Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Haýwanlar hakyndaky ertekiler
32 Türkmen halk döredijiligi Toty bilen tilki Bir bar eken, bir ýok eken, bir totuguş bar eken. Ol bir agajyň başynda höwürtge edinip, şonda ýumurtgalapdyr. Muny bir tilki görüp, onuň ýanyna baryp: − Häý, toty dost, ýumurtgalaryňdan birini bäri okla, ýogsam, özüňi iýerin − diýipdir. Toty näbilsin, tilkiniň agaja çykyp bilmeýänini. «Özümi iýeninden ýumurtgamy iýsin» diýip, gorkusyna bir ýumurtga oklapdyr. Muny tilki alyp iýipdir. Ertesi ýaňky tilki gelip, totyny gorkuzyp, ýene-de bir ýumurt- gasyny iýipdir. Şeýlelik bilen, tilki totynyň guzlaýan ýumurtgasyny günde gelip iýer eken. Bir gün toty aglap otyrka, munuň ýanyna garga gelip: − Ýeri, toty dost, nämä aglaýarsyň?− diýip sorapdyr. Onda toty: − Dogan, men aglaman kim aglasyn!? Men çaga çykarjak, nesil öndür- jek bolup, her gün bir ýumurtga guzlaýaryn, ony-da her gün bir tilki gelip, iýip gidýär. Bermejek bolsam, «Özüňi iýerin» diýýär. Men hem: «Özümi iýeninden ýumurtgamy iýsin» diýip, nalaç bermeli bolýaryn. Şonuň üçin men hiç çaga çykaryp bilemok − diýipdir. Onda garga: − Sen näme üçin tilkä ýumurtgaňy oklaýarsyň? Tilki agaja çykyp bilenok ahyry, indi gelse, hiç zat berme, adyňy tutsa, «Merez, zäher» diýip jogap ber. «Muny kim saňa öwretdi?» diýse, «Garga dostum öwretdi» diýäý − diýip aýdypdyr. Ondan soň toty: «Bolýar» diýip galypdyr. Ertesi ýumurtga iýmäge öwrenen tilki ýene-de gelip: − Toty dost, aman-sag ýatyrmyň? − diýip sorapdyr. Toty sesini çykarmandyr. Tilki: − Toty, toty, ýumurtga okla! − diýip gygyrypdyr. Toty: − Merez, zäher, ýumurtga ýerine belany iý! − diýipdir. Tilki: − Muny saňa kim öwretdi? − diýip sorapdyr. Toty: − Muny maňa garga dostum öwretdi − diýipdir. 33 Mundan soň tilki: «Hop, bolýar, gargajyk, seni özüm görerin» diýipdir- -de gidiberipdir. Şol gidip barşyna görse, garga hol gökde uçup, agyp- -dönüp, keýp edip ýaşap ýörenmiş. Tilki bukula-bukula baryp, garganyň göräýjek ýerinde ölen bolupdyr-da ýatyberipdir. Garganyň şol agyp-dönüp ýörşüne tilkä gözi düşüpdir. Görse, ine, bir tilkijik ölüp ýatyr. Ol tilkiniň ýanyna baryp, tilkiniň kellesine münüp, onuň dilinden çokjalap başlaýar welin, tilki birden garganyň kellesini agzyna salypdyr. Ana, şonda garga tilkä: − Meniň saňa bir sözüm bar, şony aýdaýyn, ondan soň sen meni iýseň- de razy − diýipdir. Onda tilki: − Hany, aýt, eşideýin − diýipdir. Garga: − Sen meniň imanymy öwür-de, soňra iýäý − diýipdir. Tilki: − Seniň imanyň näme? − diýip sorapdyr. Garga: − «Zak-zak garga baý» diýip üç ýola aýt, ana, şol meniň imanym bolar − diýipdir. Tilki garganyň sözlerini aýtjak bolup, sanamaga başlapdyr welin, tilkiniň agzy açylypdyr, garga-da onuň agzyndan sypyp, uçup gidipdir. Tilki bolsa ymsynyp galyberipdir. Keýikler Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir topar keýik bar eken. Bu keýikler günleriň birinde ýygnanyp: − Biz nähili edip, özümizi ýyrtyjy haýwanlardan goramaly? − diýip maslahat edýärler. Bu maslahatda bularyň içinden akyllyja bir keýik çykyp: − Biz öň köp wagt ýyrtyjy haýwanlar tarapyndan horlanyp geldik, se- bäbi biz şu güne çenli bir-iki bolup, onda-munda entäp gezdik, onuň üçin-de öňýeten duşman bizi horlap gelýärdi. Indi biz agzymyzy birikdirip, elliden, altmyşdan az bolman, bir ýerräkde topbak bolup gezeliň. Ýatanymyzda ýa-da otlanymyzda daşymyzda üç-dört sanymyzy garawul goýalyň. Ana, şonda biz arkaýyn gezip bileris − diýipdir. Keýikler ýerli-ýerden: «Bolýar-da, bolýar» bolşup gygyryşypdyrlar. * 3. Sargyt № 3166 Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling