Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
20 Türkmen halk döredijiligi Iň kiçileri: − Şu yz aýal adamyň yzy bolsa, özem gaçyp barýan bolsa, onda ol göwreli eken-ow − diýenmişin. Olar esli ýol geçensoňlar öňlerinden bir atly çykyp, saglyk-amanlyk soraşyp: − Halypalar, heý, bir düýe gördüňizmi? − diýip sorapdyr. Onda olaryň ulusy: − Ýok, düýe göremzok, ýöne düýäň erkekmidi? − diýenmişin. Atly: − Hawa − diýipdir. Ortanjysy: − Halypa, düýäň guýrugy külemidi? − diýenmişin. Atly: − Hawa − diýipdir. Kiçi dogany: − Halypa, düýäň bir gözi körmüdi? − diýenmişin. Atly: − Hawa, asyl siz meniň düýämiň hemme salgysyny berýärsiňiz welin, ýene-de: «Göremzok» diýýärsiňiz. Meniň düýämi hökman siz bil- meli, düýämi sizden alaryn − diýip, bu atly dawagär bolup, Aýaz hanyň ogullarynyň yzyna düşüp gidiberenmişin. Bular gidip barýarkalar, öňlerinden iki sany adam çykyp, saglyk- amanlyk soraşyp: − Heý, ýolda bir adam-a gören dälsiňiz-dä? − diýip sorapdyrlar. Onda Aýaz hanyň ogullary: − Ýok, biz adam görmedik, ýöne ol aýal adammydy? – diýip sorapdyr- lar. Onda olar: − Hawa − diýip jogap beripdirler. Ikinjisi: − Ol gaçyp barýarmydy? – diýip sorapdyr. Olar: − Hawa − diýipdirler. Soň kiçisi: − Ol aýal göwrelimidi? – diýip sorapdyr. Olar: − Hawa − diýipdirler. − Siz biziň gözleýän adamymyzyň hemme salgysyny berýärsiňiz welin, ýene-de «Görmedik» diýýärsiňiz. Biz göz- leýän adamymyzy sizden talap ederis − diýşip, bu ikisi-de Aýaz hanyň ogullarynyň yzyna düşüberipdirler. Bular bir şähere baryp, bir saraýdan kireýine öý alyp, ýaşamaga 21 başlapdyrlar. Ondan soň, töhmet edýän dawagär adamlar goňşy ýurduň patyşasynyň ýanyna baryp arz edipdirler. Patyşa hem ýasawul iberip, üç dogany çagyrypdyr. Olar gelenden soň, patyşa saglyk-amanlyk soraşyp, düýe ýitireniň arzyny soramaga başlapdyr. Düýe ýitiren: − Patyşam, bu adamlar meniň ýitiren düýämiň erkekdigini, guýrugynyň küledigini, gözüniň kördügini öz agyzlary bilen aýdýarlar, emma: «Düýäňi göremzok» diýýärler. Eger bular düýäni görmedik bolsa- lar, onuň hemme salgysyny nireden bilýärler? − diýipdir. Onda patyşa üç dogandan habar sorapdyr. Olaryň iň ulusy: − Erkek düýäniň syňraklarynyň arasy giň bolýar, men onuň yzyny görenimden, erkekdigini bildim − diýipdir. Ortanjysy: − Ol düýe ýoluň ortasyna gumalaklapdyr, eger guýrugy küle bol- madyk bolsa, ýoluň iki gapdalyna gumalaklardy. Men şondan bilýärin – diýipdir. Iň kiçi doganlary: − Ol düýe hemişe ýoluň bir tarapyndan otlap gidipdir, şondan men onuň bir gözüniň kördügini bilýärin – diýipdir. Ondan soň, patyşa aýal ýitiren iki adamyň arzyny diňläpdir. Olar: − Patyşam, bular aýalyň ýitendigine, onuň gaçyp barýandygyna, göwrelidigine çenli salgy berýärler-de, ýene-de: «Biz göremzok» diýýär- ler. Ine, biz şuňa haýran – diýipdir. Patyşa: − Siz ol aýaly gördüňizmi? − diýip, doganlardan sorapdyr. Onda olar: − Ýok, patyşamyz, biz yzyny görüp bildik − diýipdirler. Patyşa: − Men hem bir zat getireýin, şonuň içinde näme bardygyny biliň, eger bilmeseňiz, siz ogry − diýipdir Üç dogan: − Getiriň, getirseňiz − diýipdirler. Patyşa bir sandygy getirip: − Ine, şu sandygyň içinde näme bardygyny aýdyp beriň − diýipdir. Oglanlaryň ulusy sandygyň gapagyny kakypdyr-da: − Öz-ä sandygyň içindäki togalak zat − diýýär. Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler 22 Türkmen halk döredijiligi Ortanjysy: − Özi togalak bolsa, daşam gyzyl bolmalydyr − diýýär. Kiçileri: − Özi togalak, daşy hem gyzyl bolsa, onda bu nardyr − diýýär. Patyşa sandygy açyp görse, içinde, dogrudanam, nar bar eken. Ondan soň patyşa bu arzaçylara: − Siz malyňyzy hem-de ýitiren adamyňyzy başga ýerden gözläň − diýip, olara rugsat beripdir. Üç dogany bolsa, patyşa özüniň myhman tamlarynyň birinde ýerleşdirip, hormat-hezzet etmäge başlapdyr. Ol agşam myhmanlara gowy palaw berip, bir ýasawulyna: − Sen şu gapyň agzynda dur-da, şularyň gürrüňini diňle, näme gürrüň etseler, soň maňa aýdarsyň − diýipdir. Ýasawul hem diňläp durupdyr. Bular nahar iýmäge başlamankalar uly dogany: – Şu naharyň eti haram süýt emip ulalan malyň eti bolsa gerek − diýýär. Kiçi dogany: − Şu naharyň tüwüsi mazarlykda ekilipdir-ow − diýýär. Doganlar naharlaryny iýmän, gije hem geplemän ýatypdyrlar. Ýa- sawul hem bularyň eden gürrüňleriniň hemmesini bolşy ýaly, patyşa habar beripdir. Patyşa et alnan adamy öz ýanyna çagyryp: − Seniň şu günki malyň haram süýt emdirlenmidi? − diýip sorapdyr. Ol hem: − Hawa, patyşam, bir owlagymyz bardy, onuň enesi öldi welin, gan- jygymyzy emip ulaldy – diýipdir. Mundan soň, patyşa tüwi satany öz ýanyna çagyryp: − Sen tüwini nirede ekipdiň? − diýip sorapdyr. Bu adam: − Men tüwini pylan mazarlygyň ýanynda ekipdim − diýipdir. Patyşa üç doganyň akyllaryna haýran bolup, olara kän hormat-hezzet edip, eger isleseler, özüniň ýakyn maslahatçysy edip alyp galjakdygyny aýdanmyş. Ine, şeýlelik bilen Aýaz hanyň ogullary hem akylly-paýhasly adamlar bolup ýetişipdirler. Adyl şanyň sag goluna öwrülip, oňa hemişe ýardam berip, halkyň arasynda uly abraý alypdyrlar. 23 Gojanyň pendi Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir patyşa bar eken. Ol patyşa aýal-erkek diýmän garry adam bolsa, çöle taşladar eken. Bu patyşanyň öz nökerlerinden biriniň garry atasy bar eken. Ol bir gün garry atasyny arkasyna alyp, çöle taşlamak üçin ugraýar. Barýarka, halys ýadap, bir azajyk dynç alaýyn diýip, depäniň üstünde oturýar. Şol wagt atasy loh-loh edip gülýär. Onda ogly: − Ata, men seni çöle taşlamaga barýaryn. Sen bolsa gülýärsiň-le, bu näme boldugy? – diýip soraýar. Atasy: − Oglum, men hem bir wagtlar atamy çöle taşlamak üçin barýarkam, şu depäniň üstünde dynjymy alypdym. «Gülme goňşyňa, geler başyňa» diýenleri boldy. Sen hem edil meniň oturan ýerimde oturdyň. Men şuňa gülýärin, oglum − diýýär. Ogly: − Ata, garramda meni hem çöle eltip taşlarlarmy? − diýip soraýar. Atasy: − Elbetde, oglum. Garraňda senem eltip, çöle taşlarlar − diýýär. − Eý, ata jan, beýle bolsa, men seni taşlajak däl − diýip, ýene-de atasyny alyp, öýüne gaýdýar. Ol atasyny öýüne getirip, bir sandygyň içine salyp, agzyny gulplap goýupdyr. Hiç adama görkezmän, adam ýok wagty sandykdan çykaryp, naharlap adam bar wagty hem sandyga salyp saklap ýörüpdir. Onsoň günlerde bir gün patyşa ähli atlylaryny ýygnap: − Abyzemzem suwundan içmäge gitjek, hemmäňiz şoňa gitmäge şaýyňyzy tutuň − diýip tabşyrypdyr. Bu oglan bolsa öýüne gelip, atasyny sandykdan çykaryp: − Eý, ata jan, patyşamyz: «Abyzemzem suwundan içip geljek» diýýär, ertir ugrajak bolýar − diýipdir. Onda atasy oňa şeýle diýýär: − Eý, oglum, men birnäçe zat öwredeýin, şony etseň, Abyzemzem suwuny taparsyň. Onda oglan: − Eý, atam, men seni hem sandyga salyp, özüm bilen alyp gideýin − diýipdir. Onda atasy: − Bolýar, ýöne sen bir balyk, bir öküz, bäş-on gadak garpyz çigidini alyp, özüň bilen alyp git − diýipdir. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling