Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
JADYLY ERTEKILER
Akpamyk Bir bar eken bir ýok eken, wagtda bir adamyň ýedi ogly bolar eke- ni. Olaryň bar käri aw awlamak eken. Oglanlaryň gyz dogany ýok eken. Günlerde bir gün olaryň eneleri göwreli bolupdyr. Enesiniň aýy-güni dolan wagty, oglanlar awa gitmekçi bolup, atasyna: − Biziň gyz doganymyz bolaýsa, howlymyzyň agzyndan gur- jak asyp goýuň, oglan doganymyz bolsa, ok-ýaý asyp goýuň – diýip gidipdirler. Bularyň yzynda gyz dogany bolupdyr. Atasy derwezeden gurjak asyp goýupdyr. Emma bularyň bir görip goňşusy ýamanlyk edip, ony aýryp, ýerine ok-ýaý asyp goýupdyr. Oglanlar awdan gelýärkäler, ok-ýaýa gözleri düşüp: «Hudaý bize gyz dogan bermändir» diýip öýkeläp, öýlerine-de, obalaryna-da gelmän, başga bir ýerde mesgen tutup, aw awlamak bilen gün görüp başlapdyrlar. Indi oglanlar bu taýda galsynlar, habary täze bolan gyzdan alalyň. Ata-enesi täze bolan gyzyň adyna Akpamyk dakyp, oglanlaryň ýo- luna göz dikip oturypdyr. Gün geçýär, aý geçýär, gelmeýärler, ýyl geçýär, gelmeýärler. Bular oglanlaryndan tamalaryny üzüpdirler. Ata-enesi garry bolansoňlar, ogullarynyň gözlegine çykyp bilmänsoňlar, gyzyna hem aýt- mandyrlar. Aý aýlanyp, ýyl dolanyp, gyz dokuz-on ýaşyna barypdyr. Bir gün goňşulary üme edýär. Olar gelip, Akpamygyň enesinden: «Gyzyňy ümä ber» diýip sorapdyrlar. Enesi: − Hon-ha, özi razy bolsa, gidibersin, özüne aýdyň – diýip jogap berip- dir. Akpamyk hem göwünli bolup, ümä barypdyr. Ümä baran gelinleriň biri Akpamygy synap görmek hem oňa gizlin bolan bir syryň üstüni açmak üçin şeýle diýipdir: − Kimiň erkek dogany bolsa törde otursyn, kimiň erkek dogany bol- masa, aşakda, köwüş bazarynda otursyn. Bu sözden soň Akpamyk hem baryp, gapyda erkek dogany bolmadyk gyzlaryň arasynda oturypdyr. Bir garry kempir Akpamyga: − Wiý, Akpamyk, sen ýokarrak geç – diýipdir. 39 Akpamyk: − Wiý, ene jan, meniňem erkek doganym ýok ahyry – diýipdir. Onda ol: − Aý, ýüzügara, iliň bir-iki dogany bolsa, seniň ýedi sany aždarha ýaly doganlaryň bardyr, ýokaryk geç, ýokaryk – diýipdir. Akpamyk geň galyp: − Men ony şu wagta çenli atam-enemden eşitmedim-le – diýipdir. Onda garry ene: − Keýigim, olar garry bolansoň, özleri gidip gözläp bilmeýärler. Göz- legine sen çykarsyň öýdüp gorkusyna, saňa-da aýdýan däldirler. Doganlaryň pylan dagyň gowagyndadyrlar. Men saňa ony eneňe aýtdyrmagy öwredeýin. Öýüňize baryp: «Ene, maňa gowurga edip ber» diý. Edip berer welin, her zat bilen berse-de alma, «eliň bilen ber» diýip aýt. Eli bilen alyp berer welin, eliniň daşyndan tutup, gysyp sorasaň aýdar. Ýogsam aýtmaz – diýipdir. Akpamyk ümeden gaýdyp, öýlerine gelip: − Eje, meniň kelläm agyrýar – diýipdir. Ejesi: − Balam, näme iýip-içjek zadyň bar? – diýip sorapdyr. Akpamyk: − Eje, sen bir azajyk gowurga edip beräý! Kellämi birneme sarsdyraý- sam gowy bolmazmyka? – diýipdir. Ejesi gowurga etmäge başlaýar. Akpamyk ejesine: − Eje, maňa oduň üstündekä ber – diýipdir. Ejesi çemçe bilen uzadypdyr welin: − Ýok, eliň bilen ber – diýipdir. Ejesi pahyr eli bilen berýär. Akpamyk ejesiniň eliniň daşyndan pugta tutýar. Ejesi: − Waý, elim ýandy – diýip gygyrypdyr. Akpamyk: − Eje, meniň doganlarym barmy, ýokmy? – diýip sorapdyr. Ejesi gyzgyna çydaman: − Bardyr, emma sen bolanyňda gidişleridir – diýipdir. − Heý, barmyş sesi barmy? − Pylan dagyň gowagyndamyş. Akpamyk ejesiniň elini goýberip: − Men olary görmäge gitjek – diýipdir. Halky kyssalar. Jadyly ertekiler 40 Türkmen halk döredijiligi Ejesi: − Sen tapmarsyň, men bir köke bişirip bereýin, şony tigirle-de git, nirä baryp dursa, doganlaryň şol taýda bolar – diýipdir. Akpamygyň ejesi bir köke bişirip beripdir. Akpamyk kökejigini öňüne salyp, tigirläp ugranda, Akpamygyň bir pişijegi bar eken, olam Akpamygyň yzyna düşüp, üç tirkeşik bolup ýola düşüpdirler. Ýolda barýarka pişigi kökejiginiň bir gyrasyny gädipdir. Akpamyk ýene tigirläpdir, bolmandyr. Ahyry aglamaga başlapdyr. Birden palçyk edip, gädigi beklemek ýady- na düşüpdir. Derrew palçyk edip, kökäniň gädik ýerini bekläpdir. Ondan soň tigirläp barýarka, bir dagyň gowagyna barypdyr. Görse, gowagyň içi ganly geýimden doly. Birnäçe ýerde et asylyp goýlupdyr. Akpamyk bu geýimleri ýuwup, etden nahar bişirip, taýyn edip goýupdyr. Bir seretse, bir topar adam ýetip gelýär. Akpamyk bir ýere bukulypdyr. Doganlary gelip görseler, hemişeki ýaly däl. Naharlary bişirilgi, geýimleri ýuwulgy, jaýlary arassa, hiç düşünip bilmän, töwereklerine göz aýlapdyrlar, emme janly-jemendä gözleri düşmändir. Oglanlar bu gije geýimlerini çalşyryp, arkaýyn ýatypdyrlar. Ertesi hem awa gidipdirler. Akpamyk ýene ganly geýimleri ýuwup, nahar taýýarlap, ýene buky ýerde gizlenipdir. Dogan- lary gelip görseler, ähli zat düýnküden hem ýerbe-ýer edilip goýlupdyr. Oglanlar dil birikdirip, her gün birimiz gowagy saklalyň diýşip maslahat edipdirler. Birinji gezek iň ulusy galyp saklapdyr, emma ýadaw awçy tiz uklapdyr. Akpamyk onuň uka gidenini bilip, bukulan ýerinden çykyp, ýene geýimleri ýuwupdyr, nahar bişiripdir, gowagy arassalapdyr, soň hem öňki ýerinde bukulypdyr. Doganlary gelip görseler, nahar taýyn, egin-eşikleri ýuwulgy. Olar: «Kim edýän eken?» diýip sorasalar, ol dogany: «Men uklap galypdyryn» diýipdir. Ertir ýene ondan kiçisi sakçy galypdyr. Bu hem uka gidipdir. Doganlaryň altysy ýeke-ýekeden garawullapdyr, emma altysy hem bilip bilmändir. Ahyry iň kiçisi galypdyr. Ol barmagyny dilip, duz sepipdir. Gözüne asyl uky gelmändir. Ýöne uklan kişi bolup ýatypdyr. Birden bir gyz çykyp, geýimleri ýuwup, nahar atarmaga duranda, ýaňky saklamaga galan dogany ýatan ýerinden çykypdyr-da: − Ynsan bolsaňam, jyn bolsaňam, dur-da, kimdigiňi tanat – diýipdir. Akpamyk: − Men yns-da däl, jyns-da däl, öz doganyňyz – diýipdir. Bular tanşyp, beýleki doganlary gelýänçä, nahar taýyn edipdirler. Soňra kiçi dogany uly agalarynyň öňünden buşlap çykypdyr. Doganlar gyz doganlarynyň yzlaryndan gelenine köp şat bolupdyrlar. Bular Ak- 41 pamygy keýigiň ýiligi bilen bakypdyrlar. Aradan birnäçe gün geçýär. Akpamyk bir gün öý süpürip ýörkä, bir kişmiş tapyp, «piş-pişim» diýip, pişigini çagyrýar. Pişigi gelmänden soň, ony özi iýýär. Bir salymdan soň pişigi gelip: − Näme diýip çagyrdyň? – diýip sorapdyr. Akpamyk: − Bir kişmişjik tapdym, şonuň üçin çagyrdym. − Hany, ony nätdiň? − Gelmäňsoň, iýäýdim. Pişigi: − Onda oduňy öçürerin – diýip, ody öçürjek bolupdyr. Akpamyk: − Öçürme, men çakmak bilen ot alyp bilmerin, indi tapsam beräýerin – diýip, ýalbaryp zordan goýdurypdyr. Soň ýene bir gün öý süpürip ýörkä, bir igde tapyp, «piş-piş» diýip pişigini çagyrypdyr. Pişik gelmänsoň, ýene-de özi iýipdir. Bir salymdan soň pişik gelip: − Meni näme diýip çagyrdyň? – diýip sorapdyr. Akpamyk: − Bir igde tapdym – diýipdir. − Hany igde? − Iýdim. Pişik: − Onda oduňy söndürjek – diýip, ody söndüripdir. Akpamyk çakmak bilen ot aljak bolýar welin, bolmaýar, naharam gijä galyp barýar. Ahyry nalaç bolup, gowakdan çykyp, daş-töweregine garaýar, görse, uzagrak bir ýerden tüsse çykýar. Akpamyk «Şol tüsseden ot getireýin» diýip şol tarapa ugraýar. Baryp, gapydan salam berip giripdir welin, görse, içerde bir çal döw otyr. Döw Akpamygy görüp: − Şunça salam bermedik bolsaň, iki üzüp, bir ýalmardym, gel, gyzym, meniň başymy gözläp ber – diýipdir. Akpamyk biraz salym döwüň kellesini gözläp: − Men ot almaga geldim, gaýtjak – diýip aýdypdyr. Döw: − Onda sen etegiňi tut! – diýip, Akpamygyň etegine ilki bir köz atyp, yzyndan kül guýup, soň ot atyp: «Bar, gyzym» diýip ugradypdyr. Akpamyk ody alyp ugrapdyr. Ýaňky guýlan külüň aşagyna atylan Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling