Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
26 Türkmen halk döredijiligi − Aýdyber, ata, seň wesýetiňi tutaryn − diýipdir. Goja ogluna garap: − Sen, oglum, bir-ä, aýagyň ýetjek ýerine başyň bilen bargyn, birem, iýen duzuňa kast etmegin, onsoňam, hödür edilen, bişip duran tagamy taşlap gitmegin − diýipdir. Atasy ölensoň, oglan ýetim galyberýär. Indi oňa gün gerek, güzeran gerek. Ana, onsoň ol baryp, bir baýa talaban durýar. Ol baýam gidip, uzak ýerlerde-de söwda eder eken. Bir günden bir gün, kerwen gurap, baý söwda ugraýar. Baý bilen şol ýigidem gidýär. Ýolda bularyň azyk-owkatlary gutarýar. Özlerem ymgyr çölüň içinde, näme ederlerini bilmeýärler. Olar bir ýerde köne guýynyň başynda düşleýärler. Ilki guýa bir oglany sallaýarlar welin, ýüp boş gelýär. Iberilen oglandan derek bol- maýar. Onsoň ýaňky oglany, öz aýdyşy ýaly, kellesini aşak, aýagyny ýokary edip sallaýarlar welin, oglan guýynyň düýbüne ýetip barýarka seretse, ynha, bir ullakan döw oturan, öňki iberilen oglany bolsa öldürip, honda taşlapdyr. Bu oglan gorkusyna: − Salawmaleýkim − diýip gygyrýar. Döw: − Waleýkim essalam, şunça salam bermedik bolsaň, iki üzüp, bir ýalmardym − diýýär. Soňra: − Geç, gerek zadyň bolsa aýdyber. Sen akylly ýigit ekeniň, ine, bi ýatan meni äsgermän, ýanyma aýagy bilen geldi. Şoň üçinem öldürdim. Sen bolsa sylap, başyň bilen gelip, adam ýaly salam berdiň. Indem geregiňi aýt − diýýär. Onda oglan: − Maňa bary-ýogy iki meşik suw gerek. Başga zat gerek däl − diýýär. Döw ýigide suw berip goýberipdir. Adamlar halas bolup, ýene öz ýollaryna gidiberenler. Barjak ýerlerine ýetip, söwdalaryny bitirip, dolanyp geliberenler. Bir günden, bir gün baý ýene bir ýere gitmekçi bolupdyr. Onuň ýeňilkelle aýaly welin, bu ýigide göz gyzdyryp ýörensoň, ärine: − Sen gitseň gidiber, ýöne bu oglany goýup git! Maňa ýumuşçy gerek, ýogsam kösenýän − diýip bahana edipdir hem-de ýigidi alyp galypdyr. Agşam ol aýal gülüm-ýalym edip oglan bilen bir jaýda düşek salyp, bile ýatmakçy bolupdyr welin, oglanyň ýadyna atasynyň eden wesýeti düşüpdir: 27 − Ýok, men seniň bilen bir jaýda ýatyp bilmen, men şunça wagtlap baýyň duzuny iýdim − diýipdir. Bu sözleri-de baýyň öňki aýalyndan ga- lan gyzy eşidip duran bolsa nädersiň. Baýyň aýaly gahar-gazaba münüp: − Diýenimi etmeseň, baý gelen badyna şyltak atyp, seni öldürderin – diýip haýbat atypdyr. Ýigidem: − Aý, öldürtseň, öldür-däý. Iýen duzuma kast edenimden, halal ölenim gowudyr − diýip jogap beripdir. Şeýdip, bu aýalyň diýeni bolmandyr. Günleriň bir güni baý öýüne dolanyp gelensoň, agşam aýalyndan: − Ýeri, heleý, ýetimek oňat hyzmat etdimi? − diýip sorapdyr. Aýaly hem: − Aý, ýetimegiň gurap galsyn-la! Asyl onuň göwni Kap dagynda eken. Sen gitdiň welin, ol maňa lak atdy. Ertiriň özünde onuň ýoguna ýan. Şuň maslahatyny men seň geleriňe goýupdym − diýipdir. Äri hem gaharlanyp: − Ertir ony sabynçymyzyň ýanyna ibereýin − diýipdir. Onsoň baý sabynçyny hem ýanyna çagyryp, oňa şuny aýdypdyr: − Ertir irden bizden biri barar welin, sen kimligine garama-da, ýüzüne-gözüne seretmän, gaýnan gazana at-da, sabyn et! Olam: − Bolýar – diýipdir. Ertesi irden baý ýaňky oglany ýanyna çagyryp: − Bar, pylan sabynçydan bir bölek sabyn alyp gel, gelnejeň sabyny gutarypdyr − diýipdir. Ýigidem: − Bolýar − diýip gidiberipdir. Onuň bir dosty bar eken, ol gidip barýarka şoňa sataşýar-da, ony ugruna goýman nahara çagyryp alyp giden. Şol pursat oglanyň ýadyna atasynyň aýdanlary düşüpdir-de, dosty bilen tirkeşip öýlerine barýar-da, onuň bilen içýär mäşewäni. Şeýdibem, az-kem eglenmeli bolýar. Şol wagt hälki baý aýal birden akylyna aýlanýar-da, şol oglana nähak töhmet atanyna, eden işine puşman edýär. Howpurgap: «Gel, muny bu ge- zek öldürtmäýin, belkem, soň diýenimi eder» diýip, oglanyň yzyndan yl- gap gaýdypdyr. Şol gaýdyşyna ýüwrüp gelip, sabynçynyň ýanyna barýar welin, sabynçy hem sen-men ýok, ony tutýar-da, atýar gaýnap duran gazana. Şeýdýär-de, baýyň haýasyz aýaly sabyna garylýar gidiberýär. Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler 28 Türkmen halk döredijiligi Biraz wagt geçensoň, oglanam baryp, bir bölek sabyn diläp alýar- da gaýdyberýär. Gelibem baýa: − Hany, gelnejem, ynha, oňa sabyn-a getirdim − diýýär. Baýam haýran bolup: − Ýaňyja seň yzyňdan gitdi, duşmadymy? − diýýär. Ýigit: − Ýok, maňa-ha duşanok − diýýär. Şol wagt baýyň gyzy ara düşüp: − Meniň öweý enem öz gazan çukuryna özi gaçdy. Onuň hyýaly günäsiz oglany öldürtmekdi welin, öz pälinden özi tapdy − diýip, ýigit bilen eneliginiň arasynda bolan araky eşiden gürrüňini kakasyna aýdyp berýär. Kakasy hem ähli mal-döwletini bu akylly oglana tabşyrýar, gyzy- nam oňa nikalap berýär. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling