O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


-nji surat. Maddy däl serişdeleriň görnüşleriniň


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet39/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

17-nji surat. Maddy däl serişdeleriň görnüşleriniň
topara bölünmesi


89
4-nji tablisa
Kanun arkaly goraglylygy nukdaýnazaryndan maddy
däl aktiwleriň toparlanyşy
Kanun arkaly goralýar
Kanun arkaly goralmaýar
1
2
Söwda nyşanlary
Ygtyýarnamalar
Awtorlyk hukugy
Bellige alnan modeller
Şertnamalar we ygtyýarnamalar
Jemgyýetçilik ulgamynda maglumatlar
1
2
Söwda syrlary
Maglumatlar binýady
Önümiň we kompaniýanyň abraýy
Şahsy we guramaçylyk ulgamlary
Häzirki wagtda dünýäde öndürilýän maşyn gurluşyk önümleriniň ýarysyndan gow­
ragy ygtyýarnama ylalaşyklarynyň esasynda öndürilýär, bu bolsa satyn alyja nou­hau 
üznüksiz öndürmek üçin almaga we geleşik meselelerini kämilleşdirmäge, kämilleşdiri­
len önümleri özara alyşmagy amala aşyrmaga we hyzmatdaş bilen ylalaşyga laýyk lykda 
ygtyýarnama önümlerini bellibir bazarlarda ýerlemäge müm kin çilik berýär. 
Maddy däl aktiwler buhgalterçilik hasaba alnyşynda ilkibaşky gymmaty boýunça 
görkezilýär, bu gymmat goşulan baha üçin salgydy we beýleki öwezi dolunýan salgytlary 
aýyrmak bilen, hakyky çykdajylaryň ählisiniň jemi hökmünde kesgitlenýär.
Maddy däl aktiwleri satyn almak üçin hakyky çykdajylar şulardan ybaratdyr:
– hukuklary bermek (satyn almak) şertnamasyna laýyklykda hukuk eýesine (satyja) 
tölenýän pul möçberleri;
– geleşik bilen bagly maglumat we geňeş hyzmatlary üçin guramalara tölenýän pul 
möçberleri;
– bellige alyş ýygymlary, gümrük paçlary, ygtyýarnama paçlary we hukuk eýesiniň 
aýratyn hukuklaryny bermek (satyn almak) bilen baglanyşykly geçirilen şoňa meňzeş tö­
legler; 
– maddy däl akitiwler obýektini satyn almak bilen baglanyşykly tölenýän öwezi do­
lunmaýan salgytlar. 
– maddy däl aktiwler obýekti araçy guramanyň üstünden satyn alnan bolsa, şol gura­
ma tölenen hak­heşdekler;
– maddy däl aktiwleri satyn almak bilen gönüden­göni bag lanyşykly beýleki çykda­
jylar.
Kärhananyň özi tarapyndan döredilen maddy däl aktiwleriň ilkibaşky gymmaty döret­
mek we taýýarlmak üçin hakyky çykdajylaryň ählisiniň (harçlanan maddy serişdeler, zäh­
met hakyny tölemek, kontr a gent şertnamalary boýunça beýleki guramalaryň hyzmatlary, 
ygtyýarnamalary, şahadatnamalary almak bilen baglanyşykly ygtyýarnama paçlary we 


90
ş.m.) jemi hökmünde kesgitlenýär, goşulan baha üçin salgyt we beýleki öwezi dolunýan 
salgytlar muňa girmeýär.
Maddy däl aktiwlerden, esasy serişdelerden alnyşy ýaly, ula nylýan döwründe ulanyş 
tutumy alynýar. Maddy däl aktiwlerden alynýan ulanyş tutumy ulanyş tutumynyň ölçegleri 
boýunça öndürilen önümiň özüne düşýän gymmatyna goşulýar we salgyt hasaba alnyşy 
üçin iki usulyň biri bilen, ýagny çyzyklaýyn we çyzyklaýyn däl usul boýunça hasaplanýar. 
Maddy däl aktiwiň peýdaly ulanylýan möhleti ygtyýarnamanyň, şahadatnamanyň ýa­da 
intellektual eýeçilik obýektleriniň peýdalanylmaly möhletini çäklendirýän beýleki bir res­
minamanyň berlen döwrüne deňdir. 
Peýdaly ulanylýan möhletini kesgitlemek mümkin bolmadyk maddy däl aktiwler 
boýunça ulanyş tutumlarynyň ölçegleri on ýyl möhlete bellenýär.
Buhgalterçilik hasaba alnyşynda maddy däl aktiwiň ulanyş tutumyny hasaplap ýaz­
mak ýörelgeleri salgyt hasaba alnyşyna garanyňda başgaça görnüşde bolýar. Buhgalterçilik 
hasaba alnyşynda ulanyş tutumy üç görnüşiň biri boýunça hasaplanyp ýazylyp bilner:
– çyzyklaýyn usul;
– önümiň möçberine deň ölçegli;
– azalýan galyndy usuly.
Maddy däl aktiwiň peýdaly ulanylýan möhletini şulardan ugur alyp hasaplap bolar:
– ygtyýarnamanyň, şahadatnamanyň we ş.m. hereket edýän wagty;
– maddy däl aktiwiň peýdalanylar öýdüp garaşylýan, onuň dowa mynda guramanyň 
bu aktiwden girdeji alyp biljek döwri;
– kärhananyň şu maddy däl aktiwi peýdalanmak bilen, almak isleýän önüminiň möç beri.
Eger maddy däl aktiwiň peýdaly ulanylýan möhletini kesgitlemek mümkin bolmasa, 
onda ol 20 ýyl hyzmat eder diýip hasap edilýär.
Häzirki zaman şertlerinde senagat kärhanalary üçin intellektual senagat eýeçiliginiň 
(ISE) aýratyn ähmiýeti bardyr, ol oýlap tapyşlara, senagat nusgalaryna, peýdaly modellere, 
haryt nyşanlaryna, hyzmat ediş nyşanlaryna degişli hukuklaryň jeminden ybaratdyr. Döwlet 
emläginiň, hususan­da, ylmy­tehniki ulgama degişli obýektleriň hususylaşdyrylmagy bu 
meseläniň ähmiýetini has­da ýitileşdirdi. Kärhananyň olar babatynda aýratyn hukuklary 
bolan intellektual eýeçilik obýektleriniň ählisiniň ýüze çykarylmagy kärhananyň özüniň 
gymmatyna obýektiw baha bermäge mümkinçilik berer.
ISE­niň bazar gymmatyna baha bermegiň şu usullary bardyr:
– satuwlary deňeşdirmek usuly, oňa laýyklykda obýektiň bazar gymmaty baha be­
rilýän obýekt babatynda birmeňzeş bolup duran obýektler bilen bazarda baglaşylan satyn 
almak­satmak geleşikleriniň degişli derejede ortaça we düzediş girizilen bahasy hökmünde 
kesgitlenýär;
– girdeji usuly, onda göni maýalaşdyrmak ýa­da pul akymlaryny diskontirlemek usul­
lary bilen gündelik (ýa­da häzirki) gymmatyna getirilen obýektden garaşylýan jemi girdeji 
hökmünde baha berilýär;
– çykdajyly usul, şunda obýektiň gymmaty diýip ony döretmek we bazara çykarmak 
üçin harajatlaryň jemine düşünilýär. 
5­nji tablisada ISE bilen amallar bilen oňa baha bermek usul larynyň arasyndaky özara 
baglanyşyk görkezilýär. Seredilen ýagdaýlaryň her birinde diýen ýaly baha berijide baha 


91
berilýän gymmatyň görnüşini hem, baha beriş usulyny hem saýlap almaga mümkinçilik 
bar, şunda şol bir ISE­ne baha bermek üçin dürli çemeleşmeleriň ulanylmagy dürli neti­
jeleri berip biler.
5-nji tablisa

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling