendik önümçilik prosesi, bir tarapdan, maddy zät binýadynyň (onuň esasyny önüm­
çilik serişdeleriniň (zähmet predmetleri we serişdeleri) emele getirýär) kömegi bilen, 
beýleki tarapdan,gönüden­göni janly zähmet arkaly amala aşyrylýar.
Maýa diýip biz maddy ýa­da maliýe serişdelerine, önümçilik prosesine gatnaşýan we 
peýda almak serişdesi bolup hyzmat edýän intellektual işläp taýýarlamalara we gurama­
çylyk (telekeçilik) başar nyklaryna düşünýäris.


74
Maýanyň hereketi we önümçiligiň barşynda ony özgertmek hem­de önümleri ýerle­
mek prosesi maýanyň töwerekleýin dolanyşygy diýlip atlandyrylýar.
Ykdysady nazaryýetde ol şu şekil bilen aňladylýar:
F
D
D
P
L
D – pul görnüşindäki maýa, ol önümçilik serişdelerini (F) we işçi güýjüni (L) satyn 
almak üçin peýdalanylýar. Soňra önümçilik faktorlary (F we L) önümçilik prosesiniň 
pudaklaýyn aýratynlyklaryny görkezýän bellibir proporsiýalarda birleşýärler önüm (P) 
döred ýärler, ol bolsa bazarda ýerlenmek bilen düşewünt (D`) alynmagyna ýardam edýär. 
Bu girdeji ozal pul görnüşinde (D) harçlanan maýanyň öwezini dolman, eýsem bellibir 
peýdany hem öz içine alýar.
Şeýlelikde, töwerekleýin dolanyşygyň barşynda maýa şol bir wagtda şu görnüşlerde 
bolup biler: pul, önümçilik (önümçilik serişdeleri) we haryt (harytlar) görnüşinde.
Öndürijilikli maýanyň jaýlarda, desgalarda, maşynlarda, enjam larda we önümçilik 
prosesine köp gezek gatnaşýan, bu prosesiň barşynda gymmaty bölekleýin, kem­kemden 
taýýar önüme geçirilýän beýleki zähmet serişdelerinde maddylaşan bölegi esasy gaznalar 
diýlip atlandyrylýar. 
Öndürijilikli maýanyň bir önümçilik sikliniň barşynda peýdalanylýan we öz gym­
matyny dolulygyna taýýar önüme geçirýän beýleki bölegi (çig mal, materiallar, ýangyç, 
toplaýyş önümleri) dolanyşyk gaznalary diýlip atlandyrylýar.
Hereket edýän ulgamyna baglylykda esasy gaznalar önümçilik we önümçilik däl gaz­
nalara bolünýär.
Önümçilik gaznalaryna önümçilik prosesine gönüden­göni gatnaşýan we ony amala 
aşyrmak üçin şert döredýän esasy gaznalar degişlidir. Esasy önümçilik däl gaznalar – bu 
durmuş ulgamyň obýektleridir (çagalar baglary, bakja baglary, sport desgalary, saglygy go­
raýyş, medeniýet binalary), şeýle hem kärhanalaryň işgärlerine durmuş hyzmatyny etmek 
üçin niýetlenen desgalardyr.
Kärhanalaryň esasy gaznalary onuň birlikleriniň ykdysady işiniň (pudaklaýyn degişli­
liginiň) görnüşleri boýunça toparlanma bölünýär. Meselem, senagat kärhanasynyň esasy 
önümçilik gaznalary gönüden göni önümçilik prosesine gatnaşýan, onuň hereket etmegini 
üpjün edýän, oňa hyzmat edýän senagat­önümçilik gaznalaryna we senagat däl gaznalara 
bölünip biler. Soňkularyna kärhana degişli bolan kömekçi hojalygyň jaýlary, desgalary we 
enjamlary, kärhananyň gurluşyk birlikleriniň esasy gaznalary degişlidir.
Esasy önümçilik gaznalary olaryň önümçilik prosesinde bellenilen maksadyna we na­
tural­maddy alamatlaryna laýyklykda şulara bölünýär:
1. Jaýlar – zähmet çekmek we maddy gymmatlyklary saklamak üçin zerur şertleri 
döredýän binagärlik­gurluşyk desgalary, hususan­da, esasy, kömekçi we goşmaça önümçi­
lik prosesleriniň amala aşyrylýan jaýlary we ymaratlary, şeýle hem edara jaýlary we hojalyk 
ymaratlary. Olaryň gymmatyna jaýlary ýaramly ýagdaýda saklamak ulgamlarynyň (ýyla­
dyş, suw geçirijiler, elektroset, wentilýasiýa we beýleki ulgamlaryň) gymmaty goşulýar.


75
2. Desgalar – önümçilik prosesine hyzmat etmek boýunça tehniki wezipeleri ýerine 
ýetirýän we zähmet serişdeleriniň üýtgemegi bilen bagly bolmadyk inžener­tehniki desga­
lardyr (ötükler, estakadalar, zawodyň içindäki demir ýollar, suw akdyrylýanlar we beýleki 
şuňa meňzeş desgalar). 
3. Geçiriji enjamlar – olaryň kömegi bilen elektrik, ýangyç we mehaniki energiýanyň, 
şeýle hem suwuk (ergin) we gaz görnüşli maddalaryň geçirilýän enjamlary (elektrik we 
ýylylyk ulgamlary, aragatnaşyk liniýalary, gaz ulgamlary, bug geçirijiler we jaýyň düzüm 
bölegi bolup durmaýan beýleki enjamlar).
4. Maşynlar we enjamlar, şol sanda:
1) güýç maşynlary we enjamlar – energiýany işläp çykarýarlar, özgerdýärler we 
paýlaýarlar (generatorlar, elektrodwigateller, bug maşynlary we turbinalar, içinden ot­
lanýan dwigateller, güýç transformatorlary, paýlaýyş şitleri we ş.m.);
2) iş maşynlary we enjamlar – zähmet serişdelerine täsir etmek we önüm öndürmegiň 
barşynda olary ondan­oňa geçirmek bilen gönüden­göni tehnologik prosese gatnaşýarlar 
(tehnologik enjamlar – stanoklar, presler, ýekedabanlar, termiki enjamlar, buraw enjamlary, 
göteriji­ulag mehanizmleri, konweýerler we beýlekiler);
3) ölçeýji we sazlaýjy gurallar hem­de enjamlar – önümçilik proseslerini el bilen ýa­
­da awtomatik usulda sazlamak, tehnologik prosesleriň düzgünlerini ölçemek we parame­
trlerine gözegçilik etmek, laboratoriýa synaglaryny we barlaglaryny geçirmek üçin hyzmat 
edýärler;
4) hasaplaýyş tehnikasy – kärhanany, önümçiligi hem­de tehnologik prosesleri 
dolandyr mak wezipelerini çözmek işlerini tizleşdirmek we awtomatlaşdyrmak üçin niýet­
lenen serişdeleriň jemi bolup durýar (elektron­hasaplaýyş maşynlary, enjamlary we beýle­
kiler);
5) ýokarda sanalyp geçilen toparlara girmedik, bellibir tehniki wezipeleri ýerine 
ýetirýän gaýry maşynlar we enjamlar (awtomatik telefon stansiýalary, ýangyn wagtynda 
ulanylýan basgançaklar, ýangyna garşy göreş maşynlary we beýlekiler).
5. Ulag serişdeleri – kärhananyň çäginde adamlary gatnatmak we ýükleri daşamak 
üçin serişdeler (kärhana degişli bolan demir ýol ulaglarynyň hereket edýän düzümi, suw 
we awtomobil ulaglary, şeýle hem zawodyň içindäki ulag serişdeleri).
6. Gural – gönüden göni görnüş emele getirýän element hökmünde önümçilik pro­
sesini amala aşyrmaga gatnaşýar (gymmaty iň pes zähmet hakynyň 100 essesinden ýokary 
we peýdalanylýan möhleti 1 ýyldan gowrak bolan gurallaryň, ştamplaryň, abzallaryň ähli 
görnüşleri).
7. Önümçilik esbaplary we abzallary – önümçilik amallaryny ýeňilleşdirmek, howp­
suz iş şertini döretmek, zähmet serişdelerini, ergin we ürgün jisimleri saklamak üçin hyz­
mat edýär (iş stollary, werstaklar, germewler, wentilýatorlar, baklar, tekjeler we beýlekiler).
8. Hojalyk esbaplary – önümçilige hyzmat etmek we iş üçin şert leri üpjün etmek 
boýunça wezipeleri ýerine ýetirýär (köpeldiji we nusga alyjy apparatlar, stollar, şkaflar, hat 
ýazýan maşynkalar, kompýuterler, printerler we beýlekiler).
Esasy önümçilik gaznalary aktiw we passiw böleklere bölünýär. Aktiw bölegine zäh­
met predmetlerini taýýar önüme öwürmäge gönüden göni gatnaşýan esasy gaznalar de­
gişlidir. Bu iş maşynlary we enjamlary, gurallar we abzallar, ölçeýji we sazlaýjy gurallar we 


76
beýlekiler bolup durýar. Passiw bölegine, düzgün bolşy ýaly, zähmet serişdeleriniň önüme 
öwrülmegi üçin zerur şertleri döredýän we şeýlelikde önümçilik prosesine ýardam edýän 
esasy serişdeleri – jaýlary, desgalary, geçiriji enjamlary we beýlekileri degişli edýärler.
Esasy önümçilik gaznalarynyň aktiw we passiw bölekleriniň gatnaşygy kärhananyň 
önümçilik mümkinçiligine şaýatlyk edýär. Düzgün bolşy ýaly, aktiw bölegiň paýy näçe 
ýokary bolsa, esasy önümçilik gaznalarynyň şol bir jemi ululygynda şol derejede köp önüm 
(natural görnüşde) öndürilip bilner.
Esasy gaznalaryň ol ýa­da beýleki görnüşlerini aktiw ýa­da passiw bölege degişli et­
mek kärhananyň işiň ol ýa­da beýleki görnüşine degişliligine baglydyr. Meselem, mysal 
üçin, maşyn gurluşyk önümçiligi üçin maşynlar we enjamlar, nebit çykarýan önümçilik 
üçin nebit çykaryjy enjamlar we guýylar aktiw bölek bolup durýar.
Önümçilik prosesinde ýerine ýetirilýän wezipä baglylykda, esasy gaznalaryň şol bir 
görnüşi aktiw bölege ýa­da passiw bölege degişli edilip bilner. Meselem, eger transporter 
tehnologik prosesiň düzüm bölegi ýa­da şaýlary amallaryň arasynda ondan­oňa geçirmek 
üçin hyzmat edýän bolsa, onda ony esasy gaznalaryň aktiw bölegine degişli edip bolar. 
Kärhana gelip gowuşýan materiallary gaýtadan ýüklemek üçin peýdalanylýan halatynda 
onuň roly passiwdir. 

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling