Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
12 Türkmen halk döredijiligi − Seniň bagyňdan bolsa, men pylan ýerde suwuň gyrasynda otyrkam, şu alma suw bilen akyp geldi. Menem şuny suwdan aldym-da, birden bil- män, ýarysyny iýäýipdirin. Sen, agam, şu almaň üçin näme alsaň al-da, menden razy bol − diýip, töwella edipdir. Onda bu adam: − Ýok, men bu alma üçin, hiç bir zat aljak-da däl, razy hem boljak däl − diýipdir. Sapa: − Agam jan, men hem seniň ýaly daýhançylyk edýärin, hemişe öz hakyma kaýyldym, şu gezek bu almanyň ýarysyny bilmän iýipdirin. Indi sen pul diýseň, pul bereýin, däne diýseň, däne bereýin, başga zat diýseň, başga zat bereýin ýa-da gapymda hyzmat et diýseň, gapyňda hyzmat edeýin, ýöne sen şu almaň ýaryny iýenim üçin razy bol – diýip ýalbarypdyr. Onda-da bagban razy bolmandyr. Sapa bu adama köp ýalbarypdyr. Ahyry ol adam: − Onda sen, ýagşy ýigit, hol tamda meniň bir gyzym bar, onuň gözi kör, gulagy ker, dili lal, aýagy, eli ýok, şony özüňe aýal edip alsaň, razy bolaýyn − diýipdir. Sapa: − Bolýar, men şindiz öýlenmedik bir oglan, men seniň şol gyzyňy hem alaýyn, ýöne sen şu almaň üçin razy bolsaň bolýar − diýipdir. Onda ol bagban adam: − Hal-ha, hol tamdadyr, baryber − diýen. Bu oglan bu tamyň işigini açyp, içine girip görse, bir owadan gyz uklap ýatan eken. Bu oglan içinden: «Alla janlarym, men bu tama ýalňyşyp giräý- dimmikäm, bu gyz bagbanyň salgy berşi ýaly bolmady-la» diýip oýla- nypdyr. Sapa bagbanyň ýanyna gaýdyp gelipdir-de: − How, agam, bu gyz seniň aýdyşyň ýaly bolmady-la ýa-da men tama ýalňyş girdimmikäm? − diýipdir. Bagban: − Ýok, sen ýalňyşan dälsiň, meniň aýdýan gyzym hem edil şol bolmaly − diýipdir. Sapa: − Onda näme bu gyzyň gözi kör, gulagy ker, dili lal, eli ýok, aýagy ýok, ýöne bir tokga etdir diýdiň? − diýipdir. Bagban: − Dogry, şeýledir: gözi kör diýenim, ol kitabyň hatyndan başga 13 zady görmeýär, hemişe şoňa seredip otyr. Gulagy ker diýenim, ol şol okaýan zadyndan başga zady eşitmeýär. Dili lal diýenim, ol hemişe kitap bilen sözleşip otyr. Eli ýok diýenim, onuň elinde mydama kitap, onuň eli başga zat tutmaýar. Aýagy ýok diýenim, ol bolar-bolmaz ýerde görnüp ýörenok − diýipdir. Sapa: − Boldy, indi düşündim, ýöne men ýene bir zat sorajak, ol-da men şu almanyň eýesini gözlap gelýärkäm, öňümden bir bag çykdy, onuň bir bagbany bar eken, saçy, sakgaly çuw ak eken. Ol: «Beýlede meniň agam bardyr, şonuň bagyndan bolaýmasa, meniň bagymdan däl» diýdi. Men onuň ýanyna gelip görsem, onuň saç-sakgaly ol inisiniňki ýaly ak bolman, ýaňy mäş-bürünç bolupdyr. Ol hem: «Bu alma meniň bagym- dan däl, beýlede meniň agam bardyr, belki, bu şonuň bagyndandyr» diýdi. Ine, indem seniň ýanyňa geldim. Seniň saç-sakgalyňda ýekeje-de ak ýok. Bu nämäniň nyşany, oňa nähili düşünmeli? – diýip sorapdyr. Onda ol adam: − Dogry, şol birinji gören bagbanyň biziň kiçi inimiz. Ol öz aýaly bilen birneme agzalarak ýaşaýar, şonuň üçin onuň saç-sakgaly agaryp, zehini köp ýanýar. Ikinji göreniň biziň ortanjy doganymyz. Ol maşgalasy bilen kiçi doganymyza garanda gowurak ýaşaýar. Şonuň üçin onuň saç-sakgaly ýaňy mäş-bürünç bolandyr. Ynha, men iň ulusy. Biziň maşgalamyzda agzalalyk diýen zat bolmaz, bizde mydama bahar- ýaz, şonuň üçin men garramaýaryn, gaýtam, gün geldikçe ýigdelýärin − diýipdir. Sapa bu bagbanyň aýdanlaryna haýran galypdyr, alma üçin ol bagbany razy edip, hoşlaşyp, hälki owadan gyzy hem özi bilen alyp gaýdypdyr. Öýlerine gelip, uly toý berip, bu gyz bilen döwran sürmäge başlapdyr. Aý geçýär, gün geçýär, bularyň bir ogly bolýar. Bu oglan ýuwaş hem akylly ekeni. Ol ýedi ýaşyna ýetýar. Onuň hiç kim bilen işi ýok. Bularyň bir garry baba goňşusy bar eken. Ol öwünjeňräk ekeni. Ol gar- ry: − Menden akylly adam şindi dünýa inen däldir − diýer eken. Gün- lerde bir gün ýaňky baba ýer gazyp durka, gapagy berk bagly sandyk çykypdyr. Baba munuň içinde gyzyl bar bolaýmasyn diýip, derrew onuň gapagyny açyp barlamak bilen bolupdyr. Sandygy açsa, ondan bir in- çejik ýylan çykyp, babanyň boýnuna çolaşypdyr. Öň daşaryny görman, Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling