Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
SÄHETLI, syp. Sähedi öňünden bellenen (gün hakynda)
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
SÄHETLI, syp. Sähedi öňünden bellenen (gün
hakynda). ◊ Sähetli gün tutumly işe başlamak üçin amatly hasaplanýan gün. SÄHNE, at. Akyl-huşy kemli, tentek, samsyk. Sähne adam saz gadyryn näbilsin? (Halk aýdymyndan). SÄHRA [sähra:], at. 1. Gurak howaly giden giňişlik, giden giň ýer, gyr. 2. Gyza dakylýan at. SÄHRALYK [sähra:lyk], syp. Sähra ýer. Sähralygyň göwnüňi açýan arassa howasy bardy. SÄKDIRIŞ [sä:kdiriş], iş ady. Säkdirmek ýagdaýy. SÄKDIRME [sä:kdirme], iş ady. Säkdirmek ýagdaýy. SÄKDIRMEK [sä:kdirmek], işl. 1. Atyň iki öň aýagyny atdyryp sürmek. Ballym, atyň säkdirme ( Türkmen halk döredijiligi ). 2. Maýyşgak taýagyň bir ujuny ýere bat bilen urup bökdürmek. SÄKDIRMEKLIK [sä:kdirmeklik], iş ady. Säkdirmek ýagdaýy. SÄM [sä:m], syp. Üşügi ýok, çendenaşa sada. Säm adam. SÄMEME [sä:meme], iş ady. Sämemek ýagdaýy. SÄMEMEK [sä:memek], işl., gepl.d. 1. Köwsarlap, birde güýjejek ýaly edip, birde-de çala ösmek (ýel, şemal hakynda). ...Bahar şemaly sämeýär (A. Gowşudow). 2. Aýlandyrylyp goýberilen ýaly bolmak, başyň aýlanmak, kelläň bulaşmak. SÄMEMEKLIK [şä:memeklik], iş ady. Sämemek ýagdaýy. SÄMEŞMEK [sä:meşmek], işl. Birnäçe adamyň kellesi sämemek. Kellämiziň sämeşip duran wagty işläp bilermikäk?! SÄMETMEK [sä:metmek], işl. Sämemek katdyna ýetirmek. Kelläňi sämedip durar ýaly sen näme oglan-oglanjykmy? SÄMEÝIŞ [sä:meýiş], iş ady. Sämemek ýagdaýy. SÄMLIK [sä:mlik], at. Türkanalyk, sadalyk. Ol sämlige salyp, etjegini edip ýör. SÄPJEME [sä:pjeme], iş ady. Säpjemek ýagdaýy. SÄPJEMEK [sä:pjemek], işl. Batly gitmek (at, düýe we ş.m. hakynda). Al ýorga noburyň boýundaky ýola düşdi-de, säpjäp ugrady (B. Kerbabaýew). SÄPJEMEKLIK [sä:pjemeklik], iş ady. Säpjemek ýagdaýy. SÄPJETMEK [sä:pjetmek], işl. Batly gider ýaly etmek, ulagy batly sürmek (at,düýe hakynda). Ynha, ol bärden ýabysyny säpjedip barýar (G. Kulyýew). Çolugymyz Sähet gök bugurçyny onuň garaba- garaba yzyndan säpjedip ugrady (B. Annageldiýew). SÄPJEÝIŞ [sä:pjeýiş], iş ady. Säpjemek ýagdaýy. SÄPJÄBERMEK [sä:pjä:vermek], işl. Batly gidibermek, säpjäp başlamak. SÄW [sä:w], at. Saý-sebäp, sebäp. Otur-da çaý iç, indi bir säw bilen gelipsiň (A. Durdyýew). SÄWLIK [sä:wlük], at. Ýalňyşlyk, atanlyk. Mert ýigit säwlikde ýykylan ýigidiň üstüni basmaz ( Görogly ). SI [si:], sazç. Do bilen başlanýan saz gammasynda ýedinji ses we şol sesi aňladýan nota belgisi. SIGAR [siğa:r], at. Naýça şekilinde biri-biriniň daşyna berk togarlanan we çekmek üçin ulanylýan temmäki ýapraklary. SIGARET [siğare:t], at. Müşdüksiz papiros. SIGNAL [siğna:l], at. Belli bir aralyga haýsydyr bir maglumaty, habary bermek üçin şertli belgi. SIGNALÇY [siğna:lçy], at. Signal beriji adam. Signalçy matros. SIGNALIZASIÝA [siğnalyza:syýa], at. Signal beriji enjam. Ýangyna garşy signalizasiýa oturtmak. SIKL [si:kl], at. Haýsydyr bir zadyň gutarnykly ösüş aýlawyny emele getirýän özara baglanyşykly prosesleriň, işleriň, hadysalaryň jemi. Leksiýalar sikli. Önümçilik sikli. . SIL [si:l], at. Güýçli we köp ýagan ýagyş sebäpli emele gelýän suw akymy. Geçme namart köprüsinden, goý aparsyn sil seni ( Myraly ). SILE [si:le], at. Balygyň bir görnüşi. SILEWE [si:löwö], at. Siliň akabasynda, sil suwuna ekilip alynýan bakja ekinleri. SILINDR [sili:ndir], at. 1. Matematikada: gönüburçlugyň öz taraplarynyň biriniň töwereginde aýlanmagy arkaly emele gelýän geometrik şekil. 2. Şeýle şekildäki predmet, zat (mysal üçin, masynyň silindri). SILKDIRMEK [silikdirmek], işl. 1. Silkmek işini ýa-da hereketini başga birine etdirmek. Çagalary erige mündürip, onuň şahalaryny silkdiräýmesem, erigini ýygmak maňa kyn düşjek.Gyzyňa un haltasyny silkdireweri. 2. Silkmek derejesine ýetirmek. Sürüji maşynyny silkdirip goýberdi. SILKELEME, iş ady. Silkelemek ýagdaýy. SILKELEMEK, işl. Yzly-yzyna, gaýta-gaýta silkemek. Ol semawary silkeläp, külüni aýyrdy. Ony bir-iki gezek dözümli silkeledi. SILKELEMEKLIK, iş ady. Silkelemek ýagdaýy. SILKELEMEZLIK, iş ady. Bir zady gaýta-gaýta silkemezlik. SILKELENMEK, işl. Dowamly, yzygiderli silkelenmek. Birdenkä onuň güýçli maşyny, Silkelendi degen okuň badyna (Ç. Aşyrow). SILKELEŞMEK, işl. 1. Silkelemäge kömek etmek. Olar undan boşan haltalary silkeleşdi. 2. Birnäçe bolup, bilelikde silkelemek. SILKELETMEK, işl. Silkelemek işini ýa-da hereketini başga birine etdirmek; bir zady silkelemäge mümkinçilik döretemk, ýol bermek. SILKELEÝIŞ, iş ady. Silkelemek ýagdaýy. SILKELÄBERMEK [silkelä:vermek], işl. Silkeläp ugramak; dowamly silkelemek. SILKEME, iş ady. Silkemek ýagdaýy. 267 SILKEMEK, işl., gepl.d., ser. Silkmek. Ýaş nahallary silkeseň döwersiň. SILKEMEKLIK, iş ady. Silkemek ýagdaýy. SILKEMEZLIK, iş ady. Silkemek hereketini etmezlik. SILKEŞMEK, işl. 1. Silkemäge kömek etmek. 2. Bilelikde silkemek. SILKETMEK, işl. Silkemek işini başga birine etdirmek; silkemäge ýol bermek. SILKEÝIŞ, iş ady. Silkemek ýagdaýy. SILKÄBERMEK [silkä:vermek], işl. Yzygiderli silkeläp başlamak. SILKIBERMEK [silkivermek], işl. Silkip başlamak, silkmek işini dowam etdirmek. SILKINDIRMEK [silkinnirmek], işl., göç.m. Gün-güzeranyň gowulaşmagyna kömek etmek, galkyndyrmak. SILKINIBERMEK [silkinivermek], işl. Gün- güzeran durmuş ýagdaýyňy gowulandyrybermek. SILKINIŞ, iş ady. Silkinmek ýagdaýy. SILKINIŞMEK, işl. Birnäçe bolup silkinmek. SILKINJIREMEK, işl. 1. Üst-başyňy silkişdirmek, kakyşdyrmak. 2. Gaharly silkinip, ýeriňden galan bolmak, kakynjyramak. Birdenkä-de, gyz silkinjiräp, ony güýç bilen iterdi ( Edebiýat we sungat ). 3. ser. Silkinmek. SILKINJIRÄBERMEK [silkinjirä:vermek], işl. Gaharly silkinjiräp başlamak. SILKINMEK, işl. 1. Öz bedenini silkmek, titretmek. At suwdan çykan dessine silkindi. 2. Direnmek, dag ýaly bolup durmak. Meniňem silkinip duran doganlarym bolan bolsa bolmaýarmy?!3. göç.m. Gurplanmak, özüňi tutmak. Bu ýyl eken ekinlerimiz gowy bolansoň, bizem gowuja silkindik. SILKINMEKLIK, iş ady. Silkinmek ýagdaýy. SILKIŞ, iş ady. Silkmek ýagdaýy. SILKIŞDIRMEK, işl. Birnäçe zady silkip çykmak. Ol eşikleriniň garyny silkişdirdi. SILKIŞMEK, işl. Köp bolup silkmek, bilelikde silkmek. Un haltalaryň ununy silkişmek. SILKME [silikme] I, iş ady. Silkmek ýagdaýy. SILKME [silikme] II, 1. syp.Burum-burum ösgün tüýli deriden tikilen (telpek hakynda). Silkme telpek. 2. Burum-burum ösgün tüýli deriden tikilen telpegin ady. Ýaşy otuz bäşe baran, Gara silkme bar başynda (Ç. Aşyrow). SILKMEK [silikmek], işl. 1.Güýç bilen yzly- yzyna itip, iteläp yralamak. Silkip alma gaçyrmak. 2.Birden bat bilen özüne tarap dartmak, batly çekmek. Ol ýaba gözüni alardyp, haýt diýip, rişmesini silkdi (A. Durdyýew). 3. Eýläk-beýläk çaýkamak, öňe-yza yralamak. Maşyn birden batly silkdi ( Edebiýat we sungat ). 4. Keçäni, ýaglygy we ş.m. eliňde galgadyp, tozanyny, hapasyny aýyrmak (ser. Kakmak). Egin-eşigiňi silkmek. SILKMEKLIK [silikmeklik],iş ady. Silkmek ýagdaýy. SILLENMEK [si:llenmek], işl., kön.s. Sil bolup akmak. Gözde ýaşy sillener (Magtymguly). SILTELEMEK, işl. Gaýta-gaýta, yzly-yzyna siltemek. SILTELMEK, işl.,ser. Silterlenmek. SILTEME, iş ady. Siltemek ýagdaýy. SILTEMEK, işl. 1. gepl.d., ser. Silterlemek. Atyň agzyndaky torbany siltäp aýyrdy (G. Kulyýew). 2. Iki-baka çaýkamak, gaty yramak, silkmek. Çarkandak ýol arabanyň üstündäki adamlary silteýärdi. 3. Eliň bilen bir ýerinden tutup, bat bilen eýläk-beýläk itmek. Ýumruk ýaly çagany beýdip siltäp durmaga utanaňokmy? 4. göç.m. Ezýet bermek, horlamak. Onuň eline galsaň, siltän ýeri köp bolar. SILTEMEKLIK, iş ady. Siltemek ýagdaýy. SILTENJIREMEK, işl. Gaharly, kineli hereket etmek. Gelin gapyny siltenjiräp ýapyp gitdi. SILTENJIREŞMEK, işl. Birnäçe bolup siltenjiremek. SILTENJIREÝIŞ, iş ady. Siltenjiremek ýagdaýy. SILTENJIRÄBERMEK [siltenjirä:vermek], işl. Gaharly, kineli halda siltenip hereket edip ugramak. Hergiz biriniň diýen zadyna öýkeläp siltenjiräbermegin, giňräk bolgun. SILTENMEK, işl. 1. Durky bilen siltenjiremek. Ol gazap bilen siltendi. 2. ser. Silterlenmek 2. SILTERLEME, iş ady. Silterlemek ýagdaýy. SILTERLEMEK, işl. Biriniň bir ýerinden pugta tutup, öňe-yza iteklemek, gaýta-gaýta siltemek. Batman onuň golundan tutup, iki-baka silterledi (N. Pomma). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling