45
Oýlanyşykly gurnalan, kärhananyň degişli guramaçylygyna has ýokary derejede laýyk
gelýän önümçilik gurluşy kärhananyň ähli birlikleriniň hereketinde deň ölçegliligi üpjün
edýär. Ony kämilleşdirmegiň usullarynyň biri hem önümçilik gurluşyny kärhananyň gura
maçylyk we maliýe gurluşyna laýyk getirmek bolup durýar. Daşary ýurtlaryň korporasiýa
lary üçin soňky döwürde ulgamlaýyn gurluşlary emele getirmäge bolan meýiller häsiýetli
dir, şoňa laýyklykda önümçilik gurluşy ulgamlaýyn guramaçylyk boýunça hyzmatdaşlaryň
arasynda paýlanýar. Meselem, önümçilik firmalarynda, düz gün bolşy ýaly, kömekçi sehler,
kähalatlarda hyzmat edýän sehler hem bolmaýar, şunda olar gurallary, enjamlary abatlamak,
ýükleri daşamak boýunça hyzmatlary we ş.m. beýleki guramalardan alýarlar. Daşary ýurt
laryň maşyn gurluşyk kärhanalarynyň köpüsinde, adatça, özleriniň guýma, model, demir
çilik seh leri we standart däl enjamlary taýýarlaýan sehleri bolmaýar. Şunuň ýaly önümler
ýöriteleşdirilen öndürijilerden satyn alynýar. Şeýlelikde, önümçilik gurluşynyň kömekçi
ele mentleriniň (telekeçilikişleriniň) autsorsing esasda berilmegi bolup geçýär.
Guramaçylyk gurluşyny kämilleşdirmegiň esasy islegi çyzyklaýynfunksional gurluşdan
diwizional we matrisa esasynda gurluşa geç mekden ybaratdyr. Önümçilik gurluşy babatynda
bu kärhanalaryň önümçilik birlikleriniň maliýe taýdan özbaşdaklygyny we jogapkärçiligini
çuňlaşdyrmakda, ýagny olary maliýe hasaba alnyşynyň (peýdany ýada harajatlary hasaba al
mak) merkezine öwürmekde ýüze çykýar. Şu manyda birligiň işiniň netijeliligi oňa berkidilen
wezipeleri ýerine ýetirmegiň hili bilen dälde, maliýe netijeleri bilen kesgitlenýär.
Ahyr netijede önümçilik gurluşynyň üýtgemegi kärhananyň tehnikiykdysady görkezi
jilerine täsir edýär; ýöriteleşme we kooperasiýa derejesi, önümçilik işleriniň üznüksizligi,
önümleri taýýarlamagyň sazlaşyklylygy, zähmet öndürijiligi, önümiň hiliniň gowulanma
gy, tamamlanmadyk önümçiligiň we ätiýaçlyklaryň möçberi, bu serişdeleriň peýdalanyş
derejesi.
Do'stlaringiz bilan baham: