Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet3/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler


10
Türkmen halk döredijiligi
barýarka, ýakasyndan ýylan girip başlaýar. Ol begenip: «Düýş gördüm» 
diýip tursa, köýneginiň içinde bir ýylan gezip ýör.
Ol ýylandan:
−Sen näme üçin meniň içime girýärsiň? − diýip sorapdyr.
Ýylan hem oňa:
− Sen näme ýalandan «içim towlaýar» diýip, düýş görjek bolýarsyň? 
− diýip aýdypdyr. 
Onda ol adam:
− Sen bilýärmiň, ýylan! Düýn bir garyp şunuň ýaly ýatyp düýş görüp, 
gyzyl tapan ekeni − diýipdir.
Ýylan:
− Ol garyp, onuň içi towlany hak, uklanam, düýş görenem çyn. Sen 
bolsa ýalan sözleýärsiň. Onsoňam, seniň näme altynyň ýokmy? Sen açgöz 
adam. Sen tiz şu ýerden göteril, bolmasa, işiňi gaýtararyn − diýip, ýylan ol 
adama aýdypdyr.
Onda ol adam ýylana şeýle diýipdir:
− Näme diýsene, ýylan, men şu ýerden altyn alman gitjek däl. Men 
näme şol garypça ýokmy, artykdyryn hem. 
Onda ýylan:
− Sen gitmeseň, men seni çakaryn − diýipdir. Onda ol adam ýylany 
gorkuzjak bolýan ýaly sesine bat berip:
− Synanyp göräý, eger çakaýsaň özüňe erbet bolar, men seni edil 
dünýä gelmedik ýaly ederin − diýipdir. 
Ýylan onuň edil egninden jasladyp alypdyr hem ýakasyndan çykyp, 
arkaýyn süýnüp gidipdir.
Betpäl baý ýylan çakan dessine, ýylana-beýlekä eli degmän, şolbada 
ýykylypdyr. 
Bagtyna, onuň guma bulaşyp ýatanyny çölde goýun bakyp ýören 
çopan görüpdir. Huşuny ýitireňkirlän açgöz baý, çopana özüni ýylan ça-
kandygyny zordan düşündirip, egnini, ýylanyň çakan ýerini görkezipdir. 
Çopan gyssagara oňa ýylan çakanda edil-ýän ähli emi edip, çäkmenine 
dolap, eşegine ýükläp oba getiripdir.
Betpäl baý bu ýaradan ölmändir, ýöne gülmändirem. Ol yrgyldap 
ýören ysgynsyz mahluga öwrülipdir.
Bu waka uly il haýygyp, geň galyp gürrüň edipdirler.


11
Akylly daýhan
Gadym wagtda Sapa diýen daýhan oglan bar eken. Bu oglan ekýän 
ekinlerine örän yhlas bilen sereder eken, şonuň üçin onuň her ýylky alýan 
hasyly ýere-göge sygmazmyşyn. Ol örän sap ýürekli, hiç kimiň zadyna göz 
gyzdyrmaýan eken. Günlerde bir gün Sapa ekinlerini suwaryp ýörkä, ýap 
bilen bir gyzyl alma akyp gelipdir. Daýhan oglan almany suwdan alyp, ony 
iýip başlapdyr. Ol birdenka: 
− Be, bu näme boldugy boldy, men bu almanyň eýesinden soraman, 
ondan rugsat alman, munuň ýarysyny iýäýdim-le − diýip pikir edipdir. Ony 
Sapa biedeplik saýypdyr we almanyň ýarysyny iýenine gynanyp, onuň eýe-
sini razy etmek üçin almanyň akyp gelen ugruna tarap ýabyň boýy bilen 
gidipdir. Az ýöräp, köp ýöräp, bir bagbanyň üstünden barypdyr. Görse, 
saçy, sakgaly ap-ak bir bagban gezip ýör eken. Oglan bu adam bilen sag-
lyk-amanlyk soraşyp, elindäki ýarty almany görkezip:
− Agam, şu alma seniň bagyňdan dälmi? − diýip sorapdyr. Ýasuly 
alma seredip:
− Ýok, inim, bu alma meniň bagymyň miwesinden däl, menden 
aňyrda meniň agamyň bagy bardyr, bu alma, belki, şonuňkydandyr, şoňa 
görkez − diýipdir.
Sapa ýene-de ýabyň boýy bilen gidiberipdir, ahyry öňünden ýene bir 
uly bag-bakjalyk çykypdyr. Görse, bagyň içinde saç-gakgaly mäş-bürünç 
bolan bir bagban suw tutup ýör eken.
Sapa bu adam bilen saglyk-amanlyk soraşyp:
− Agam, şu alma seniň bagyňdan dälmi? − diýip sorapdyr.
Ýaşuly bu almany görüpdir-de:
− Ýok, bu alma meniň bagymdan däl, beýlede meniň agamyň bagy 
bardyr, belki, bu şonuň bagyndandyr − diýipdir.
Bu oglan ýene-de ýabyň boýuny syryp gidiberipdir, ahyry öňünden 
bir uly baglyk çykypdyr. Munuň hem içinde saçy, sakgaly kömür ýaly hüýt 
gara bir adam ýer depip ýören eken.
Sapa bu adamyň ýanyna gelip, saglyk-amanlyk soraşýar-da, elindäki 
almasyny görkezip:
− Agam, şu alma seniň bagyňdan-a däldir-dä? − diýip sorapdyr.
Bu adam alma seredip:
− Hawa, bu alma meniň bagymdan − diýipdir.
Sapa:

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling