Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SIÝMEK, işl., ser. Buşukmak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet470/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   466   467   468   469   470   471   472   473   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SIÝMEK, işl.ser. Buşukmak 
SIZ, 1. Ikinji şahsyň köplügini görkezýän at 
çalyşmasy. 2. Birnäçe adama ýüzlenilende, birine 
ýüzleneňde bolsa hormat goýlup ulanylýan söz.
SIZLIK, syp. 1. Siz bilen baglanyşykly, size 
dahylly. Meniň sizlik bir işim bar. 2. Gepleýän 
adamyň ýüzlenilýän adamyň tarapyny tutýandygyny 
aňladýan söz. Olaryň hemmesi sizlik boldular. 
SIZIŇÇE,

Siziň pikiriňizçe, siziň pikir edişiňize 
görä

ýaly manyny aňladýan giriş sözi. 
SKRIPKA [iskiri:pka], at. Dört kirişli, perdesiz, 
kemençe bilen süýkelip çalynýan saz guraly.
SKRIPKAÇY [iskiripkaçy], at. Skripka çalýan 
sazanda. 
SLAWÝAN [yslavýa:n], at, ser. Slawýanlar
SLAWÝANLAR [yslavýa:nlar], at. Rus, ukrain, 
belorus we beýleki halklaryň ata-babalary. 
SLOWAK [yslawa:k], at, ser. Slowaklar
SLOWAKLAR [yslawa:klar], at. Slowakiýanyň 
esasy ilatyny düzýän slawýan halky. 
SLOWEN [slowe:n], at, ser. Slowenler
SLOWENLER [slowe:nler], at. Sloweniýanyň 
esasy ilatyny düzýän slawýan halky. 
SOGAN [soğon], at. Ýaşy gök hem uzyn, düýbi 
togalak, iýilýän ajy gök ekin. Oňa biraz duz atylsa, 
Sogan, gara burç gatylsa, Iýip-iýip doýmarsyň (R. 
Seýidow).
Sogan soýan ýaly soýmak her hili ýol bilen 
biriniň köp zadyny almak. 
SOGANÇY [soğonçy], at. 1. Ýörite sogan ekýän 
ýa-da satýan adam. Siziň ýaly giýewisi bolsa, 
Abdykerim sogançynyň başy asmana ýeter (B. 
Seýtäkow). 2. Sogan iýmegi gowy görýän adam. 
SOGAP [soğa:p], at. 1. Dogrulyk, dürslük. 2. Biri 
barada dogry iş hem-de hereket etmek, ýagşylyk.
Ýetime, ýesire garaşyk etmek sogapdyr. 3. gepl.d
Eden ýagşylygyň üçin hudaý tarapyndan özüňe 
edilýän hormat-sylag. Ýagşylyk edip, sogap 
gazanmak
◊ Sogap iş etmek. Sogap gazanmak
ýagşylyk, 
oňlanylýan iş edip, sogap gazanmak.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   466   467   468   469   470   471   472   473   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling