Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
42 Türkmen halk döredijiligi köz onuň etegini deşipdir, ondan kül az-azdan dökülip, yz edip gidipdir. Emma Akpamyk mundan bihabar, gelip nahar bişirip, taýyn edip goýupdyr. Doganlary awdan gelip, ertesi ýene awa gidýärler welin, döw Akpamygy yzarlap gelýär. Akpamyk döwüň gelýänini görüp, gapyny içinden bekläp oturýar. Döw: − Barmagyň birini gapynyň arasyndan uzat – diýipdir. Akpamyk barmagyny uzadýar. Döw barmakdan pugta tutup, bir temen bilen deşip, ganyny sorýar. Yzyndan hem: − Doganlaryňa aýtsaň, iýerin – diýip, yzyna gaýdýar. Akpamyk gorkusyna doganlaryna hiç zat aýdyp bilmändir. Döw her gün gelip, gyzyň barmagyndan ganyny sorup gidipdir. Şol sebäpli hem Akpamyk gün-günden horlanypdyr. Doganlary «näme bolýar?» diýseler hem «maňa hiç zat bolanok» diýip jogap beripdir. Doganlary: − Geliň, şuny saklalyň − diýşip, awa ugran kişi bolup, bir ýerde bu- kulyp ýatypdyrlar. Akpamyk işlerini jaýba-jaý edip, döwüň geler wagty bolanda, gapyny içinden bekläp oturypdyr. Hemişe gan içmäge öwrenen döw gelip, gapyny kakýar welin, ýedi dogan ýedi ýerden topulyp, döwüň janyny asmanda kakýarlar. Onuň kellesi «çöpden-çörden kän bolaryn» diýip, togalanyp gid- ýär. Akpamygyň doganlary onuň yzyndan ýetip bilmän galanlar. Birnäçe wagt geçensoň, ol kelle birnäçe döw bolup gelip, ýedi doganyň ýedisini hem öldürip, etlerini iýip, süňklerini taşlapdyrlar. Akpamyk bolsa keýik derisiniň aşagyna girip bukulypdyr. Döwler ony görmändirler. Akpamyk şeýdip aman galypdyr. Döwler öz mekanlaryna gidipdirler. Akpamyk döwler gidensoň, bukulan ýerinden çykyp, doganlarynyň süňklerini bir ýere ýygnap, üstüni keýik hamlary bilen basyryp, bir aty münüp, galama-gala aýlanyp, bilimli adamlardan doganlaryny direltmegiň ýoluny sorap ýörkä, ahyry bir garry kempiriň üstünden barypdyr. Garry: − Gyzym, seniň doganlaryňy döw öldüren bolsa, ony direltmegiň alajy bolar, emma gaty kyndyr – diýipdir. Akpamyk: − Garry ene, kynam bolsa, aýt – diýip, oňa ýalbarypdyr. 43 Garry: − Akmaýanyň süýdünden getirip, üstlerine sepseň, jana gelerler, emma Akmaýa adam görse, iýer. Emma köşegi adamy gaty gowy görýändir – diýip aýdypdyr. Akpamyk eline ýanlyk alyp, Akmaýany gözläp, ýola düşüpdir. Ahyry bir gün Akmaýanyň köşeginiň üstünden barypdyr. Köşek Akpamygy görüp, oýnap, bökjekläp, ýanyna gelipdir. Gyz köşegiň ýüzünden, gözünden sypap, ogşap, köp mähribanlyk edip, ahyry arzy-halyny beýan edipdir. Köşek: − Bolýar, emma enem bilse, ikimizem iýer, gel, sen meniň goltugymyň aşagyna girip, tüýüme gabsanyp bar. Men emip, ýanlyga guýaýyn – diýip- dir. Sebäbi köşegiň garnynyň aşagynyň we gapdalynyň tüýi ýerden süýrenip ýörmüş. Akpamyk: «Bolýar» diýip, köşegiň tüýüne bukulyp, görünmän, Akmaýanyň ýanyna barypdyr. Akmaýa: − Adam, adam ysy bar ýaly-la – diýip, tarp urup başlapdyr. − Eje jan, adam näme işlesin? – diýip, köşegi ýalbarandan soň, Akmaýa köşeşip, emdirmäge durupdyr. Akpamygyň gaby dolansoň, köşek usullyk bilen aýrylyp, otlan bolup, arany açyp ugrapdyr. Emma Akmaýa-da müňkür bolup, olaryň yzyndan seredip durupdyr. Akpamyk ozal atyny bir ýerde gizlän eken, köşek otlan bolup, atyň ýanyna golaýlanda, Akpamyk atyna tarap gaçypdyr. Akmaýa-da muny görüp topulypdyr. Gyz zordan ata münüp ýetişipdir. Akmaýa kowup, ony tutup bilmän galypdyr. Akmaýa dolanyp gelýärkä, köşegine: «Gara daşlar bolgaý sen, balam» diýip gargyş edipdir. Köşegi şol taýda gara daş bolup doňup galypdyr. Akpamyk Akmaýanyň süýdüni getirip, doganlarynyň süňklerini ýer- be-ýer goýupdyr welin, biriniň ýagyrnysynyň süňküni tapmandyr, ony döw çeýnäpmi, nädipmi, garaz, ýok. Bar süňküniň hemmesini ýerbe-ýer goýup, süýdi üstüne sepip, bir gara keçä dolapdyr. Birnäçe wagt geçenden soň, doganlary asgyrşyp: − Aý, kän ýatypdyrys – diýşip, ýerlerinden galypdyrlar. Akpamyk doganlaryna eden işlerini aýdyp beripdir. Olar doganynyň beýle jepa çekenine köp gynanypdyrlar. Emma özgesi abat bolup, ýeke iň kiçileriniň ýagyrnysynyň süňküniň birjigi kem bolupdyr. Ýedi dogan täzeden öňki ýaly aw awlap geziberipdirler. Soň Akpamyk ýedi doganyny öýerip, her haýsyna gelin alyp beripdir. Emma ýedisi hem aýallaryndan Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling