O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet27/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Sorag we ýumuşlar
1. Dessin-önümçilik meýilnamalaşdyrmagyň esasy maksady nämeden ybarat?
2. Dessin-önümçilik meýilnamalaşdyrmagyň esasy wezipelerini aýdyň.
3. Dessin-önümçilik meýilnamalaşdyrmagyň ulgamlaryny, şeýle hem olaryň gurluşynyň we 
peýdalanylyşynyň aýratynlyklaryny sanap geçiň.
4. Önümçiligiň görnüşine baglylykda senenama-meýilnama kadalaryny sanap geçiň.
 3.4.
Önüm öndürmegi
meýilnamalaşdyrmak
Kärhananyň önümçilik birlikleriniň meýilnamasy önümiň öndürilýän möçberi, no­
menklaturasy, assortimenti, hili we möhletleri boýunça kärhananyň önümçilik maksatna­
masy diýip atlandyrylýar. 
Önümçilik maksatnamasy kärhanada meýilnamalaşdyrmagyň esasyny düzýär, çünki 
degişli görnüşlerde we zerur bolan möçberde senagat önümini çykarmak senagat kärha­


57
nasynyň esasy maksady bolup durýar. Meýilnamanyň beýleki bölekleriniň görkezijileri 
köplenç halatda önümçilik maksatnamasyndan emele getirilýän görkezijiler hökmünde 
çykyş edýärler. Olar önümçilik maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin zerur önümçilik 
serişdelerine (işgärleriň sany we hünär derejesi; material, çig mal, ýangyç, energiýa hara­
jatlary; zerur bolan enjamlaryň düzümi we möçberi; maliýe serişdeleri) bolan islegi, önüm­
çiligiň netijeliligini (önümiň özüne düşýän gymmaty, düşewüntlilik, peýda, dolanyşyk we 
ş.m.) kesgitleýärler:
Önümçilik maksatnamasynyň mazmuny meýilnamalaşdyrylýan döwürde kärhananyň 
strategik maksatlaryna baglydyr. Ol düzülende kärhana degişli bazarlara geçirilen marke­
ting barlaglarynyň netijelerine, döwlet tabşyrygynyň ululygyna (eger kärhananyň işinde ol 
bar bolsa), tabşyryklaryň emele getirilen bukjasyna, şeýle hem serişdeler ähli görnüşleri 
boýunça bar bolan çäklendirmelere gollanýar.
Kärhananyň önümçilik maksatnamasy işlenip taýýarlanylanda şu bölekler göz öňün-
de tutulmalydyr:
– natural görnüşde haryt öndürmek meýilnamasy;
– gymmat manysynda haryt öndürmek meýilnamasy.
Önümçilik maksatnamasynda göz öňünde tutulan meýilnamalaýyn tabşyryklaryň esas­
lylygy we hakykylygy ölçeýjileriň saýlanyp alnyşyna baglydyr. Meýilnamalaşdyrma iş tejri­
besinde natural we şertli natural ölçeg birlikleri peýdalanylýar. Natural görkezijileriň häsiýeti 
önümiň aýratynlygy bilen kesgitlenilýär: nebit senagatynda tonna, elek troenergetikada ki­
lowat sagat, agajy gaýtadan işlemekde kub metr, zergärçilik senagatynda gramlar we karatlar 
ölçeg birligi bolup dur ýar. 
Bir natural görkezijini ulanmagyň önümiň fiziki göwrümini we sarp ediş gymmatyny 
doly häsiýetlendirmek üçin ýeterlik bolmaýan önümçilikleri hem bardyr. Şeýle ýagdaýlar­
da iki görkeziji peýdalanylýar. Meselem, kagyzyň çykarylyşy tonnalarda we inedördül 
metr lerde, turbalaryň öndürilişi tonnalarda we metrlerde, traktorlary öndürmek sanlarda 
we at güýjünde (a.g.) meýilnamalaşdyrylýar. 
Şertli­natural birlikler önümiň bellenilen maksady boýunça birmeňzeş bolan 
görnüşleriniň dürli sarp ediş gymmaty bar bolanda ýa­da çykarylýan önüm (mysal üçin, 
maşynlar, mehanizmler) kuwwatlylygy we öndürijiligi boýunça birmeňzeş däl bolanda 
ulanylýar. Meselem, kömrüň kaloriýalylygy dürli­dürli bolup biler, diwarlyk materiallary – 
bloklar, kerpiçler dürli göwrümde bolup biler. Şonuň üçin hem iş ýüzünde ýangyjy gazyp 
çykarmak şertli tonnalarda, diwarlyk materiallar million sany şertli kerpiçde meýilnama­
laşdyrylyp bilner.
Önümçilik maksatnamasyny düzmezden öň sargytlar bukjasy eme le getirilýär, şonuň 
esasynda hem önümiň ýerlenjek möçberi bel le nilýär.
Natural görnüşde önümi meýilnamalaşdyrmak önümçiligi onuň anyk görnüşlerine 
bolan isleg bilen, şeýle hem serişdeleriň natural görnüşdäki degişli möçberi bilen laýyk 
gelmegini üpjün edýär. Emma şunuň ýaly iş tejribesi hemişe umumy möçberini, ösüş dep­
ginini we önümçiligiň gurluşyny kesgitlemäge mümkinçilik bermeýär, şonuň üçin önüm 
çykarmak meýilnamasyny gymmat manysynda düzmegiň uly ähmiýeti bardyr. 
Gymmat manysynda önümçilik maksatnamasynda ýerlenen, ha rytlyk, jemi we arassa 
önümiň möçberine baha berilýär.


58
Ýerlenen önümiň möçberi önümçilik meýilnamasynda meýil nama döwründe ibermek 
üçin niýetlenen we tölenmäge degişli taýýar önümleriň, özünde öndürilen ýarym taýýar 
önümleriň, kärhananyň senagat­önümçilik işgärleriniň güýji bilen ýerine ýetirilýän öz teh­
nologik enjamlaryny we ulag serişdelerini düýpli abatlamagy goşmak bilen, beýleki tarap 
üçin senagat häsiýetli işleriň, önümiň ýerlenen möçberiniň we kärhananyň özüniň hem­de 
onuň balansyndaky beýleki senagat däl hojalyklaryň düýpli gurluşygy üçin ýerine ýetirilen 
işleriň gymmaty hökmünde kesgitlenýär.
Meýilnama boýunça ýerlenýän önümiň möçberini (P
zm
) şu formula boýunça kesgitläp 
bolar:
P
zm
= P
hm
+ (∆
1
– ∆
2
),
bu ýerde P
hm
meýilnama boýunça harytlyk önümiň möçberi; ∆
1
meýilnama döwrüniň 
başynda ýerlenmedik önümiň galyndysy; ∆

meýilnama döwrüniň ahyrynda ýerlenmedik 
önümiň galyndysy.
Harytlyk we jemi önümiň möçberi senagat önümçiliginiň möç berini, ösüş depginini 
we gurluşyny, şeýle hem zähmet öndürijiligini, gaznanyň peýda berijiligini we kärhananyň 
işiniň beýleki binýatlyk tehniki­ykdysady görkezijilerini kesgitlemek üçin peýdalanylýan 
möhüm gymmat görkezijileri bolup durýar. 
Harytlyk önümiň (Hö) möçberi taýýar önümleriň, ýerlemek üçin niýetlenen ýarym 
taýýar önümleriň, kömekçi we goşmaça önümçiliginiň başgalara satmak üçin taýýarlanan 
önüminiň, beýleki taraplaryň ýa­da kärhananyň senagat däl birlikleriniň sargytlary boýun­
ça ýerine ýetirilýän senagat häsiýetli işleriň gymmatyny öz içine alýar. 
Arassa önümiň möçberi – bu ulanyş tutumlaryny we maddy harajatlary aýyrmak bilen 
harytlyk önümiň möçberidir. 
Jemi önümiň möçberi şu döwürde ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulan işleriň ähli 
möçberini öz içine alýar. Önümiň meýilnama möç beri şu formula boýunça kesgitlenýär:
P
jemi
= P
hm
+ (∆
tö1
– ∆
tö2
),
bu ýerde ∆
tö1
meýilnama döwrüniň başynda tamamlanmadyk önümçiligiň galyndysy; ∆
tö2
meýilnama döwrüniň ahyrynda tamamlanmadyk önümçiligiň galyndysy.
Ýerlenýän we harytlyk önümiň möçberi kärhananyň hereket edýän lomaý bahalaryn­
da getirilýär.
Önümçilik maksatnamasyny işläp taýýarlamak esasy üç tapgyrda ýerine ýetirilýär.
1. Bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň binýadynda önümi çykarmagyň mümkin 
bolan aňryçäk derejesini kesgitlemek. Şu tapgyrda «gowşak ýerleri» aradan aýyrmak, şeýle 
hem önümçiligiň guralyşyny kämilleşdirmek ukyby göz öňünde tutulýar. Eger «gowşak 
ýerleri» düzetmegiň netijesinde sargytlar bukjasynda kesgitlenýän önümçilik möçberine 
ýetmek başartmadyk bolsa, kärhananyň önümçilik kuwwatlyklaryny güýçlendirmek bo­
ýun ça çäreleri işläp taýýarlamaga girişmek zerurdyr. 
2. Kärhananyň önümçilik kuwwatlyklaryny öz maliýe çeşmeleriniň hasabyna güýç­
lendirmek mümkinçiligini öwrenmek we şonuň bilen baglylykda goşmaça önüm öndürmek 
mümkinçiligini kesgitlemek. Eger önümçiligiň jemi möçberi (goşmaça önümçiligi hasaba 
alanyňda) sargytlar bukjasyny üpjün etmek üçin ýeterlik bolmasa, üçünji tapgyra geçmek 
gerek. 


59
3. Kärhanany tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak we dur kuny täzelemek 
me ýilnamasyny işläp düzmek. Bu tapgyry durmuşa geçirmegiň zerurlygy önümçiligiň 
teh niki taýdan ösüşi önümiň hiline, material talap edijilik derejesine, özüne düşýän 
gym matyna we ş.m. bildirilýän häzirkizaman talaplara laýyk gelýän önümi çykarmaga 
ýar dam etmeýän derejede pes bolanda hem ýüze çykýar.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling