O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Önümçilik gurluşyny kämilleşdirmek üçin hasaba almaly faktorlar
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 10-njy surat. Önümçilik gurluşyny kämilleşdirmek üçin hasaba almaly faktorlar
Önümçilik gurluşyny kämilleşdirmek üçin hasaba almaly faktorlar
kärhananyň pudaklaýyn degişliligi önümiň hiline bildirilýän talaplar önümçiligiň görnüşi kärhananyň ýöriteleşme derejesi we görnüşleri, onuň beýleki kärhanalar bilen kooperasiýasy önümçiligiň gerimi – önümçiligiň möçberi we önümiň zähmeti talap edijiligi esasy, kömekçi we hyzmat edýän sehlerdäki önümçilik işleriniň häsiýeti önümiň häsiýeti we ony taýýarla- magyň tehnologiýasy – çykarylýan önümiň nomenklaturasy, kon- struksiýasynyň aýratynlyklary, ulanylýan materiallar, taslanan önümleri almagyň we işläp bejer- megiň usullary enjamlaryň we tehnologik abzallaryň düzümi, enjama hyzmat etmegiň guralyşy, ony gaýtadan dessine sazlamak mümkinçiligi 10-njy surat. Önümçilik gurluşyny kämilleşdirmek üçin hasaba almaly faktorlar 44 2. Tehnologik gurluşda sehler bellibir tehnologik prosesleri (guýma, mehaniki, galwa niki, ýygnama we şuňa meňzeş sehler) ýerine ýetirmekde ýöriteleşýär. Olarda adatça taslanan önümleriň we şaýlaryň ähli görnüşleri taýýarlanýar ýada önümler ýygnalýar. Önümçiligiň geriminiň giňelmegi bilen tehnologiýa taýdan ýöriteleş me hem çuňlaşýar (iri, orta we kiçi guýma sehleri, polat we reňkli metal guýulýan sehler we ş.m.). Şunuň ýaly gurluşlaryň artykmaçlyklaryna önümçilik bölümine ýolbaşçylyk et megiň ýeňilligini, önümleriň bir görnüşinden beýleki görnüşine tiz geçmek mümkinçili gini degişli edýär. Tehnologik önümçilik gurluşyna ýetmezçilikler hem mahsusdyr: zawo dyň içindäki kooperasiýanyň çylşyrymlylygy, ýokary öndürijilikli enjamlary ulanmagyň mümkinçiliginiň çäkliligi, ýolbaşçylaryň we işgärleriň şahsy jogapkärçiliginiň peselmegi. Şunuň ýaly gurluş önümçiligiň aýratyn we ownuk tapgyrlaýyn tipleriniň önümiň dürli görnüşli we durnukly däl nomenklaturasyny çykarýan kärhanalary üçin häsiýetlidir. 3. Garyşyk (predmet-tehnologik taýdan) önümçilik gurluşy şol bir kärhanada ön dürilýän zatlar boýunça we tehnologik alamat boýunça gurnalan sehleriň ýada uçastok laryň bolýandygy bilen häsiýetlendirilýär (mysal üçin, taslanan önümler sehleri tehnologik alamatlar boýunça, ýygnama sehleri boýunça öndürilýän zatlaryň alamaty boýunça gur nalýar). Bu gurluşyň artykmaçlyklaryna garşylyklaýyn tehnologik ugurlaryň (marşrut laryň) azalýandygyny, önümçilik döwrüniň uzaklygynyň gysgalmagyny, enjamy işletmek derejesiniň we ahyr netijede zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny we önümiň özüne düşýän gymmatynyň peselmegini degişli edýär. Önümçilik gurluşy, guramaçylyk gurluşy ýaly, daşky ykdysady gurşawyň üýtgeýşine laýyklykda transformirlenýär. Önümçilik gurluşyny kämilleşdirmek täze guramaçylyk gur luşyna geçilendäkä garanyňda has çylşyrymly bolup durýar, çünki şunda birnäçe faktorlary hasaba almaly bolýar: giňişlikde ýerleşişini kämilleşdirmek işleri we enjamlary bir ölçege getirmek hemde standartlaşdyrmak umumy önümçilik gurluşy gyny has kämil gurnamak (taslanýan kärhanalar üçin) we sehleriň hemde uçastoklaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň mümkinçi likleri (hereket edýän kärhanalar üçin) kärhananyň ýöriteleşmegini, kooperirlen megini we utgaşdyrylmagyny ösdürmek kärhananyň meýilnamalaşdyrylyşyny gowulandyrmak (kärhana nyň baş meýilnamasy nyň esasy tehnologik pro seslere laýyk gelmegi). esasy, kömekçi we hyzmat edýän sehleriň arasyndaky gatnaşyklary oýlanyşykly etmek (işgärleriň sany, esasy önümçilik gaznalarynyň gym maty, tutýan meýdanynyň möçberi boýunça esasy sehleriň udel agramyny ýokarlandyrmak) Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling