Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- SEÝISLEÝIŞ
- SEÝISLIK
- SEÝR: seýr etmek
- SEÝREK I
- SEÝREK II
- SEÝREKLETMEK
SEÝISLEMEKLIK, iş ady. Seýislemek ýagdaýy.
SEÝISLEMEZLIK, iş ady. Seýislemek işini amal etmezlik. SEÝISLENMEK, işl. Seýislemek işi amal edilmek. Atlar seýislenýär. SEÝISLEŞMEK, işl. 1. Seýislemäge kömek etmek. 2. Bilelikde seýislemek. SEÝISLETMEK, işl. Seýislemek işini başga birine etdirmek,seýislemäge mümkinçilik bermek, seýislemegini gazanmak. SEÝISLEÝIŞ, iş ady. Seýislemek ýagadaýy. SEÝISLÄBERMEK [seýislä:vermek], işl. 1. Atlary seýisläp başlamak, bir ýanyndan seýisläp ugramak. Her kim düýe uruşdyrjak bolsa, düýesini, at çapyşdyrjak bolsa, atyny seýisläbersin-le, haw! (H. Derýaýew). 2. Iýjek-içjek zatlaryňy seljerip, saglygyňy berkidip başlamak, özüňi duýşuňy 265 gowulandyrmaga girişmek. Indi özüňizi seýisläberiň, ýaryş ýakyn günlerde başlanar. SEÝISLIK, at. Seýsiň käri, ýagdaýy. Atlara seýislik edýän Aman poşşy garşylyk görkezse-de bolmady (A. Gowşudow). SEÝKIN: seýkin basmak aýaklaryny gezek- gezegine ýere basyp, sazlaşykly hem salyhatly ýöremek. Seýkin basyp, sallanyp, beýewana çykar sen (Baýly şahyr). SEÝR: seýr etmek gezmek, gezelenç etmek, seýran etmek, seýil etmek. Seýr eden dokuz pelek asmany sen-sen, eý peri (Magtymguly). SEÝRAN [seýra:n], at, ser. Seýil. Seýran etsek niçe deňi-duş bile (Magtymguly).Ýedi yklyma seýran etsem (Baýly şahyr). SEÝREGRÄK [seýreğirä:k], syp. Adatdaky bolmalysyndan selçeň, arasy açygrak. Seýregräk arça agaçlary asmana gol gerşip otyrdylar (A. Gowşudow). SEÝREK I, syp. 1. Aralary biri-birinden açyk, her haýsy bir ýerde, gür däl, selçeň. Gyrasy seýrek tally ýabyň bäri ýüzündäki uly peli otamaga düýn ikindin şagalaň bilen girişdiler (A. Durdyýew). 2.Käte bir gabat gelýän, gyt; selçeň bolýan. Juda seýrek bolarmyş bulutlaryň ýalňyşy, Bulut gezse asmanda, ýöne ýere gezmeýär (K. Gurbannepesow). SEÝREK II, at. Bir zadyň on altydan bir bölegi, çärýegiň dörtden bir bölegini aňladýan ölçeg birligi. SEÝREKLEME, iş ady. Seýreklemek ýagdaýy. SEÝREKLEMEK, işl. 1. Gürlük derejesi peselmek, azalmak, selçeňlemek. Onuň saçy seýrekläp, agaryp başlapdyr. 2.Wagt taýdan arasy açylmak. Soňky wagta onuň atasy öýüne gitmesi hem seýrekledi. SEÝREKLEMEKLIK, iş ady. Seýreklemek ýagdaýy. SEÝREKLEMEZLIK, iş ady. Aralary açylyşyp başlamazlyk, selçeňlemezlik; azalmazlyk, kemelip başlamazlyk. SEÝREKLENMEK,işl., ser. Seýreklemek we Seýrekleşmek. SEÝREKLEŞMEK, işl. Ýuwaş-ýuwaşdan seýreklemek. Bu ýerler öň gara baglykdy, indi agaçlary seýrekleşipdir. Gyş düşeli bäri daşarda oýnaýan çagalaryň sesi seýrekleşdi. SEÝREKLETMEK, işl. Gürlük derejesini peseltmek, selçeňletmek. Jöwenleri seýrekletmek tabşyryldy. 2.Gelip-gitmesini kemeltmek. Soňky wagtlarda ol bize gelmesini has-da seýrekletdi. SEÝREKLEÝIŞ,iş ady. Seýreklemek ýagdaýy. SEÝREKLÄBERMEK [seýreklä:vermek], işl. Seýrekläp başlamak. SEÝREKLIK, at. Gür dällik, selçeňlik, arasy açyklyk. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling