O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet9/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Önümiň bellenilen maksady nukdaýnazaryndan tutuş senagat esa sy gaznalaryň, do-
lanyşyk gaznalarynyň elementlerini, sarp edil ýän zatlary (predmetleri) öndürýän pudakla-
ra bölünýär. 
Önümçiligiň monopoliýalaşma derejesi boýunça ähli pudaklar doly bäsdeşlige ukyply, 
monopolistik, monopolistik bäsleşikli we oligopolistik pudaklara bölünýärler. 
Doly bäsdeşlige ukyply pudaklara her biri bäsdeşleriniň harytlarynyň ýerini doly tutup 
bilýän harytlary öndürýän we bazara çykarýan köp sanly kärhanalardan durýan pudaklar de­
gişlidir. Şunda her bir kärhananyň teklibiniň möçberi teklibiň umumy möçberiniň ujypsyz 
bölegini (1%­den köp däl) düzýär we emele gelen baha täsir edip bilmeýär. Doly bäsdeşlige 
ukyply pudaklar üçin düzümiň durnukly däldigi häsiýetlidir, çünki her bir kärhananyň bazaryň 
konýunkturasyna garamazdan, pudaga erkin girmek we ondan çykmak mümkinçiligi bardyr.
Monopolistik pudak önümiň bir görnüşini öndürmegi we bazara çykarmagy amala 
aşyrýan bir kärhanadan durýar. Monopolistik pudaklaryň harydyň bazardaky möçberine, 
önümiň bahasyna gözeg çilik etmäge we bazara bäsdeşleriň girmegine päsgelçilik bermäge 
mümkinçiligi bolýar.
Bazarda bäsdeşleriň peýda bolmagynyň öňüni almak döwletden önümiň (hyzmat­
laryň) şu görnüşini öndürmäge aýratyn hukuklary almagyň, eýelerine şu önümi öndürmäge 
we satmaga aýratyn hukuklary berýän täze önümler we tehnologiýalar üçin patentleriň we 
awtorlyk hukuklarynyň hasabyna üpjün edilýär. Monopol bazarda täze oýunçylaryň peýda 
bolmagy üçin päsgelçilik bolup, iri maýa goýumlarynyň zerurlygy çykyş edýär (nazary 
taýdan ugurdaş ulgamlar boýunça gazy akdyrmagy üpjün edýän korporasiýanyň Gaz prom 
bilen bäsdeşligini göz öňüne getirip bolar, ýöne ägirt uly möç berlerde maýa goýumlaryň 
talap edilýändigi sebäpli ony durmuşa geçirmek iş ýüzünde mümkin däldir).
Monopolistik bäsleşikli pudak bellibir derejede, ownuk, dürli görnüşdäki önümleri 
öndürýän köp sanly kärhanalaryň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Her bir firmanyň önü­
miniň mahsus aýratynlygy bar hem bolsa, sarp ediji onuň ýerini tutýan harydy ýeňil tapyp 
we öz islegini oňa gönükdirip biler. Pudaga girýän kärhanalar biri­biri bilen bäsleşýärler 
we bazaryň köp bolmadyk bölegine (1­den 10%­e çenli) eýeçilik edýärler. Emma differen­
sirlenen önümiň çykarylmagy bellibir monopolistik häsiýeti üpjün edýär we bahalar bel­
lenilende we önümçiligiň möçberleri kesgitlenilende bäsdeşleriň pikirine üns bermezlige 
mümkinçilik berýär.
Oligopolistik pudak monopolistik bäsleşikli pudakdan özünde bazaryň ep­esli böle­
gine eýeçilik edýän çäkli kärhanalaryň bardygy bilen tapawutlanýar, bu bolsa önümiň 
çykarylýan möçberleri we bahasy kesgitlenilende, olaryň özara baglylygyny şertlendirýär 
we bazar bahalarynyň hem­de pudaklaýyn teklibiň möçberiniň ýokary derejede durnuk­
lylygyny üpjün edýär.
Pudaklary önümçiligiň aýry­aýry kärhanalarda jemlenmegi alamaty boýunça topara 
bölmek hökümete bazar ýagdaýyna baha bermäge, degişli pudak edaralaryna bolsa bazary 
düzgünleşdirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga we onda (bazarda) monopolistik 
meýilleriň ösüşine garşy durmaga mümkinçilik berýär. 
Senagat pudaklary olara girýän kärhanalaryň ykdysady özbo luş lylygy alamatlary 
boýunça hem klassifikasiýa bölünýär, hususan­da: 


25
1. Önümçilik çykdajylarynyň gurluş düzüminiň umumylygy. Pudaklar we önümçilikler 
materialy köp talap edýänlere (kärhananyň önüminiň özüne düşýän gymmatynda maddy ha­
rajatlar agdyklyk edýär – azyk senagaty, gara metallurgiýa), energiýany köp talap edýänlere 
(ýangyç we energiýa üçin harajatlar – alýumin senagaty), zähmeti köp talap edýänlere (zäh­
met haky üçin harajatlar we durmuş zerurlyklar üçin geçirimler – çaphana), gaznany (esasy 
serişdäni) köp talap edýänlere (ulanyş tutumlary – gaz we nebit çykaryjy senagat) bölünýär. 
2. Esasy önümçilik gaznalarynyň (serişdeleriniň) gurluş düzüminiň umumylygy. Kärha­
nalaryň esasy önümçilik gaznalarynyň (serişdeleriniň) gymmatynyň gurluş düzüminde esa­
sy orny jaýlar (gurluşyk materiallary, et­süýt senagaty), desgalar (ýangyç), geçiriji enjamlar 
(elektroenergetika), iş maşynlary (maşyn gurluşygy, ýeňil senagat) we ş.m.
3. Önümçilik görnüşleriniň umumylygy (aýratyn, köpçülikleýin, tapgyrlaýyn önümçilik).
Pudaklaryň arasyndaky bellibir önümçilik baglanyşyklaryny gör kezýän mukdar 
häsiýetnamalary senagatyň pudaklaýyn gurluş düzüminiň beýany bolup durýar.
Senagatyň gurluş düzümine üç derejede seredilip bilner: makro, mezo we mikro gurluşlar.
Senagatyň makrogurluşy diýip senagatyň toplumlaýyn pudaklarynyň «birleşdirilen» 
pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyga we özara baglanyşyklara düşüneris (gara metallur­
giýa, ýangyç senagaty, maşyn gurluşygy hem­de metal işläp bejeriş we ş.m.).
Mezogurluşy «birleşdirilen» pudaklaryň düzümine girýän senagat pudaklaryny emele 
getirýär. Mysal üçin, maşyn gurluşygy we metal işläp bejeriş enjam gurluşygy, gural ýa­
saýjy senagaty, elektro tehniki, awtomobil, podşipnik senagatyny we beýlekileri, azyk se­
nagatyny – et­süýt, gant, ýag senagatyny öz içine alýar.
Mikrogurluş kiçi pudaklary we senagat önümçiliginiň aýry­aýry görnüşlerini öz içine 
alýar.
Senagatyň gurluş düzümine seljerme geçirilende, önüm öndürmegiň möçber görkezi­
jileri, esasy önümçilik serişdeleriniň, maýa goýumlaryň ululygy we işleýänleriň sany peý­
dalanylýar. Pudaklaryň mukdar gatnaşygyny önümçiligiň möçber görkezijisi has laýyk 
häsiýetlendirýär, sebäbi birinji nobatda bizi haýsydyr bir pudagyň ýa­da ykdysady işiň 
görnüşiniň senagat önümçiligine gatnaşma paýy gyzyklandyrýar. Ykdysady işiň görnüşleri­
niň gatnaşygy baradaky goşmaça maglumatlar esasy önümçilik serişdeleriniň gymmatynyň 
ýa­da işleýänleriň sanynyň gatnaşygyny berýär. Bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde 
ykdysady işiň görnüşiniň býujetleriň ähli derejelerine salgytlaryň gelip gowuşmagyndaky 
paýynyň görkezijisi peýdalanylyp bilner, bu degişli derejäniň býujetiniň emele getirilme­
ginde olaryň ornuna baha bermäge mümkinçilik berýär. 
Dürli görkezijiler boýunça pudaklaýyn gurluş düzümine geçirilen seljerme ol ýa­da 
beýleki pudaklaryň kärhanalarynyň işiniň netijeliligine baha bermäge mümkinçilik berýär. 
Mysal üçin, senagat önümçiliginde azyk senagatynyň paýy maşyn gurluşygyna garanyňda 
iki esse, işleýänleriň sany boýunça bolsa 6 essä golaý az hem bolsa, olaryň býujetiň girdeji 
bölegini emele getirmekdäki ähmiýeti birmeňzeşdir.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling