O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet24/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Barlag üçin soraglar
1. Uzak möhletli (strategik), orta möhletli we ýyllyk meýilnamalaşdyrma haýsy kriteriler bo-
ýunça tapawutlandyrylýar?
2. Strategik meýilnamalaşdyrmada haýsy görkezijiler peýdalanylýar?
3. Strategik meýilnamalaşdyrmada nähili binýatlyk strategiýalar peýdalanylýar?
 3.2.
Kärhananyň geljek döwür
üçin we gündelik meýilnamalary
Meýilnamalaşdyrmagyň 1­5 ýyllyk sepgidi (kärhananyň möç berine baglylyk­
da) orta möhletli ýa­da geljegi göz öňünde tutulyp meýilnamalaşdyrmaga laýyk gelýär
(13-nji surat). Geljegi göz öňünde tutulyp meýilnamalaşdyrmagyň düýp manysy boýunça 
tehniki­ykdysady meýilnamalaşdyrma bolup durýar. Geljek üçin meýilnamada şu esasy 
bölekler görkezilýär:
1. Önümi ýerlemek meýilnamasy (ýerlemek maksatnamasy) orta möhletli meýilna­
malaşdyrmagyň ýyllary boýunça önümiň sanawyna we görnüşlerine laýyklykda önüm ýer­
lemek maksatnamasyndan ybaratdyr. Ýerlemek maksatnamasy haryt we ýerlemegiň çak­
lanylýan bahalaryny hasaba almak bilen gymmat manysynda emele getirilýär we önümçilik 
meýilnamasyny işläp düzmegiň esasy bolup durýar.
2. Önümçilik meýilnamasy (önümçilik maksatnamasy) natural manysynda öndürilýän 
önümiň esasy görnüşlerini çykarmagyň me ýil namasy bolup durýar, ol täze enjamyň işe gi­
rizilmegini, zähmet öndürijiliginiň, çykarylýan önümiň gurluşynyň üýtgemegini we onuň 
hiliniň ýokarlanmagyny hasaba almak bilen, önümçilik kuwwatlyklarynyň balansynyň ha­
saplamalary bilen berkidilýär.
Daşky gurşawa 
seljerme we baha 
bermegi geçirmek
Strategik
maksatlary
kesgitlemek
Strategik
maksatlary
kesgitlemek
Strategiýany 
saýlap almak
Gutarnykly strategik 
meýilnamany 
taýýarlamak
Orta möhletli 
meýilnamalaşdyrmak
Gysga möhletli 
meýilnamalaşdyrmak
Meýilnamalary 
durmuşa geçirmek
Netijelere
gözegçilik etmek
Kärhananyň
mümkinçiligine 
seljerme geçirmek we 
baha bermek

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling