O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 2.4. Kärhananyň önümçilik gurluşy
Sorag we ýumuşlar
1. Önümçilik prosesine kesgitleme beriň. 2. Esasy, kömekçi we hyzmat etmek proseslerine häsiýetnama beriň. 3. Önümçilik prosesini oýlanyşykly guramagyň ýörelgelerini görkeziň. 4. Ýönekeý we çylşyrymly önümçilik proseslerine mysal getiriň. 5. Önümçilik döwrüniň nämedigini düşündiriň. 6. Önümçilik döwrüniň uzaklygy nähili hasaplanyp çykarylýar? 2.4. Kärhananyň önümçilik gurluşy Kärhananyň bilelikde alnan önümçilik birlikleri (esasy, kömekçi we hyzmat edýän birlikler) we olaryň arasynda aragatnaşyklar önümçilik gurluşyny emele getirýär. Ol köp babatda zähmet öndürijiliginiň derejesini, maddy serişdeleri we tehnikany peýdalanmagyň netijeliligini kesgitlemek bilen, degişli önümçilik şertlerinde kärhananyň ykdysadyýetine düýpli täsir edýär. Kärhananyň önümçilik birliklerine şular degişlidir: – kärhana tarapyndan çykarylýan esasy önümiň taýýarlanylýan seh leri we uçastoklary; – beýleki taraplardan alynýan toplaýyş önümleriniň, material laryň we ýarym taýýar önümleriň, ätiýaçlyk şaýlarynyň gözegçilik bar lagynyň we synagynyň geçirilýän laborato riýalary; – tehnologik zerurlyklar üçin energiýa işläp çykarýan sehler. Düzgün bolşy ýaly, kärhananyň esasy gurluş birligi seh bolup durýar, bu gurama çylyk we tehnologik taýdan aýrybaşga bölüm bolup, onda önümler (ýada olaryň bölek leri) öndürilýär, önümçilik prosesiniň bellibir tapgyry ýerine ýetirilýär. Käbir uly bolmadyk kärhanalaryň sehsiz gurluşy bolýar, ýagny olar kiçi önümçilik birliklerinden – aýryaýry önümçilik uçastoklaryndan ýada liniýalaryndan durýar. Sehler özbaşdak we doly hukukly birlikler bolup durýar hemde olara kärhananyň maliýe gurluşynda jogapkärçilik merkezi hökmünde seredilip bilner. 42 Mysal üçin, senagatda sehleri şu toparlara bölüp bolar: 1. Esasy sehler – ýerlemek üçin niýetlenen önümleri taýýarlamak boýunça amallary amala aşyrýarlar. Maşyn gurluşykda ola ra önümleri taslaýan (guýma, demirçilikştamp laýyş, demirçilikbasyş), işläp bejeriş (mehaniki, agaç işläp bejeriş, termiki, gal waniki, lak reňk, gorag we bezeg şaýlary goýulýan sehler), ýygnama (agregat we önümleri gutarnykly ýygnama sehleri) synag sehleri degişlidir. 2. Kömekçi sehler – esasy sehleri zerur bolan gurallar, abzallar bilen üpjün edýärler, tehnologik enjamlara tehniki taýdan hyzmat edýärler we olary abatlamak işlerini ýerine ýetirýärler, kärhanany energiýa we ýylylyk bilen üpjün edýärler we ş.m. Energetika (bug gazanlary, kompressor stansiýalary, elektrostansiýalar we kiçi transformator stansiýalary), gurallar (modeller, ştamplar we abzallar, kesiji we ölçeýji gurallar) we abatlaýyş (abat laýyşmehaniki, abatlaýyşgurluşyk, standart däl enjam) kömekçi sehler. 3. Hyzmat edýän sehler – esasy we kömekçi sehlere ulag hyzmatlaryny etmek, çig maly, ýarym taýýar önümleri, taýýar önümleri saklamak hyzmatlaryny etmek boýunça, energiýa bermek boýunça amallary ýerine ýetirýärler – ammar, ulag birlikleri we ş.m. Konstruktorçylyk we tehnologik birlikler, ylmybarlag bölümleri we laboratoriýalar kärhananyň önümçilik gurluşynda aýratyn orun eýeleýärler. Olaryň işleriniň bir bölegi in nowasion prosesiň aýryaýry tapgyrlarynda – YBTKInde, önümçiligi tehnologiýa taýdan taýýarlamakda jemlenendir, şunuň bilen önümiň we tutuş kärhananyň bäsdeşlige ukyplyly gy üpjün edilýär. Sehleriň içki önümçilik gurluşy bardyr, içki gurluş diýip olarda bar bolan önümçilik uçastoklarynyň, kömekçi we hyzmat ed ýän birlikleriň düzümine, olaryň önümçilik aragat naşyklarynyň gör nüşlerine düşünilýär. Önümçilik uçastogy – önümçilik amallarynyň bellibir derejede aýrybaşgalaşdyrylan böleginiň amala aşyrylýan iş ýerleriniň toparyny birleşdirýän gurluş birligi. Uçastoklaryň düzümi, sany we olaryň arasyndaky önümçilik aragatnaşyklary sehleriň sanawyny we tutuş kärhananyň önümçilik gurluşyny kesgitleýär. Kärhananyň önümçilik gurluşynyň ilkinji bölegi iş ýeri bolup durýar, bu önümçilik meýdançasynyň işçiniň ýada işçiler toparynyň degişli enjamlary we tehnologik abzallary peýdalanmak bilen, önümi taýýarlamak ýada önümçilige hyzmat etmek boýunça aýratyn amaly ýerine ýetirýän bölegidir. Iş ýerleriniň sany we sanawy önümleri taýýarlamagyň tehnologiýasy, zähmet bölünişiginiň derejesi, önümiň öndürilen möçberi we ony taýýar lamagyň zähmet talap edijiligi bilen kesgitlenýär. Iş ýeri ýönekeý (bir işçi enjamyň birine hyzmat edýär), köp stanokly (bir işçi enjamlaryň birnäçe sine hyzmat edýär), toplumlaýyn (işçiler topary bir agregata hyzmat edýär) bolup biler. Önümçilik gurluşy, guramaçylyk gurluşy ýaly, kärhana döredilende emele getirilýär we ol täze önümleri öndürmäge geçende üýtgedilýär. Önümçilik gurluşy önümçilik pro sesini gurmagyň guramaçylyk görnüşine (ýagny onuň kärhananyň sehleriniň we uçastok larynyň arasynda paýlanylyşyna), işiň tehnikiykdysady görkezijilerine we tutuş kärhanany onuň aýryaýry sehlerini dolandyryş eda ralarynyň gurluşyna degerli täsir edýär. Zawodyň içinde ýöriteleşmegiň görnüşine we kärhanada kooperirlenmäniň derejesine baglylykda önümçilik gurluşynyň üç görnüşi tapawutlandyrylýar (10-njy surat). 43 1. Predmetleýin gurluş: esasy sehler we olaryň uçastoklary her bir (uçastok, liniýa) tarapyndan bir önümi ýada önümler toparyny ýada olaryň böleklerini taýýarlamak ala maty boýunça gurulýar. Bir sehde dürli görnüşdäki birnäçe tehnologik prosesler birleşýär, önümi taýýarlamak boýunça amallaryň ählisini ýada esasy toplumyny ýerine ýetirmek üçin düýpli görnüşdäki enjamlar jemlenýär. Gurluşyň şunuň ýaly görnüşi iri tapgyrlaýyn we köpçülikleýin önümçilik (awtomobil gurluşygy) üçin häsiýetlidir. Predmetleýin gurluşyň artykmaçlyklaryna şular degişlidir: zawodyň içinde ko operasiýanyň azalmagy we ýönekeýleşmegi, önümçilik sikliniň uzaklygynyň gysgal magy, işgärleriň işiň hili üçin, birlikleriň ýolbaşçylarynyň bolsa degişli mukdarda we bel lenen möhletlerde kesgitlenen hildäki önümleriň taýýarlanmagy üçin jogapkärçilik leriniň ýokarlanmagy, önümçiligi meýilnamalaşdyrmagyň ýönekeýleşmegi; önümçi ligiň üznüksizlik usullarynyň, ýokary öndürijilikli enjamlaryň, önümçilik proseslerini toplumlaýyn awtomatlaşdyrmagyň we mehanizirlemegiň ulanylmagy. Bu artykmaçlyk laryň ählisi önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna getirýär. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling