O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


-nji surat. Kärhanada meýilnamalaşdyrmak işi


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet25/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

13-nji surat. Kärhanada meýilnamalaşdyrmak işi
4. Sargyt № 996


50
3. Tehniki ösüş we önümçiligi guramak meýilnamasy şu kiçi bölekleri öz içine al­
malydyr: önümiň täze görnüşlerini özleşdirmek we çykarylýan önümiň tehniki derejesini 
ýokarlandyrmak; öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak; önümçiligi mehanizasiýalaş­
dyrmagyň, awtomatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, kärhanada zähmeti we önüm­
çiligi dolandyrmak, meýilnamalaşdyrmak we guramak ulgamyny kämilleşdirmek.
Innowasion işiň her bir ugry boýunça anyk çäreler işlenip taýýarlanýar, maýa go­
ýumlaryň möçberi we garaşylýan ykdysady netije (peýdanyň üýtgemegi ýa­da şu maýa 
üçin zerur bolan islegiň azalmagy görnüşinde) hasaplanýar. Kärhananyň strategik meýil­
namasynda kesgitlenýän maksatlara baglylykda maýa goýum işiniň ileri tutulýan ugurlary 
bellenilýär, bu bolsa maýa goýum serişdelerini iň ähmiýetli ugurlarda jemlemäge mümkin­
çilik berýär.
4. Düýpli gurluşyk meýilnamasy esasy gaznalaryň, önümçilik kuwwatlyklarynyň we 
beýleki düýpli gurluşyk desgalarynyň seredilýän döwründe işe girizilmeli möçberlerini 
kesgitleýär. Maýa goýumlaryň zerur bolan möçberlerini kesgitlemek, şeýle hem ony ma­
liýeleşdiriş çeşmelerini anyklamak onuň möhüm elementi bolup durýar. Şonuň bilen bir 
wagtda gurluşyk­gurnama işleriniň häsiýeti (potrat, öz güýçleri bilen ýerine ýetirilýän işler 
we ş.m.) kesgitlenýär. 
5. Satyn almalar meýilnamasy (maddy­tehniki üpjünçilik) esasy maddy serişdelere 
bolan islegi kesgitleýär we olaryň alynmaly çeşmelerini takyklaýar (esasy üpjün edijiler, 
ibermek barada uzak möhletli şertnamalaryň bolmagy, önümçilik kooperasiýasy, çäkli 
serişdeler bilen üpjünçilik we ş.m.), bu bölekde maddy serişdeleriň peýdalanylyşynyň we 
saklanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem meýilnamalaşdyrylýar.
6. Zähmet we zähmet haky boýunça meýilnama zähmet öndürijiliginiň üýtgeme 
görkezijilerini öz içine alýar, zähmet serişdelerine bolan zerurlygy we olaryň üstüni ýetir­
megiň mümkin bolan çeşmelerini kesgitleýär. Wagt boýunça hak tölenende zähmet haky 
gory hasaplanýar ýa­da zähmete hak tölemegiň beýleki görnüşlerinde zähmet hakyny ha­
saplamak üçin ölçegnama kesgitlenýär. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň usul­
laryna baha bermäge aýrytyn üns berilýär.
7. Önümiň özüne düşýän gymmaty, peýda we önümçiligiň hem­de kärhananyň 
düşewüntliligi boýunça meýilnama önümçilik çykdajylarynyň depgini baradaky maglumat­
laryň seljermesini öz içine alýar. Şu esasda önüm öndürmegiň özüne düşýän gymmatyny 
peseltmegiň mümkinçilikleri kesgitlenýär, özüne düşýän gymmatyň üýtgemeginiň peý­
da we düşewüntlilige edýän täsirine baha berilýär. Garaşylýan peýdanyň we önümçiligiň 
düşewüntliliginiň hasaplamalary we seredilýän döwrüň ýyllary boýunça bu görkezijileriň 
depgini getirilýär.
8. Tebigaty goramak boýunça meýilnama ekologiýa ugry bolan çäreleri göz öňünde 
tutýar. 
9. Maliýe meýilnamasy (býujet) – bu bölek kärhananyň girdejileriniň we çykda­
jylarynyň balansyny, geljekki çykdajylaryň we geçirimleriň hasaplamasyny, karz özara 
gatnaşyklaryny, merkezleşdirilen we ýerli býujetiň öňündäki borçnamalary öz içine alýar. 
Maliýe meýilnamasy meýilnamalaşdyrylýan döwrüň her bir ýyly üçin kärhananyň girdeji­
leriniň we çykdajylarynyň balansyny öz içine alýar.
Geljegi göz öňünde tutýan meýilnamany işläp düzmegiň algoritmi şulardan ybaratdyr:


51
– strategik meýilnamany işläp düzmegiň barşynda geçirilen marketing barlaglarynyň 
netijeleri takyklanýar. Geçen döwürlerde satuwlaryň möçberiniň depginine seljerme be­
rilýär, önümçilik kuwwatlyklarynyň hakyky mümkinçiliklerine baha berilýär. Bu mag­
lumatlaryň esasynda ýyllar boýunça bölmek bilen, seredilýän döwür üçin kärhananyň 
önümçilik maksatnamasy we önümleri ýerlemegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanylýar;
– önümçilik maksatnamasynyň esasynda kärhananyň maýa goýum işiniň maksatna­
masy işlenilip taýýarlanylýar, onda önümçilik ulgamynda maýa goýum harajatlaryndan 
başga­da, daşky gurşawy goramak üçin çykdajylar hasaba alynýar we maddy hem­de zäh­
met serişdelerine bolan zerurlyga baha berilýär;
– önüm öndürmegiň özüne düşýän gymmatynyň depgini seljerilýär, meýilnamalaş­
dyrylýan peýda we önümçiligiň düşewüntliligi hasaplanýar, özüne düşýän gymmaty pe­
seltmegiň mümkinçiliklerine seredilýär we bu çäreleriň netijesine baha berilýär.
Geljegi göz öňünde tutýan meýilnamany düzmek işini kärhananyň maliýe meýilna­
masyny (býujetini) işläp taýýarlamak jemleýär.
Kärhanany ösdürmegiň geljege niýetlenen meýilnamasy işlenip taýýarlanylanda 
ykdysady­matematiki usullar we häzirkizaman hasap laýyş tehnikasy uly rol oýnaýarlar. 
Olardan peýdalanylmagy hojalygy ýöretmegiň durnuksyz şertlerinde (salgyt syýasatynyň 
we gümrük kanunçylygynyň üýtgemegi, ýeňillikleriň ýatyrylmagy ýa­da girizilmegi, 
önümlere bolan islegiň üýtgäp durmagy, bahalaryň depgini we ş.m.) firmany ösdürmegiň 
dürli görnüşlerine seljermäni gowy hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Meýilna­
manyň köp görnüşliligi ony amatly etmäge, ýagny bar bolan çäklendirmelerde köp sanly 
görnüşleriň arasyndan kriteriler hökmünde saýlanyp alnan parametrleriň amatly ähmiýetini 
üpjün etmäge mümkinçilik berýän bir görnüşini saýlap almaga mümkinçilik berýär. Köp 
görnüşli beýleki hemişelik görkezijileriň bolmagynda aýry­aýry parametrleri üýtgetmek 
bilen gazanylýar, bu bolsa meýilnama işlenip taýýarlanylanda hasaba alynýar. 
Geljekde meýilnama gysga möhletli meýilnamalaşdyrmagyň çäklerinde anyklaş­
dyrylýar – kärhananyň ýyllyk meýilnamasynyň hasaplamasy ýerine ýetirilýär. 
Ýyllyk ykdysady we durmuş ösüş meýilnamasy kärhananyň önümçilik­hojalyk işi­
niň mukdar hem­de hil görkezijileri boýunça takyklanylan ýyllyk maksatnamasy bolup 
durýar, zerur bolan ähli tehniki­ykdysady hasaplamalary öz içine alýar, kärhananyň önüm­
çilik­hojalyk işiniň ähli taraplaryny gurşap alýar we geljege niýetlenen meýilnamalaryň 
işlenip taýýarlanylýan böleklerine laýyklykda işlenip düzülýär. Ýyllyk meýilnama çärýek­
ler boýunça bölünýär. Ony düzmek üçin başlangyç resminamalar şulardan ybaratdyr:
– kärhanany ösdürmegiň geljege niýetlenen meýilnamasy;
– onuň önümçilik­hojalyk işiniň netijelerine täsir edýän kanunçylyk binýadynyň üýt­
gemegi;
– geçen döwürde önüme bolan isleg we bahalaryň depgini babatynda geçirilen marke­
ting barlaglarynyň takyklanylan netijeleri;
– geçen döwürde önüm öndürmek we ýerlemek boýunça hem­de esasy maliýe 
görkezijileri boýunça kärhananyň hasabatlary;
– geçen döwürdäki ýetmezçiligi (artyklygy) hasaba almak bilen, meýilnamalaş­
dyrylýan döwür üçin maýa goýum harajatlaryny amala aşyrmagyň we kreditor bergini üz­
megiň meýilnamasy­wagt tertibi;


52
– meýilnamalaşdyrylýan ýyl üçin täzelikleri özleşdirmek mak sat namasyna goşmaça 
intellektual işiň obýektleri (oýlap tapyşlar, ygtyýarnamalar, täzeçillik teklipler). 
Ýyllyk meýilnama hem geljege niýetlenen meýilnama ýaly birnäçe tapgyrlarda dü­
zülýär. Ýyllyk meýilnamanyň taslamasy emele getirilýär. Bu tapgyrda geçen ýylyň we şu 
ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri seljerilýär. Şonuň esasynda kärhananyň bar bolan mad­
dy, zähmet we maliýe serişdeleriniň peýdalanyşy hasaplanylyp çykarylýar. Şunda kärha­
nanyň dolandyryş edarasynyň meýilnamalaşdyrylýan döwürdäki hereketleri geçen ýyldaky 
ýaly bolar diýip hasap edilýär. Deslapky hasaplamalaryň maksady meýilnamalaşdyrylýan 
ýyl üçin, takmynan, önümçilik maksatnamasyny düzmek bolup durýar, şonuň esasynda 
hem kärhananyň peýdasynyň çaklamasy kesgitlenilýär.
Kärhanany dolandyrmakda düýpli üýtgemeleriň bolup geçmedik we önümleri geçen 
döwürdäki ýaly möçberde öndürmek barada çözgüt kabul edilen ýagdaýynda hem peý­
danyň ululygy seredilýän döwrüň hasabatynda görkezilen ululykdan tapawutlanar. Şunuň 
ýaly gyşarma hojalygy ýöretmegiň daşky şertleriniň üýtgemeginiň göni netijesi bolup 
durýar, olar çaklama hasaplamalar düzülende hasaba alynmalydyr. Daşky şertleriň üýt­
gemegi bilen bir hatarda, kärhananyň öz içinde hem käbir üýtgemeler bolup biler. Mysal 
üçin, geljege niýetlenen meýilnama laýyklykda meýilnamalaşdyrylýan ýylda täze tehnolo­
giýany ornaşdyrmak, maýa goýum taslamasyny amala aşyrmak, işgärleriň hil ýa­da muk­
dar düzümini üýtgetmek we ş.m. göz öňünde tutulyp bilner.
Degişli üýtgetmeler hasaba alnandan soň peýda boýunça deslap ky hasaplama düze­
dilen görnüşi alýar we meýilnamalaşdyrmagyň soňky tapgyrlary üçin binýat bolup biler. 
Kärhanany dolandyrmakdaky mümkin bolan üýtgemelere seretmezden, geçen döwrüň sel­
jermesine esaslanýan hasaplamalar meýilnamalaşdyrmagyň passiw tap gyryna degişlidir.
Peýdanyň düzediş girizilen hasaplamasy meýilnama görnüşini alýar, ol maliýe meýil­
namasy düzülende peýdalanylar. Maliýe meýilnamasynyň esasynda kärhananyň geljek ýyl 
üçin meýilnama balansy işlenip taýýarlanylýar we peýdalylyk hem­de geçginlilik görkezi­
jilerine seljerme geçirilýär. Bu görkezijileriň durnuklylygyna subutnama bar bolan ýag­
daýynda meýilnama kabul edilýär. 
Elbetde, telekeçilik işiniň ýokary derejede näbellilik we ykdysady şertleriň durnuksyz­
lyk şertlerinde, şeýle hem daşky ykdysady gurşawdaky üýtgemelere çalt seslenmek 
zerur bolanda geljege niýetlenen we ýyllyk meýilnamalary düzmegiň doly düzgüni ony 
ýönekeýleşdirmek tarapyna üýtgär.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling