O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet30/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek
Ykdysady
Gytaklaýyn
Salgyt
Döwlet subsidiýalary
Döwlet telekeçiligi
Döwlet maksatnamasy
Ulanyş tutumy
Gümrük
Karz­pul
Walýuta
Göni
Hukuk
Edara ediş
14-nji surat. Kärhanalaryň işini döwlet tarapyndan düzgünleşdiriş ulgamy
5. Sargyt № 996


66
Edara ediş çäreleriniň kömegi bilen bahalara, hasaba alyş stawkalaryna, puluň hüm­
metine we ş.m. gözegçilik amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurtlaryň köpüsinde edara ediş 
çäreleriniň hereket edýän çyg ry daşky gurşawy goramak, ilaty durmuş taýdan goramak 
bilen çäklenýär.
Soraglar we ýumuşlar
1. Ykdysadyýeti döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň nämedigini düşündiriň.
2. Bazar ykdysadyýetini düzgünleşdirmegiň esasy wezipelerini aýdyp beriň.
3. Ykdysadyýeti döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy maksatlary nämeden ybarat?
4. Ykdysadyýeti döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz?
5. Düzgünleşdirmegiň esasy görnüşleriniň, ýagny hukuk, edara ediş, ykdysady taýdan düzgün-
leşdirmegiň düýp manysy nämeden ybarat?
 4.2.
Kärhanalaryň işini göni ykdysady
taýdan düzgünleşdirmek
Tutuş ykdysadyýete we bazar subýektlerine täsir etmek nukdaýnazaryndan göni we 
gytaklaýyn döwlet tarapyndan ykdysady taýdan düzgünleşdirmek amala aşyrylyp bilner.
Göni döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek edara ediş we ykdysady taýdan düzgünleş­
dirmek bolýar.
Döwlet tarapyndan ykdysady taýdan düzgünleşdirmek, düzgün bolşy ýaly, şu esasy 
elementleri öz içine alýar:
– göni döwlet subsidiýalary;
– paýly maýa goýumlar we garyşyk maliýeleşdirmek;
– döwlet telekeçiligi;
– döwlet tarapyndan meýilnamalaşdyrmak we çaklamak.
Ykdysadyýeti döwlet tarapyndan göni düzgünleşdirmegiň mö hüm faktory monopo­
liýa garşy syýasat we bäsdeşligi goramak bolup durýar.
Göni döwlet subsidiýalaryny yzyna gaýtarylmaýan nesýe hök münde kesgitläp bo­
lar, ol ony alýanyň önümçilik çykdajylaryny dolulygyna ýa­da bölekleýin ýapýar. Sub­
sidiýalar ýurduň ykdysady gurluşynda örän möhüm bolan, kärhanalary ýeterlik derejede 
düşewüntli bolmadyk ýa­da ýitgili işleýän pudaklara berilýär. Şunuň ýaly ýagdaý bu pu­
dagyň önüminiň durmuş ähmiýetiniň bardygy sebäpli, onuň bahalaryna döwlet tarapyndan 
çäk bellenýändigi netijesinde ýa­da ykdysady konýunkturanyň ýaramazlaşyp, kärhananyň 
batyp ýa­da döwlet üçin möhüm önümi öndürmegi bes edip biljek mahalynda ýüze çykýar. 
Döwlet subsidiýalary halk hojalygynda iri gurluş özgertmeleri döwründe hem berlip bilner 
(hatda ol zerur bolup biler). Düzgün bolşy ýaly, subsidiýalaryň esasynda käbir ylmy edara­
lara, bilim ulgamynyň edaralaryna, işgärleri taýýarlaýyş ulgamyna we ş.m. goldaw bermek 
amala aşyrylýar. Emma döwlet tarapyndan göni düz günleşdirmek usuly ýetmezçiliklerden 
halas däldir, olaryň esasysy bölünip berilýän subsidiýalaryň peýdalanyşyna merkezleşdiri­
len tertipde gözegçilik etmegiň çylşyrymlylygy bolup durýar.
Döwletiň taslamalara maýa goýumlar we maliýeleşdirmek gör nü şinde gatnaşmagy, 
düzgün bolşy ýaly, jemgyýetiň we döwletiň öňe gidişlikli durnukly ösüşiniň esasy bolup 


67
durýan we ýurduň bäsleşik ar tykmaçlygyny üpjün edýän strategik taýdan möhüm pudaklar 
bilen çäklenýär.
Döwlet telekeçiligi döwlet kärhanalarynyň önümçilik, ykdysady we durmuş işini 
döretmegi hem­de dolandyrmagy öz içine alýar. Birnäçe pudaklaryň kärhanalaryna döwlet 
eýeçiligi olaryň umumy döwlet ähmiýetiniň bardygy ýa­da jemgyýetiň durmuşynyň mö­
hüm infrastrukturasyny saklaýandygy we tebigy hem­de aradan aýryp bolmaýan monopo­
liýalar bolup durýandyklary bilen kesgitlenýär.
Dünýä ykdysadyýetinde döwlet kärhanalarynyň iki guramaçy lyk­hukuk görnüşi 
görkezilýär:
– köpçülikleýin hukuk kadalaryna laýyklykda esaslandyrylan kärhanalar;
– hususy hukuk kadalaryna laýyklykda esaslandyrylan, maýasy dolulygyna döwlete 
degişli bolan ýa­da garyşyk maýa bolup durýan kärhanalar.
Döwletiň köpçülikleýin kärhanalary – ýörite kanunçylyk namalary bilen döredilýän, 
hukuk taýdan özbaşdak kärhanalardyr. Olaryň maýasy paýnamalara ýa­da paýlara bölün­
meýär we dolulygyna döwlete degişli bolýar. Döwlet köpçülikleýin kärhanalaryň bergileri 
boýunça jogap berýär, olary dolandyrýan adamlar bolsa özbaşdak hereket edip bilmeýär­
ler we döwlet dolandyryşynyň ýokarda durýan edaralaryna tabyn bolýarlar, dar täjirçilik 
häsiýeti bolan wezipeleri çözmekden däl­de, jemgyýetçilik maksatlaryny durmuşa geçir­
mekden ugur alýarlar. Şonuň netijesinde köpçülikleýin kärhanalaryň, düz gün bolşy ýaly, 
düşewüntliligi pes bolýar ýa­da ýitgili işleýärler. 
Hususy hukuk kadalaryna esaslanýan döwlet kärhanalarynyň maýasy böleklere (paý­
namalara ýa­da paýlara) bölünýär. Hususy hukuk kadalaryna esaslanýan döwlet kärha­
nalary köplenç halatda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerinden (döwlet korporasiýa­
laryndan) ybaratdyr. Döwlete şunuň ýaly korporasiýanyň ähli paýnamalary (şu ýagdaýda 
jemgyýet hakykatdan ýapyk bolýar) ýa­da paýnamalaryň gözegçilik bukjasy degişli bolýar. 
Döwlet hususy hukuk kadalaryna esaslanýan kärhanalaryň bergileri boýunça jogap ber­
meýär. Olaryň maliýe ýagdaýy ýaramazlaşan halatynda döwlet, düzgün bolşy ýaly, ýitgileri 
býujet serişdeleriniň hasabyna ýapmaýar­da, özüne degişli paýnamalary gazna bazarynda 
ýerleýär.
Döwlet kärhanalaryny dolandyrmagyň dürli ýurtlarda öz aýra tynlyklary bardyr. 
Olaryň köpüsinde döwlet kärhanalaryny dolandyrmagyň bir merkezi bolmaýar, olar degişli 
pudaklaýyn ministrlikleriň garamagynda bolýar. Birnäçe ýurtlarda döwlet kärhanalarynyň 
işleri boýunça ýörite ministrlikler bolýar. Döwlet kärhanalaryny ykdysadyýet ýa­da maliýe 
ministrligine tabyn etmek görnüşleri hem bar.
Bazar ykdysadyýetli ýurtlarda göni döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň möhüm 
elementleriniň hataryna döwlet tarapyndan maksatnamalaşdyrmak degişlidir, ol iri halk 
hojalyk wezipesini ýa­da sebitleýin wezipäni çözmek we eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki 
kärhanalarda şertnamalaýyn maliýeleşdirmegiň kömegi bilen bäsleşik esasynda degişli 
önümi önümçiligi ýerleşdirmek boýunça çäreler toplumyny emele getirmegiň we durmuşa 
geçirmegiň mehanizminden ybaratdyr. Döwletiň ykdysady maksatnamalarynyň aşakdaky 
ýaly esasy görnüşleri bardyr:


68
– konýunktura görnüşleri, olaryň maksady ykdysadyýetiň gündelik deňeçerligi mese­
lelerini çözmek bolup durýar;
– gurluş görnüşleri, olaryň maksady milli we sebitleýin ykdysadyýetiň esasy mesele­
lerini çözmekden ybaratdyr.
Döwlet maksatnamalarynyň anyk çärelerini meýilnamalaşdyrmak we durmuşa geçir­
mek döwlet tabşyrygynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Döwlet tabşyrygyny emele getir­
mek we durmuşa geçirmek şu ýörelgelere tabyn edilýär:
– önümi buýrujy bolup maliýe we beýleki serişdeleri bolan hem­de özüniň ýerine 
ýetiriji edaralaryna bellibir hukuklary berýän döwlet çykyş edýär;
– tabşyryklaryň düzümi umumy döwlet zerurlyklary, ýurduň jemgyýetçilik­syýasy 
durmuşynyň dürli pudaklarynda döwlet wezipeleri ulgamy bilen bagly, obýektiw sebäplere 
görä durmuşa geçirip bolmaýan tabşyryklaryň düzümi;
– döwlet tabşyryklarynyň möçberi döwlet býujetiniň ululygy bilen çäklendirilendir;
– tabşyryklar şertnamalaýyn esasda ýerleşdirilýär we ýerine ýetirilýär.
Döwlet tabşyryklaryny işläp taýýarlamagyň tertibi adatça şu tapgyrlary öz içine alýar: 
döwlet tabşyrygynyň düzümi emele getirilýär; bäsleşik esasynda seçip almak (tender) ge­
çirilýär; ýerine ýetiriji bilen şertnama baglaşylýar, ol maliýe, ykdysady, inžener­tehniki we 
durmuş böleklerden durýar we görkezijileriň şu toparlaryny öz içine alýar: ahyrky önümiň 
parametrlerini, taraplaryň ikisi üçin hem kabul ederlikli bahany, iberilmeli harydyň möç­
berini we möhletini, täjirçilik, inžener­tehniki we ylmy­tehniki töwekgelçiligiň derejesini, 
tarap laryň arasynda ýitgileri (peýdany) paýlamagyň tertibini.
Döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň usuly hökmünde maksatnamalaşdyrmak gönü­
den­göni meýilnamalaşdyrmak bilen utgaşýar. Döwlet meýilnamasynyň kanuny güýji alýan 
we halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin hökmanylyga öwrülýän direktiwalaýyn meýilna­
malaşdyrmakdan tapawutlylykda ösen bazar ykdysadyýeti bolan ýurtlarda umumy döwlet 
meýilnamalaşdyrmagyň indikatiw häsiýeti bolýar. Işlenip taýýarlanylýan meýilnamalar 
resmi taýdan kanun bolup durmaýar we umumymilli bähbitlerde ykdysady gurluşyň aýry­ 
­aýry böleklerini olaryň ýerine ýetirilmegine gözükdirýän we jem leýän döwlet maksatna­
malary bolup durýar.
Ýaponiýada hökümet ykdysady syýasaty kabul edilýän orta we uzak möhletli meýil­
namalara esaslanmak bilen, yzygiderli amala aşyr ýar. Ýaponiýada ykdysady meýilnamalar 
indikatiw bolup durýarlar we hususy hojalyk işi babatynda olaryň mejbury häsiýeti ýok­
dur. Şeýle­de bolsa, olar ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşýarlar, çünki onda ykdysady 
syýasatyň maksatlary bellenýär, her bir tapgyrda hojalygy ösdürmegiň möhüm wezipeleri 
kesgitlenýär.
Olaryň özara baglanyşygyndaky «gowşak» ýerler ýüze çyka rylýar, mukdar häsiýet­
namalary kesgitlenýär. Ýagny degişli öňüni alyş çärelerini öňünden işläp taýýarlamaga 
mümkinçilik peýda bolýar, me ýilnamalaryň esasy roly bolsa, olaryň milli hojalyk syýa­
satyna degişlilik duýgusyny ýokarlandyrýandygyndan ybaratdyr. Şunuň ýaly toplumlaýyn 
meýilnamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek ýurduň çäklerini toplumlaýyn ös­
dürmek hakynda kanunalaýyklykda geçirilýär we şonuň üçin hem onuň kanuny häsiýeti 
bardyr.


69

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling