O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 4.3. Kärhanalaryň işini ykdysady taýdan gytaklaýyn düzgünleşdirmek
Sorag we ýumuşlar
1. Ykdysady taýdan göni döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz we düýp manysy nämeden ybarat? 2. Döwlet telekeçiliginiň nämedigini düşündiriň. 3. Döwletiň köpçülikleýin kärhanalaryny we döwletiň hususy hukuga esaslanýan kärhana- laryny häsiýetlendiriň. 4. «Döwlet tarapyndan maksatnamalaşdyrmak» düşünjesine häsiýetnama beriň. 4.3. Kärhanalaryň işini ykdysady taýdan gytaklaýyn düzgünleşdirmek Gytaklaýyn döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek şu düzüm böleklerini öz içine alýar: – býujet salgyt ulgamy; – gümrük çäklendirmeleri; – pulkarz syýasaty; – döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek. Kärhanalaryň işini gytaklaýyn düzgünleşdirmegiň iň netijeli usuly salgyt taýdan düz günleşdirmek bolup durýar. Salgyt ulgamy esa sy üç wezipäni ýerine ýetirýär: – döwlet wezipelerini ýerine ýetirmek üçin döwlete zerur bolan maliýe serişdelerini çekýär; – durmuş adalatlylygy üpjün etmek, gurby pes raýatlaryň bähbitlerini we jemgyýetde durnuklylygy goramak maksady bilen, durmuş we syýasy ileri tutulýan ugurlara baglylyk da milli girdejini gaýtadan paýlaýar; – işiň ileri tutulýan ugurlaryny höweslendirmek bilen, jemgyýetiň derwaýys mesele lerini çözmäge ýardam edýär. Dünýä tejribesinde kärhanalaryň işini salgyt taýdan düzgünleşdirmegiň esasy usul laryna şular degişlidir: – salgyt salmagyň umumy derejesiniň üýtgemegi; – maýa goýumlar üçin salgyt ýeňillikleri; – işiň aýryaýry pudaklarynda ýada sebitlerde işewürlik işjeňligini höweslendirýän ýada kärhanalaryň ol ýada beýleki çärelere gyzyklanmalaryny güýçlendirýän dürli görnüş däki ýörite salgyt ýe ňillikleri. Häzirki zaman dünýä ykdysadyetinde salgyt salmak ulgamyna bellibir meýiller häsiýetlidir. Öňi bilen, bu ykdysadyýetdäki ýagdaýa baglylykda, kärhanalaryň peýdasyn dan alynýan salgytlaryň möçberleriniň üýtgemegi bolup durýar. Daşary ýurtlarda önümçiligiň ösüşini höweslendirmekde täze döredilýän kompaniýa lar üçin peýdadan alynýan salgyt boýunça ýeňillikler degerli orun tutýar. Kärhanalaryň netijeleri goýlan serişdeleri gysga möhletde ödemeýän we döwürleýin maliýe serişdeleriniň berilmegini talap edýän öz ylmy maksatnamalaryny maliýeleşdir meklerini höweslendirmek üçin köp ýurtlarda ýörite salgyt ýeňillikleri – salgyt karzy gi rizilýär, bu bolsa kompaniýalara özüniň YBTKI (ylmybarlag we tejribekonstruktorçylyk işläp taýýarlamalary) üçin çykdajylarynyň geçen döw rüň çykdajylary bilen deňeşdirilende 70 artan möçberiniň bir bölegini peýdadan alynýan salgytdan (korporatiw salgytdan, paýna malaryň girdejilerine salynýan salgytdan) ýada girdejilerden alynýan beýleki bir salgytdan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Kärhananyň işini salgyt taýdan düzgünleşdirmegiň bir görnüşi hem ulanyş tutumlarynyň alnyşyny düzgünleşdirmek bolup durýar, bu, düzgün bolşy ýaly, ol ýada beýleki pudaklarda we sebitlerde ylmytehniki ösüşi (YTÖ) tizleşdirmek üçin peýdalanylýar. YTÖ şertlerinde önümçilik enjamlarynyň moral taýdan tiz könelmegi bolup geçýär, ulanyş tutumynyň ölçegini ýokarlandyrmak we ulanyş tutumy alynýan möhletleri azalt mak kanuny meýil bolýar. Elbetde, şunuň ýaly şertlerde balansyň aktiwinde möhüm orun ulanyş tutumlaryna degişli bolýar, önümçilik gurallaryny täzelemek üçin bolsa tizleşdirilen ulanyş tutumy syýasatynyň aýratyn ähmiýeti bolýar, bu esasy maýanyň gymmatyny has gysga möhletlerde we ulanyş tutumynyň has ýokary ölçegleri boýunça hasapdan öçürmäge mümkinçilik berýär hemde kärhananyň maýa goýum mümkinçiligini artdyrýar. Tizleşdirilen ulanyş tutumy syýasatynyň düýp mazmuny ulanyş tutumyndan ge çirimleri esasy maýanyň hakyky könelmesinden düýpli ýokary bolan möçberlerde ha sapdan öçürmäge berlen rugsatdan ybaratdyr, bu bolsa kärhanalara berilýän özboluşly salgyt subsidiýalary bolup durýar – ulanyş tutumyndan geçirimler önümiň özüne düşýän gymmatyna goşulýar we ol ýerlenenden soň eýesine gaýtarylýar. Önümiň özüne düşýän gymmatynyň artmagynyň hasabyna (önümiň bahasynyň üýtgemedik ýagdaýynda) salgyt salynýan peýdanyň möç beri we degişlilikde, kärhana tarapyndan tölenýän salgytlar pe selýär. Ulanyş tutumynyň ölçeginiň ýokarlanmagy we ulanyş tutumy alynýan möhletleriň degişli derejede peselmegi maýa toplamagyň depginini çaltlandyrýar, bu bolsa kärhanalara esasy maýany täzelemek, şonuň bilen bir wagtda peýdadan alynýan salgydyň toplumyny azaltmak üçin giň mümkinçilikler berýär. Salgytlaryň her bir görnüşiniň sazlaýjy wezipeleri ýeňillikleri ber mek we salgyt çärelerini ulanmak mümkinçilikleri bilen kesgitlen ýär. Häzirki wagtda ýurtda hereket edýän salgyt ýeňilliklerini birnäçe topara bölüp bolar. Birinji topardaky ýeňillikler maýa goýumlar üçin sarp edilýän peýda degişlidir, ikin ji toparyň ýeňillikleri durmuşmedeni işi goldamak üçin ulanylýan peýdalara degişlidir, üçünji toparyň ýeňillikleri töleýjileriň aýratyn görnüşleri tarapyndan alnyp bilner. Birinji topara düýpli goýumlary artdyrmak üçin şertleri döred ýän ýeňillikler degişli dir. Kärhanalaryň önümçilik we önümçilik däl häsiýetli düýpli goýumlaryny maliýeleşdir mäge, şeýle hem şol maksatlar üçin niýetlenen bank karzlaryny üzmek üçin gönükdirilen peýdasy salgyt salmakdan boşadylýar. Bu ýeňillik özüniň önümçilik we önümçilik däl des galaryny ösdürmegi amala aşyrýan kärhanalara olar tarapyndan ulanyş tutumlarynyň maýa goýum maksatlarynda doly peýdalanan şertlerinde berilýär. Soňky şert, birinji nobatda, kärhananyň öz serişdelerini jemlemegi, diňe ikinji nobatda maýa goýumlaryny amala aşyr mak üçin salgyt ýeňillikleri görnüşinde kömek berilmegi üçin döwlete ýüz tutmalydygy babatynda talap bilen baglydyr. Kärhana tarapyndan tölenýän diwidendlere, olaryň kärhananyň içinde önümçiligiň durkuny täzelemek we/ýada giňeltmek üçin maýa goýuma gönükdirilýän halatynda, sal gyt alynmaga degişli däldir. 71 YBTKI guramak we geçirmek üçin ulanylýan, peýda salgyt salnanda kärhanalara be rilýän salgyt ýeňillikleri hem şulara degişlidir. Ikinji topara degişli salgyt ýeňillikleri saglygy goraýyş, bilim, sport we medeni des galaryny we edaralary, çagalar edaralaryny we kärhananyň balansyndaky beýleki durmuş desgalary saklamak üçin harçlanýan bölegini salgyt salynýan peýdadan aýyrmaga mümkin çilik berýär. Bu haýyrsahawat maksatlary üçin, ekologiýa we sagaldyş gaznalaryna geçi rilýän gatançlara hem degişlidir. Üçünji topara degişli ýeňillikler işgärleriniň umumy sanynyň 50%den az bolmadyk bölegi maýyplardan ýada pensionerlerden (70%den az bolmadyk bölegi) durýan kärhana lara degişlidir. Şu ýagdaýda kärhananyň peýdasyndan alynýan salgyt 50 % azalýar. Döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek çäreleriniň ulgamynda gümrük taýdan düzgün leşdirmek degerli orun tutýar. Kärhanalaryň işini düzgünleşdirmekde pulkarz syýasaty aýratyn orun tutýar. Karz – bu karzdar tarapyndan köplenç halatda ondan peýdalanylandygy üçin karz alyjy tara pyndan göterim tölemek bilen gaýtarmak şertlerinde karz alyja berilýän pul ýada haryt görnüşindäki nesýedir. Bazar ykdysadyýetiniň tebigaty bazar subýektleriniň işiniň, şol san da döwletiň işiniň hem bellibir tapgyrlarynda emele gelýän pul serişdeleriniň hereketsiz durmagyna ýol bermeýär. Däp bolşy ýaly, bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde karz serişde leriň esasy çeşmeleri şular bolup durýar: – kärhanalaryň ulanyş tutumy gaznasy; – kärhananyň dolanyşyk maýasynyň taýýar önüminiň ýerlenýän we üznüksiz önümçi ligi dowam etmek üçin zerur bolan dolanyşyk gaznalarynyň elementleriniň satyn alynýan pursaty bilen gabat gelmezligi, şeýle hem zähmet hakynyň tölenmeli pursady bilen bagly wagt laýyn erkin bölegi; – fiziki we ýuridik şahslaryň, banklaryň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň we beýleki maliýe institutlarynyň hasaplarynda jemlenilýän pul girdejileri we tygşytlanan serişdeleri; – döwletiň toplanan pul serişdeleri (döwlet býujetiniň we býujetden daşary gazna laryň serişdeleri). Karz makro we mikro ykdysady deňeçerligi üpjün etmekde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Karzyň kömegi bilen maýany dür li pudaklaryň we kärhanalaryň arasynda bazaryň üýtgeýän konýun k tu rasyna hemde önümçiligiň gurluşynyň amatly edilişine laýyklykda gaýtadan paýlamak amala aşyrylýar. Karz dürli görnüşlerde hereketi amala aşyrýar, olaryň arasynda täjirçiilk we bank karzy nusgawy görnüşler bolup durýar. Täjirçilik karzy, mälim bolşy ýaly, tölegi soňa süýşürmek bilen haryt satylanda peýdalanylýar. Haryt görnüşindäki serişdeler onuň obýekti bolup çykyş edýär, maksady harytlaryň, hyzmatlaryň we pul seriş deleriniň hereketini tizleşdirmek bolup durýar. Bank karzy pul serişdeleriniň eýeleri, banklar, ýörite karz edaralary tarapyndan nesýe pullar görnüşinde berilýär. Şeýlelikde, bank karzynyň obýekti pul maýasy, telekeçi, döwlet, öý hojalyklary sektory karz alyjy, pul serişdeleriniň eýesi karzdar (karz beriji) bolup durýar. Döwletiň pulkarz syýasaty bazar ykdysadyýetini merkezleşdirilen tertipde düzgün leşdirmegiň we dolandyrmagyň möhüm serişdeleriniň biri bolup durýar. Bazaryň kanun 72 laryna goşulman, tersine, olary we edil şonuň ýaly, bazar mehanizmini peýdalanmak bilen, döwlet pulkarz syýasatynyň özboluşly çäreleriniň we gurallary arkaly diňe bir karzmaliýe hemde pul ulgamlaryny däl, eýsem tutuş ykdysadyýeti durnuklaşdyrmagyň mümkin bolan şertlerini döredýär. Döwletiň pulkarz syýasaty iki esasy ugurda amala aşyrylýar: Merkezi bankyň (MB) işi arkaly we döwletiň gymmatly kagyzlaryny emissiýa etmegiň (zaýomlary geçirmek) üsti bilen amala aşyrylýar. MBniň döwletiň ykdysadyýetini, aýryaýry pudaklaryň we kärhanalaryň ykdysadyýe tini düzgünleşdirmekdäki esasy guraly gaýtadan maliýeleşdiriş möçberi (stawkasy) ýada hasaba alyş möçberi (stawkasy) bolup durýar, ol aýryaýry bank amallaryny düzgünleşdir megiň ölçegi hökmünde MB tarapyndan peýdalanylýan göterim möç beridir. Hasaba alyş stawkasynyň möçberi nesýe bank göteriminiň möçberine we depozit möçberlerine täsir edýär. Gaýtadan maliýeleşdiriş möçberiniň ýokarlanmagy depozitler boýunça göterim möç berleriniň ýokarlanmagyna getirýär, bu bolsa olary hakyky sektora maýa goýum goýmaga seredeniňde özüne çekiji edýär. Şunuň ýaly syýasat ýurduň senagat önümçiliginiň peselme gine getirýär. Kärhanalar önümçilik döwri gysga bolan önümleri öndürmäge geçýärler, teh nologiýa ýönekeýleşýär, ýagny senagat kärhanalarynyň köpüsiniň bar bolan ylmytehniki we önümçilik mümkinçiligi peýdalanylmaýar, ol wagtyň geçmegi bilen ýitip gidýär. Gaýtadan maliýeleşdiriş möçberiniň durnukly peselýän halatynda ýokardakynyň ter sine bolan ýagdaýy bolup geçýär. Kärhanalaryň işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň mö hüm guraly karz gura malarynyň işiniň normatiwler ulgamy bolup dur ýar. Anyk normatiwleri bellemek bilen döwlet amallaryň ol ýada beýleki görnüşlerini ýada anyk müşderiler bilen amallary bank lar üçin özüne çekiji edýär. Hökmany ätiýaçlandyryş kadalarynyň üýtge megi hem pulkarz syýasatynyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Täjirçilik banklary özleriniň ätiýaç lyk serişdelerini MBniň ýörite hasaplarynda saklamalydyrlar. Kähalatda bu talap ähli ins titutlara dälde, diňe karz sorap MBä ýüz tutulanda degişli ýeňillik alýan agza banklar diýilýänlere degişli bolýar. Hökmany ätiýaçlandyryş kadalarynyň üýtgemeginiň makroyk dysady manysy bank karzlarynyň möçberini düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Hökmany ätiýaçlandyryş kadalaryny artdyrmak bilen, MB degişlilikde, banklaryň hasaplarynda goýumlar görnüşinde, karz serişdeleri hökmünde bar bolan serişdeleriň peýdalanylyşyny çäklendirýär. Tersine, bu kadany peseltmek bilen, MB täjirçilik banklarynyň karz işjeňli gini giňeltmek üçin serişdeleriň boşadylmagyny höweslendirýär. Bäsleşik şertlerinde tä jirçilik banklarynyň karz mümkinçilikleriniň giňelmegi bolsa, müşderilere, öňi bilen hem senagat kärhanalaryna pes göterim möçberi bilen karz almaga mümkinçilik berýär. Pulkarz syýasatynyň iň möhüm bazar gurallarynyň biri hem gymmatly kagyzlaryň satyn alnyşynysatylyşyny we degişlilikde, bank ätiýaçlyklarynyň azalyşyny ýada köpelişini görkezýän gazna biržalaryndaky amallar bolup durýar. Açyk bazardaky amallaryň obýekti bolup, düzgün bolşy ýaly, ozal çykarylan gysga möhletli gaz naçylyk borçnamalary, döwletiň gaznaçylyk borçnamalary (DGB), döwletiň beýleki gymmatly kagyzlary hyzmat edýärler. Düzgünleşdirmegiň bu görnüşi has netijelidir, sebäbi amallaryň bellibir derejede ýokary bol madyk möçberlerinde islenilýän netijäni alyp bolýar. Karzkagyz pullaryň agdyklyk bilen ösýän şertlerinde açyk bazardaky amallar diňe bir karz amallary düzgünleşdirimek görnüşin de bolman, eýsem pul toplumyna gözegçilik etmegiň möhüm usuly hem bolup durýar. 73 Döwletiň gymmatly kagyzlaryny (DGK) çykarmak we olar boýunça girdejililigiň ulu ly gyny bellemek bilen döwlet toplama hemde maýa goýum proseslerini düzgünleşdirip bi ler. Döwlet karz işini döwlet kärhanalaryna we ýerli häkimiýet edaralaryna degişli garyşyk kärhanalara goýulýan düýpli goýumlary maliýeleşdirmek üçin zaýomlary çykarmak arkaly hem amala aşyrýar, býujetiň ýada döwletiň karz gaznalarynyň serişdeleriniň hasabyna döwlet karzlaryny berýär. Döwlet karzlary telekeçiniň nukdaýnazaryndan peýdasy az we düşewüntsiz, ýöne ykdysadyýetiň hereket et megi üçin zerur bolan pudaklara gönükdirilýär. Döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň ýene bir görnüşi walýutany (daşary ýurt puluny) düzgünleşdirmek bolup durýar. Milli puly dewalwasiýa (hümmetini peseltmek) ýada rewalwasiýa (hümmetini ýokarlandyrmak) etmek bilen döwlet önümiň eksportyny ýada importyny peýdaly ýada peýdasyz edýär. Milli puluň dewalwasiýasy importy peý dasyz edýär we kärhanalaryň eksport mümkinçiliklerini giňeldýär, şeýlelikde, ýurduň önüm öndürijileriniň işewürlik işjeňligini höweslendirýär. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling