O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet22/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Kärhananyň önümçilik gurluşynyň nämedigini düşündiriň.
2. Önümçilik gurluşlarynyň haýsy esasy görnüşlerini bilýärsiňiz? Olaryň gowy taraplaryny we 
ýetmezçiliklerini teswirläň.
3. Sehiň içerki guramaçylyk gurluşy diýip nämä düşünýärsiňiz? Onuň düzüm bölekleri näme-
den ybarat?
4. Önümçilik gurluşyna haýsy faktorlar täsir edýär?
5. Kärhananyň önümçilik gurluşyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny aýdyp beriň.
III BAP. KÄRHANANYŇ IŞINI
MEÝILNAMALAŞDYRMAGYŇ ESASLARY
 3.1.
Kärhanada strategik meýilnamalaşdyrmak
Bazar ykdysadyýetinde kärhana mümkin bolan ýollaryň iň amatlysyny saýlap almaly­
dyr. Mysal üçin, önümleriň nyrhyny emele getirmekde, önümçiligiň möçberinde, karz we 


46
maýa goýum syýasatynda saýlanyp alnan ugruň dogry boljakdygy onuň işiniň netijeliligine 
baglydyr. Şol bir wagtyň özünde iň şowly çözgütler hem, eger olar kärhananyň maksatlary­
na we syýasatyna laýyk gelmeýän bolsa, netijeli bolup bilmez.
Kärhananyň strategik, taktiki we gündelik maksatlaryny düzmek, syýasaty işläp 
taýýarlamak, garaşylýan netijeleri anyklaşdyrmak, esasy tehniki­ykdysady görkezijileriň 
çaklanylýan ähmiýetleriniň hasaplamasy – bular meýilnamalaşdyryş prosesiniň mazmu­
nyny eme le getirýär.
Sepgitlere (meýilnamanyň düzülýän döwürlerine) laýyklykda uzak möhletli, orta 
möhletli we gysga möhletli meýilnamalaşdyrmak tapawutlandyrylýar (12-nji surat). 
Uzak möhletli meýilnamalaşdyrmagyň strategik häsiýeti bardyr, sebäbi uzak möhlet­
li çemeleşmede kärhananyň strategik maksatlary we olary durmuşa geçirmegiň ýollary 
anyklanylýar. Kärhananyň göwrümine baglylykda strategik meýilnamalaşdyrmagyň 
möhleti kiçi kärhana üçin 3­5 ýyla we iri kärhana üçin 20 ýyla deň bolup biler.
Şol sebäpli hem uzak möhletli meýilnamalaşdyrmak strategik meýilnamalaşdyrmak 
bilen meňzeş hasap edilýär, onuň gönüden­göni predmeti bolsa kärhananyň strategiýasyny 
işläp taýýarlamak we seljermek bolup durýar.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling