Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet469/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   465   466   467   468   469   470   471   472   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SIRKELEMEKLIK
iş 
ady. 
Sirkelemek 
ýagdaýy. 
SIRKELEMEZLIK, iş ady. Saçy sirke 
basmazlyk, saçda sirke döremezlik. 
SIRKELETMEKişl. Saçyňy sirkä basdyrmak.
SIRKELEÝIŞiş ady. Sirkelemek ýagdaýy. 

SISTEMA [siste:ma]
at
1. Haýsydyr bir zadyň, 
hereketleriň ýerleşişindäki hem-de baglanyşygyndaky 
belli bir kesgitli tertip. 2. Nämedir bir zadyň 
guralyşynyň formasy, görnüşi. Saýlaw sistemasy. 3
Kanunalaýyk ýerleşen we özara baglanyşykly 
bölekleriň bitewüligi görnüşinde ýüze çykýan tutuş 
zat. Diliň fonetik sistemasy. Diliň grammatik 
sistemasy. (D.I. Mendeleýewiň) elementleriň 
periodik sistemasy. 
Gün sistemasy Gün we onuň daşyndan 
aýlanýan uly planetalar, olaryň hemralary, kometalar 
hem-de meteorlar. 
 
SIŞENBE [si:şemme], at. Hepdäniň ikinji 
gününiň ady.
SIWILIZASIÝA 
[siviliza:siýa], 
at
1
Jemgyýetçilik ösüşiniň we maddy-ruhy medeniýetiň 
ol ýa beýleki sosial-syýasy formasiýa häsiýetli 
basgançagy. Türkmenistan gadymy siwilizasiýalaryň 
mekanydyr. 2. Häzirki zaman dünýä medeniýeti 
(medeniýet sözüniň 

adamzadyň önümçilik, sosial we
intellektual babatlarda gazanan üstünlikleriniň jemi

manysynda). 
SIÝDIK, at. Böwrekler arkaly bölünip, 
siýdikligiň üsti bilen çykýan suwuklyk, peşew. Siýdik 
haltasy. 
Siýdik siňdiren gara keçe özüne aýdylýan 
igençlere, käýinçlere ýagşydan-ýamandan gaýtargy 
bermän, giňlik edip bilýän, olary özüne siňdirip 
bilýän (adam). 
SIÝDIKLIK, at. Siýdik ýygnanýan haltajyk, 
peşew haltasy. Düýe çaly bagyr agyrma keselini we 
siýdiklik hem-de jyns agzalarynyň kesellerini 
bejermek üçin hem oňat dermandyr 
(M. 
Abdyllaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   465   466   467   468   469   470   471   472   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling